Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

«Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris

«Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris

BABYŇ TEMASY

Ýehowa halkyna kem-kemden has guramaçylykly bolmagy öwredýär

1, 2. 1895-nji ýylyň ýanwarynda «Sion garawul diňine» nähili özgerişik girizildi we bu doganlara nähili täsir etdi?

 MUKADDES ÝAZGYLARY öwrenýän Jon Bonet atly yhlasly dogan 1895-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalyny alanda örän geň galýar. Žurnalyň daşky sahypasy düýbünden başgaçady. Onuň daşyndaky suratda tupan turup duran deňziň içinde çyraly diň bardy we onuň yşygy garaňky asmany ýagtylandyrýardy. Şol žurnalda täze girizilen özgerişik barada aýdylýan bildiriş «Biziň täze keşbimiz» diýip atlandyryldy.

2 Jon Bonet dogan bu žurnalyň özünde galdyran täsiri barada Rassel dogana hat ýazyp: «„Garawul diňi“ žurnalynyň daşynyň özgerendigine begenýärin. Ol diýseň göze ýakymly» diýýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Jon Braun atly başga bir wepaly dogan žurnalyň daşy barada şeýle ýazýar: «Güýçli tupan turup, tolkunlar ursa-da, diňiň berk durandygy diýseň haýran galdyrýar». Žurnalyň daşynyň täzelenmegi doganlar üçin şol ýyl ilkinji özgerişik bolsa-da, iň soňkusy däldi. Olar noýabr aýynda başga bir uly özgerişik barada bildiler. Geň galaýmaly, şol özgerişigi hem tupan turýan deňiz bilen baglanyşdyryp bolýardy.

3, 4. 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňinde» haýsy meselä seredildi we nähili düýpli özgerişik barada habar berildi?

3 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda «Garawul diňinde» çap edilen uly makalada bir wajyp meselä seredildi. Onda tupan ýaly agyr kynçylyklaryň Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň guramasyndaky parahatlygy bozýandygy barada aýdyldy. Doganlar köplenç ýygnaklarynda kimiň baş bolmalydygy hakda jedelleşýärdiler. Olara ýygnakda bölünişik döredýän bäsdeşligi aýyrmaga kömek etmek üçin, şol makalada gurama gämi bilen deňeşdirildi. Şeýle-de ýolbaşçylyk edýän doganlaryň guramany tupana taýýarlap bilmändigi açyk aýdyldy. Onda näme etmelidi?

4 Makalada bellenip geçilişi ýaly, başarjaň kapitan gämide ýeterlikli halas ediş serişdeleriniň bolmagynyň aladasyny edýär we tupan turup başlamanka, deňizçi toparyň lýuklary jebis ýapmaga taýyndygyna göz ýetirýär. Şonuň ýaly-da, guramada ýolbaşçylyk edýän doganlar ähli ýygnaklaryň tupan ýaly ýagdaýlara öňünden taýýarlanmagynyň aladasyny etmelidi. Şol sebäpli makalada bir düýpli özgerişik barada habar berlip, «sürä gözegçilik etmek üçin» haýal etmän ýaşulularyň bellenilmelidigi aýdyldy (Res. iş. 20:28).

5. a) Ýaşulularyň bellenmegi näme üçin tüýs wagtynda ädilen ädim diýse bolar? b) Biz haýsy soraglara serederis?

5 Ýaşulularyň bellenmegi ýygnagy berkitmek üçin tüýs wagtynda ädilen ädim boldy we doganlara I Jahan urşy sebäpli ýüze çykan kynçylyklaryň ählisine döz gelmäge kömek etdi. Şondan soňky ýyllarda guramaçylykly hereket etmek üçin girizilen özgerişikler Hudaýyň halkynyň Ýehowa has gowy gulluk etmegine ýardam etdi. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy pygamberliginde bu ösüş barada aýdylýar? Siz guramaçylyk taýdan girizilen haýsy özgerişigiň şaýady bolduňyz? Bu size nähili peýda berdi?

«Parahatçylygy baştutanyň... edip bellärin»

6, 7. a) Işaýa 60:17-däki sözler nämäni aňladýar? b) Pygamberlikde «baştutan» we «gözegçi» diýen sözleriň agzalmagy nämäni görkezýär?

6 Şu kitabyň 9-njy babyndan bilşimiz ýaly, Işaýa pygamber Ýehowanyň öz halkyny bereketlejekdigini we olaryň sanynyň artjakdygyny öňünden aýtdy (Iş. 60:22). Emma Ýehowa has köp zady wada berdi. Şol pygamberlikde Hudaý: «Men bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin; agaç ýerine bürünç, daş ýerine demir bererin. Men parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin» diýýär (Iş. 60:17, TD). Bu pygamberlik nämäni aňladýar? Munuň bize nähili degişli ýeri bar?

Erbet zat gowa däl-de, gowy zat has gowusyna çalşylýar

7 Işaýanyň pygamberliginde bir zadyň başgasyna çalşyryljakdygy aýdylýar. Emma üns beren bolsaňyz, erbet zat gowa däl-de, gowy zat has gowusyna çalşylýar. Bürünjiň ýerine altynyň berilmegi ösüşiň alamatydyr. Pygamberlikde agzalýan beýleki zatlar barada hem şeýle diýse bolar. Şeýdip, Ýehowa halkynyň ýagdaýynyň gitdigiçe gowulanjakdygyny öňünden aýtdy. Bu pygamberlikde nähili ösüşler barada aýdylýar? Ýehowa «baştutan» we «gözegçi» diýen sözleri agzamak bilen, kem-kemden boljak ösüşleriň Hudaýyň halkynyň guramaçylykly hereket etmegi hem-de olaryň aladasynyň edilmegi bilen bagly boljakdygyny görkezdi.

8. a) Işaýanyň pygamberliginde agzalýan ösüşler kim tarapyn bolýar? b) Özgerişikleriň bize nähili peýdasy bar? (Şeýle-de « Ol düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul etdi» diýen çarçuwa serediň).

8 Guramaçylyk babatda şeýle özgerişikleri kim girizýär? Ýehowa: «Men... altyn... kümüş bererin... Men parahatçylygy... bellärin» diýýär. Dogrudan-da, ýygnaklaryň guramaçylykly bolmagynda gazanylýan ösüşler ynsanyň däl-de, Ýehowanyň güýji bilen bolýar. Isa Patyşa bellenensoň, Ýehowa bu özgerişikleri Ogly arkaly edýär. Olaryň bize nähili peýdasy bar? Şol aýatda, ýagny Işaýa 60:17-de ösüşleriň «parahatçylyk» we «dogrulyk» getirjekdigi barada aýdylýar. Eger biz Hudaýyň görkezmesini kabul edip, gerekli özgerişleri etsek, onda biziň aramyzda parahatlyk höküm sürer hem-de dogrulyga bolan söýgi Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, parahatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge höweslendirer (Flp. 4:9).

9. Ýygnaklardaky tertip-düzgüniň hem-de agzybirligiň özeni näme we näme üçin şeýle diýse bolar?

9 Pawlus resul Ýehowa barada: «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, parahatlyk Hudaýydyr» diýip ýazdy (1 Kor. 14:33). Üns beren bolsaňyz, Pawlus tertipsizlik sözüniň gapma-garşysyna tertip däl-de, parahatlyk sözüni ulandy. Näme üçin? Aslynda, tertip gönüden-göni parahatçylyga eltmeýär. Mysal üçin, goşun esgerleri nyzama düzülip, tertip-düzgün bilen guramaçylykly hereket edýär. Emma bu parahatçylyga däl-de, urşa eltýär. Şol sebäpli biz mesihçiler hökmünde bir wajyp zady unutmaly däl: tertip-düzgün bilen hereket etse-de, parahatçylygy bolmadyk islendik gurama iru-giç dargaýar. Munuň tersine, Hudaýyň parahatçylygy ebedi dowam edýän tertip-düzgüni emele getirýär. Şol sebäpli biz «parahatlyk berýän Hudaýyň» guramamyzy ugrukdyryp, arassalaýandygyna örän begenýäris (Rim. 15:33). Hudaýyň parahatçylygy bize peýda berýän tertip-düzgüniň we bütin dünýädäki ýygnaklarymyzda höküm sürýän hakyky agzybirligiň özenidir. Biz muny diýseň gymmat saýýarys! (Zeb. 29:11).

10. a) Öňki ýyllarda guramada nähili özgerişikler boldy? (« Ýygnaklara gözegçilik etmekde girizilen özgerişikler» diýen çarçuwa serediň). b) Biz häzir haýsy soraglara serederis?

10 « Ýygnaklara gözegçilik etmekde girizilen özgerişikler» diýen çarçuwada öňki ýyllarda guramamyzda tertip-düzgün babatda girizilen peýdaly özgerişikler sanalyp geçilýär. Emma şondan soň Ýehowa nädip Patyşamyz arkaly bize «bürünç ýerine altyn» berdi? Bu özgerişikler bütin dünýädäki ýygnaklaryň parahatlygyny we agzybirligini nädip berkitdi? Olar size «parahatlyk Hudaýyna» gulluk etmäge nädip ýardam edýär?

Isanyň ýygnaga ýolbaşçylyk edişi

11. a) Mukaddes Ýazgylaryň çuňňur öwrenilmegi nämä aýdyň düşünmäge kömek etdi? b) Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary näme etmegi ýüregine düwdüler?

11 1964—1971-nji ýyllarda ýolbaşçylyk maslahatynyň gözegçiligi bilen, Mukaddes Ýazgylar çuňňur özleşdirilip, esasanam, I asyrda mesihçiler ýygnagynyň nähili hereket edendigi barada gowy gözleg geçirildi a. Şeýdip, I asyrdaky ýygnaklara diňe bir ýaşulynyň ýa-da gözegçiniň däl-de, ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk edendigine göz ýetirildi (Filipililer 1:1; 1 Timoteos 4:14-nji aýatlary okaň). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary muňa gowy düşünip, Hudaýyň halkynyň guramasyny gowulandyrmak üçin, Patyşa Isa Mesihiň olary ugrukdyrýandygyna göz ýetirdiler we Patyşanyň görkezmesine tabyn bolmagy ýüregine düwdüler. Olar guramanyň hereket edişiniň Mukaddes Ýazgylara doly laýyk gelmegi üçin, ýaşulularyň bellenmegi babatda dessine özgerişik etdiler. Geliň, 1970-nji ýyllaryň başynda girizilen käbir özgerişiklere seredeliň.

12. a) Ýolbaşçylyk maslahaty bilen bagly nähili özgerişik boldy? b) Ýolbaşçylyk maslahatynyň häzir nädip guramaçylykly hereket edýändigini düşündiriň. (Şeýle-de 130, 131-nji sahypalardaky « Ýolbaşçylyk maslahaty Patyşalygyň bähbitleriniň aladasyny edýär» diýen çarçuwa serediň).

12 Ilkinji özgerişik ýolbaşçylyk maslahaty bilen bagly boldy. Şol wagta çenli ýolbaşçylyk maslahaty Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) direktorlar maslahatynyň agzasy bolan ýedi sany mesh edilen dogandan ybaratdy. Emma 1971-nji ýylda ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň sany 7-den 11-e çenli artdy we soňra olar direktorlar maslahatyndan tapawutlanýardy. Bu doganlar özlerini biri-birinden ýokary tutmaýardylar we ýolbaşçylyk etmek borjuny her ýyl elipbiý tertibi boýunça çalşyp durýardylar.

13. a) 40 ýylyň dowamynda ýygnaklarda nähili düzgün bardy? b) 1972-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty näme etdi?

13 Indiki girizilen özgerişik ýygnaklaryň ählisine täsir etdi. Nädip? 1932—1972-nji ýyllarda ýygnakda, esasan, diňe bir dogan gözegçilik edýärdi. 1936-njy ýyla çenli şol dogan wagyz ýolbaşçysy, soňra birleşik gözegçisi, ondan soň ýygnagyň gullukçysy, iň soňunda bolsa ýygnagyň gözegçisi diýip atlandyryldy. Bu jogapkär doganlar süriniň ruhy abadançylygynyň aladasyny etmek üçin yhlasly zähmet çekýärdiler. Adatça, gözegçi dogan ýygnak bilen bagly meselelerde karara gelende, beýleki doganlar bilen maslahatlaşmaýardy. Emma 1972-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty düýpli özgerişik girizdi. Ol nähili özgerişik?

14. a) 1972-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda nähili düzgün güýje girdi? b) Ýaşulular maslahatynyň koordinatory Filipililer 2:3-däki maslahata nädip eýerýär?

14 Indi her ýygnaga diňe bir dogan däl-de, Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelip, ýaşuly bellenen doganlardan ybarat ýaşulular maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Bu täze düzgün 1972-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje girdi. Şu günler ýaşulular maslahatynyň koordinatory özüni beýleki ýaşululardan ýokary däl-de, «pes» tutýar (Luka 9:48). Dogrudan-da, şeýle kiçigöwünli doganlar bütindünýä doganlygymyz üçin uly bereket! (Flp. 2:3).

Patyşamyz paýhasly hereket edip, şägirtlerine gerekli çopanlary öz wagtynda berdi

15. a) Ýygnaklara ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk etmegi nähili peýda berdi? b) Patyşamyzyň paýhasly hereket edendigini nämeden görse bolýar?

15 Ýygnaga diňe bir adamyň däl-de, ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk etmegi esasy üç tarapdan peýda berdi. Birinjiden, ýygnakda nähili agyr jogapkärçiliginiň bardygyna garamazdan, ýaşulularyň ählisi ýygnagyň başynyň Isa Mesihdigine doly düşündiler (Efes. 5:23). Ikinjiden, Süleýmanyň tymsallary 11:14-de aýdylyşy ýaly, «maslahatçylaryň köp ýerinde ýeňiş bardyr». Eger ýaşulular ýygnagyň ruhy abadançylygyna täsir edýän meseleler babatda özara söhbetdeş bolup, biri-biriniň teklibini göz öňünde tutsalar, onda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä karara gelmek aňsat bolýar (Sül. tym. 27:17). Ýehowa şeýle kararlary patalaýar we olar üstünlik getirýär. Üçünjiden, ýygnaklaryň sany gün-günden artsa-da, ýaşuly bolup gulluk edýän ukyply doganlaryň köpdügi üçin, Ýehowanyň guramasy ýygnaklara gözegçilik edip, çopançylyk kömegini berip bilýär (Iş. 60:3—5). Oýlanyp görüň, 1971-nji ýylda bütin dünýäde 27 müňden gowrak ýygnak bardy. 2013-nji ýylda olaryň sany 113 müňden gowraga ýetdi! Görşümiz ýaly, Patyşamyz paýhasly hereket edip, şägirtlerine gerekli çopanlary öz wagtynda berdi (Mika 5:5).

Çikagoda ýaşaýan Rouz Suingl uýa: «Biz ýaşululara sag elimizi galdyryp ses berýärdik. Soňra dogan setirme-setir aýlanyp, ses berenleri sanaýardy» diýýär (ABŞ, Illinoýs ştaty).

«Sürä görelde boluň»

16. a) Ýaşulularyň nähili jogapkärçiligi bar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň goýunlaryny bakmak baradaky tabşyrygyna nähili garadylar?

16 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hem ýaşulularyň öz imandaşlaryna Hudaýa wepaly galmaga kömek etmelidigine düşünýärdiler (Galatýalylar 6:10-y okaň). 1908-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda çap edilen bir makalada Isanyň: «Guzularymy bak» diýen tabşyrygy düşündirildi (Ýahýa 21:15—17). Şol makalada ýaşululara şeýle diýildi: «Halypamyzyň sürini bakmak babatda beren tabşyrygyny ýürekden gymmat saýyp, onuň şägirtleriniň aladasyny etmegi we olary iýmitlendirmegi uly hormat hasaplamak örän wajypdyr». 1925-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» hem ýaşulularyň çopançylyk etmek borjunyň wajypdygy bellenip geçilip, şeýle ýatlatma berildi: «Ýygnak Hudaýyňky... Ol jogapkärli borçlara bellenenleriň ählisinden doganlaryna nädip gulluk edendigi barada hasabat sorar».

17. Ökdelik bilen çopançylyk etmäge gözegçilere näme kömek edýär?

17 Ýehowanyň guramasy ýaşulularyň çopançylyk etmek ukybynyň demirden kümşe öwrülmegine nädip kömek etdi? Gurama olara tälim berdi. 1959-njy ýylda ilkinji gezek gözegçiler üçin Patyşalyk gullugynyň mekdebi geçirildi. Şol sapaklaryň birinde «Her bir adam bilen ýürekden gyzyklanyň» diýen tema seredildi. Jogapkär doganlar «wagyzçylary öýünde idemek üçin gün tertibini düzmäge» höweslendirildi. Sapagyň dowamynda şeýle idegleri nädip has ruhlandyryjy edip bolýandygynyň dürli usullaryna seredildi. 1966-njy ýylda Patyşalyk gullugynyň mekdebi täze meýilnama boýunça geçirilip başlandy. Şonda «Çopançylyk etmegiň ähmiýeti» diýen tema öwrenildi. Sapagyň esasy maksady nämeden ybaratdy? Ýolbaşçylyk edýän doganlar «Hudaýyň sürüsiniň söýgi bilen aladasyny etmelidiler, emma maşgalasyny we wagyz gullugyny gözden salmaly däldiler». Soňky ýyllarda ýaşulular üçin başga-da ençeme mekdepler geçirildi. Ýehowanyň guramasynda yzygiderli berilýän şeýle tälimler nähili netije berýär? Şu günler mesihçiler ýygnagynda ukyply doganlaryň müňlerçesi ruhy çopan bolup gulluk edýär.

Patyşalyk gullugynyň mekdebi, 1966-njy ýyl

18. a) Ýaşululara nähili uly jogapkärçilik ynanyldy? b) Ýehowa bilen Isa agyr zähmet çekýän ýaşululary näme üçin söýýär?

18 Ýehowa ýygnak ýaşulularyny Patyşamyz Isa Mesih arkaly jogapkärli işe belleýär. Bu nähili iş? Olar Hudaýyň sürüsine adamzat tahyrynyň iň kyn döwründe ýolbaşçylyk etmeli (Efes. 4:11, 12; 2 Tim. 3:1). Ýehowa bilen Isa Mesih agyr zähmet çekýän ýaşuly doganlary örän söýýär. Sebäbi ýaşulular Mukaddes Ýazgylardaky: «Özüňize ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň... meýletinlik bilen... höwes bilen gulluk ediň... sürä görelde boluň» diýen tabşyryga gulak asýarlar (1 Pet. 5:2, 3). Geliň, mesihçi ýaşulularyň haýsy iki ýagdaýda sürä görelde bolýandygyna we ýygnaklaryň parahatçylygyna hem-de şatlygyna goşant goşýandygyna seredeliň.

Ýaşulularyň Hudaýyň sürüsine çopançylyk edişi

19. Wagyz gullugynda biziň bilen hyzmatdaşlyk edýän ýaşululara nähili garaýarys?

19 Birinjiden, ýaşulular ýygnagyň agzalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Hoş habarçy Luka: «Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yglan edip başlady. Onuň ýanynda 12 resuly... bardy» diýip ýazdy (Luka 8:1, 2). Isanyň öz resullary bilen bile wagyz edişi ýaly, göreldeli ýaşulular hem imandaşlary bilen wagyz gullugynda eginme-egin işleşýärler. Olar şeýtmek bilen, ýygnagyň agzybirligine uly goşant goşýandyklaryna düşünýärler. Ýygnagyň agzalary ýaşululara nähili garaýar? 90 ýaşlaryndaky Jannin atly uýa: «Men ýaşuly bilen wagza çykanymda, onuň bilen söhbetdeş bolup, ony has gowy tanap bilýärin» diýýär. 35 ýaşly Stewen doganymyz şeýle diýýär: «Ýaşuly bilen öýden-öýe wagyz edenimde, onuň maňa kömek etmek isleýändigini duýýaryn we bu maňa köp şatlyk berýär».

Çopanyň ýiten goýny gözleýşi ýaly, ýaşulular hem ruhy taýdan gowşanlary tapmaga jan edýärler

20, 21. Ýaşulular Isanyň mysalyndaky çopanyň göreldesine nädip eýerip biler? Mysal getiriň. (Şeýle-de « Netijeli idegler» diýen çarçuwa serediň).

20 Ikinjiden, Ýehowanyň guramasy ýaşululara ýygnakdan daşlaşanlaryň aladasyny etmegi öwredýär (Ýewr. 12:12). Ýaşulular ruhy taýdan gowşaklara näme üçin we nädip kömek etmeli? Isanyň çopan we ýiten goýun baradaky mysaly muňa düşünmäge kömek edýär (Luka 15:4—7-nji aýatlary okaň). Mysalda aýdylyşy ýaly, çopan bir goýnunyň ýitendigini bilende, şondan başga goýny ýok ýaly ony gözlemäge gidýär. Ýaşulular bu çopanyň göreldesine nädip eýerýärler? Çopanyň nazarynda şol ýiten goýnuň gymmatynyň gaçmaýşy ýaly, Hudaýyň halkyndan daşlaşan adamlaryň hem ýaşulularyň nazarynda gymmaty gaçmaýar. Olar ruhy taýdan gowşanlara ýiten goýun ýaly garaýarlar we olary tapyp, kömek etmek üçin wagtymyzy biderek sarp edýäris diýip pikir etmeýärler. Gaýtam, çopanyň «ýiten goýnuny gözlemäge» gidişi ýaly, ýaşulular hem ruhy taýdan gowşanlary tapyp, kömek etmek üçin elinde baryny edýärler.

21 Çopan goýnuny tapanda näme edýär? Ol mähir bilen «ony egnine alýar» we sürä getirýär. Şonuň ýaly-da, ýaşulularyň ýürekden edýän aladasy ruhy taýdan gowşanlaryň göwnüni galkyndyryp, ýygnaga dolanmaga kömek edýär. Ýygnak duşuşyklaryna barmagyny bes eden afrikaly Wiktor dogan bilen hem şeýle boldy. Ol: «Men 8 ýyllap wagyz gullugyna gatnaşmasam-da, ýaşulular hemişe maňa kömek etmäge jan edýärdiler» diýýär. Bu dogana, esasan, näme täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň bilen bile Pionerler mekdebinde okan Jon atly ýaşuly dogan bir gün öýümize gelip, mekdep döwründe düşen suratlarymyzy görkezdi. Bu meniň Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden günlerimi ýadyma saldy». Jon doganyň ideginden soň, Wiktor ýygnaga dolandy we häzir ol ýene-de pioner bolup gulluk edýär. Dogrudan-da, aladaçyl ýaşulular biziň şatlygymyza şatlyk goşýar (2 Kor. 1:24) b.

Guramaçylyk taýdan girizilen özgerişikler Hudaýyň halkynyň agzybirligini berkidýär

22. Dogrulyk we parahatçylyk ýygnaklaryň agzybirligini nädip berkidýär? (Şeýle-de « Biz diýseň haýran galdyk» diýen çarçuwa serediň).

22 Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Ýehowa halkynyň arasynda hemişe dogrulygyň we parahatçylygyň artjakdygyny öňünden aýtdy (Iş. 60:17). Bularyň ikisi hem ýygnagyň agzybirligini berkidýär. Nädip? Dogrulyk barada aýtsak, «Hudaýymyz Ýehowa ýeke-täk Hudaýdyr» (Kan. tag. 6:4, TD). Hudaýyň dogry kadalary bir ýurtdaky ýygnakdan başga ýurtdaky ýygnaklarda tapawutlanmaýar. Onuň ýagşy-ýaman babatdaky kadalary «mukaddesleriň ähli ýygnaklarynda» birmeňzeşdir (1 Kor. 14:33). Şol sebäpli diňe Hudaýyň kadalary berjaý edilse, ýygnak gülläp ösýär. Parahatçylyk babatda aýdanymyzda bolsa, Patyşamyz biziň diňe bir ýygnaklardaky parahatlykdan lezzet almagymyzy däl-de, parahatlyk döredýänler bolmagymyzy isleýär (Mat. 5:9). Şol sebäpli biz «parahatlyga eltýän... zatlara ymtylýarys». Biz öz aramyzda döreýän kynçylyklary çözmek üçin güýjümizi gaýgyrmaýarys (Rim. 14:19). Şeýdip, biz ýygnagyň parahatlygyna we agzybirligine goşant goşýarys (Iş. 60:18).

23. Şu günler Ýehowanyň gullukçylary nämeden şatlyk tapýarlar?

23 1895-nji ýylyň noýabrynda çykan «Garawul diňinde» ýaşulularyň belleniljekdigi habar berlende, ýolbaşçylyk edýän doganlar guramaçylyk taýdan girizilen bu özgerişigiň Hudaýyň halkyna «imanda birleşmäge» kömek etmegini isleýändiklerini we bu barada doga edýändiklerini aýtdylar. Geçen ýyllara ser salanymyzda, Ýehowanyň guramaçylykly bolmak babatda Patyşamyz Isa arkaly girizen özgerişikleriniň biziň agzybirligimizi berkidendigini görüp, diýseň begenýäris! (Zeb. 99:4). Şu günler Ýehowanyň bütin dünýädäki halky «agzybirlikde gezip», «şol bir ýoldan ýöräp», «parahatlyk Hudaýyna» «eginme-egin» gulluk etmekden şatlyk tapýar (2 Kor. 12:18; Sefanýa 3:9-y okaň c).

a Şol geçirilen gözlegleriň netijesi «Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin gollanma» atly kitapda çap edildi.

b 2013-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» «Ýygnak ýaşululary „biziň şatlygymyza“ goşant goşýar» diýen makalasyna serediň (sah. 27—31).

c Sefanýa 3:9, TD Şonda milletleriň ählisi Ýehowanyň adyny çagyryp, oňa eginme-egin gulluk edip biler ýaly, men olara arassa dil bererin.