Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI BAP

Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris

Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris

BABYŇ TEMASY

Isa şägirtlerine kanun taýdan resmileşdirilmek we Hudaýyň kanunlaryna görä ýaşamak üçin göreşmäge kömek edýär

1, 2. a) Hudaýyň Patyşalygynyň raýatydygyňyzy näme subut edýär? b) Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin din azatlygy ugrunda göreşmeli bolýar?

 SIZ Hudaýyň Patyşalygynyň raýatymy? Elbetde! Sebäbi sizem Ýehowanyň Şaýady. Siziň raýatlygyňyzyň subutnamasy näme? Munuň subutnamasy pasport ýa-da hökümet tarapyndan berilýän başga resminama däl-de, siziň Ýehowa Hudaýa edýän seždäňizdir. Arassa sežde siziň ynanýan zatlaryňyzdan has köp zady öz içine alýar. Oňa Hudaýyň Patyşalygynyň kanunlaryna gulak asyp ýaşaýandygyňyz hem degişli. Hudaýa edýän seždämiz biziň durmuşymyzyň ähli pudagyna, şol sanda çaga terbiýelemeklige hem-de bejergi babatda gelýän kararlarymyza-da täsir edýär.

2 Biz Hudaýyň Patyşalygynyň düzgünlerini we onuň raýatydygymyzy gymmat saýýarys. Emma bu dünýädäki adamlar bize garşy çykýar. Käbir hökümetler biziň Hudaýa edýän seždämizi çäklendirmäge, hatda wagyz işimizi bütinleý ýatyrmaga-da çalyşýarlar. Isanyň tarapyny tutýanlar Mesihi Patyşanyň kanunlaryna görä ýaşamak hukugy ugrunda wagtal-wagtal göreşmeli bolýarlar. Bu bizi geň galdyrmalymy? Ýok, gadymy döwürde-de Ýehowanyň halky köplenç Hudaýa sežde etmek erkinligi üçin göreşmeli bolýardy.

3. Esteriň günlerinde Hudaýyň halky nähili göreş alyp bardy?

3 Mysal üçin, şa aýaly Esteriň günlerinde Hudaýyň halky diri galmak ugrunda göreşmeli boldy. Näme üçin? Pars patyşasy Ahaşweroşyň (Kserks) weziri zalym Haman hökümdarlykdaky ýehudylaryň «kanunlarynyň beýleki halklaryňkydan üýtgeşikdigini» aýdyp, olaryň ählisini öldürmegi maslahat berýär (Est. 3:8, 9, 13). Ýehowa öz gullukçylaryny goldadymy? Elbetde, Ester bilen Mordekaý Ýehowanyň halkyny goramak üçin Pars patyşasyna ýüz tutanda, Hudaý olary patalady (Est. 9:20—22).

4. Biz şu bapda näme barada gürrüň ederis?

4 Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? Geçen bapdan bilşimiz ýaly, hökümet ýolbaşçylary köplenç Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy çykýarlar. Biz şu bapda hökümetleriň Hudaýa sežde etmäge bize nädip päsgel berjek bolandyklaryna serederis. Biz, esasan, şu üç aýratynlyga üns bereris: 1) biziň gurama hökmünde hereket etmek we Hudaýa isleýşimiz ýaly sežde etmek hukugymyz; 2) Mukaddes Ýazgylara laýyk gelýän bejergileri saýlamak erkinligimiz; 3) ene-atalaryň öz çagalaryny Ýehowanyň kada-kanunlary esasynda terbiýelemek hukugy. Biz Mesihi Patyşalygyň wepaly raýatlarynyň batyrgaýlyk bilen öz raýatlygyny goramak üçin nädip söweşendigi we Hudaýyň olara nähili bereketleri berendigi barada gürrüň ederis.

Kanun taýdan resmileşdirilmek we esasy azatlyklar üçin göreş

5. Ýehowanyň Şaýatlarynyň kanun taýdan resmileşdirilmeginiň nähili peýdasy bar?

5 Ýehowa sežde etmek üçin biz hökman ynsan hökümetleriniň kanuny tarapyndan resmileşdirilmelimi? Ýok, emma biziň işimiz kanun taýdan resmileşdirilse, Hudaýa sežde etmek aňsat bolýar. Mysal üçin, biz Patyşalyk we Kongres zallarymyzda arkaýyn ýygnanyşyp bilýäris, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap edip, dürli ýurtlara iberýäris hem-de hoş habary adamlara hiç hili päsgelçiliksiz wagyz edýäris. Köp ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlary kanun taýdan hasaba alnyp, hökümet tarapyndan ykrar edilen beýleki dinleriň agzalary ýaly, Hudaýa erkin sežde etmek mümkinçiliginden peýdalanýarlar. Emma hökümetler bizi kanun taýdan resmileşdirmese ýa-da biziň esasy azatlyklarymyzy çäklendirjek bolsa näme?

6. 1940-njy ýyllaryň başynda Awstraliýadaky Ýehowanyň Şaýatlary nähili kynçylyga duş geldiler?

6 Awstraliýa. 1940-njy ýyllaryň başynda Awstraliýanyň general-gubernatory biziň dini ynançlarymyzy ýurduň harby-ykdysadyýetine «zyýanly» hasaplady. Soňra Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edildi. Indi olar arkaýyn ýygnanyşyp ýa-da wagyz edip bilmeýärdiler. Netijede, Beýteli ýapdylar, Patyşalyk zallaryny bolsa döwletiň haýryna geçirdiler. Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary saklamak hem gadagandy. Birnäçe ýyl gizlinlikde gulluk eden Awstraliýadaky dogan-uýalara ahyrsoňy ýeňillik berildi. 1943-nji ýylyň 14-nji iýunynda Awstraliýanyň Ýokary kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň işine rugsat berdi.

7, 8. Birnäçe ýylyň dowamynda Russiýadaky dogan-uýalaryň Hudaýa erkin sežde etmek üçin nädip göreşendigini gürrüň beriň.

7 Russiýa. Sowet Soýuzyndaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi ençeme ýyl gadagan edilse-de, ahyrsoňy, 1991-nji ýylda kanun taýdan resmileşdirildi. SSSR darganyndan soň, 1992-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary Russiýanyň hökümeti tarapyndan ykrar edildi. Emma biraz wagt geçensoň, duşmanlarymyzyň käbiri, esasanam, Russiýanyň prawoslaw buthanasy bilen hyzmatdaşlyk edýänler biziň sanymyzyň barha artýandygyna juda gaharlandylar. 1995—1998-nji ýyllarda olar Ýehowanyň Şaýatlaryny bäş gezek jenaýatçylykda aýyplamaga synanyşdylar. Her gezegem Şaýatlary günäkärlemäge delil tapylmaýardy. Emma duşmanlar hüjümini gowşatmadylar. 1998-nji ýylda olar biziň garşymyza graždan talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutdular. Ilki kazyýet Şaýatlaryň bähbidine karar çykardy, ýöne duşmanlar bu höküm babatda şikaýat etdiler we 2001-nji ýylyň maý aýynda şol karar ýatyryldy. Şol ýylyň oktýabr aýynda bu işe täzeden seredilip başlandy. 2004-nji ýylda kazyýet Moskwadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň ulanýan kanuny guramasynynyň işini ýatyrmak we gadagan etmek barada karar çykardy.

8 Şondan soň güýçli yzarlamalar başlandy (2 Timoteos 3:12-ni okaň). Dogan-uýalar kemsidilmelere we ýaňsylamalara duş geldiler. Olaryň edebiýatlaryny elinden aldylar, Hudaýa sežde etmek üçin jaýlary kireýne almak we gurmak kynlaşdy. Şeýle sütemlere sezewar bolan dogan-uýalaryň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň! 2001-nji ýylda Şaýatlar Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutdular we 2004-nji ýylda kazyýete goşmaça maglumat berdiler. 2010-njy ýylda şol kazyýet bu iş babatda karar çykardy. Kazyýet Russiýadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň işiniň gadagan edilmegine dini dawalaryň sebäp bolandygyna göz ýetirdi we Şaýatlaryň hiç birini jenaýatçylykda aýyplamaga delil tapylmandygy üçin, aşaky kazyýetleriň kararlaryny güýçde galdyrmaga esas ýok diýen netijä geldi. Soňra kazyýet Şaýatlaryň işiniň, esasanam, olary kanuny hukuklaryndan mahrum etmek maksady bilen gadagan edilendigini belläp geçdi. Kazyýetiň çykaran karary Şaýatlaryň din azatlyk hukugyny tassyklady. Russiýanyň hökümet ýolbaşçylarynyň käbiri bu karary ýerine ýetirmese-de, kazyýetde gazanylan şeýle ýeňişler Hudaýyň halkyna has batyrgaý bolmaga kömek etdi.

Titos Manussakis (9-njy abzasa serediň)

9—11. Gresiýadaky Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa sežde etmek hukugy ugrunda nädip göreşdiler we bu nähili netije berdi?

9 Gresiýa. 1983-nji ýylda Titos Manussakis dogan Ýehowanyň Şaýatlarynyň kiçiräk topary bilen ýygnak duşuşygyny geçirmek üçin Krit adasyndaky Iraklion şäherinde bir jaýy kireýne alýar (Ýewr. 10:24, 25). Şondan biraz wagt geçensoň, prawoslaw ruhanysy Şaýatlaryň bu jaýda ýygnanyşmagy babatda nägilelik bildirip, polisiýa arz edýär. Näme üçin? Sebäbi Şaýatlaryň ynanýan zatlary prawoslaw buthanasynyň taglymatlaryndan tapawutlanýardy. Şeýlelikde, Titosa we başga-da üç dogana garşy jenaýat işi gozgalýar. Olara jerime salyp, iki aý türmä basýarlar. Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly raýatlary hökmünde Şaýatlar kazyýetiň bu kararyny din azatlygynyň bozulmagy hasaplap, arz edýärler. Döwlet kazyýetleriniň hiç biri gowy netije bermänsoň, olar Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutýarlar.

10 Ahyrsoňy, 1996-njy ýylda şol kazyýet karar çykarýar. Bu bolsa arassa seždäniň duşmanlaryna duýdansyz urgy bolýar. Kazyýet «grek kanuny esasynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň „tanymal din“ diýilmäge laýyk gelýändigini» we aşaky kazyýetleriň kararlarynyň «arz edýänleriň din azatlygyna gönüden-göni täsir edendigini» belläp geçýär. Soňra kazyýet «dini ynançlaryň we olary başgalar bilen paýlaşmak usullarynyň kanuna laýyk gelýändigini kesgitlemäge» Gresiýanyň hökümetiniň ygtyýarynyň ýokdugyny aýdýar. Şeýlelikde, Şaýatlara garşy çykarylan hökümler ýatyrylýar we olaryň erkin sežde etmek hukugy tassyklanýar.

11 Bu ýeňiş Gresiýadaky ýagdaýlary özgertdimi? Gynansak-da, özgertmedi. Kanun taýdan alnyp barlan bu söweşlerden takmynan 12 ýyl geçensoň, 2012-nji ýylda kazyýetde ýene-de şoňa meňzeş işe seredildi. Bu Kassandreýa şäherinde bolan waka bilen baglanyşyklydy. Şol ýerdäki dogan-uýalarymyzyň yzarlanmagyna prawoslaw baş ruhanysy sebäp bolupdy. Döwlet geňeşligi, ýagny Gresiýanyň Ýokary administratiw kazyýeti Hudaýyň halkynyň bähbidine karar çykardy. Bu kararda Gresiýanyň Konstitusiýasynda din azatlygynyň kepillendirilýändigi agzalyp geçildi. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň tanymal din däldigi barada köp aýdylýan aýyplamalar ýalana çykaryldy. Kazyýet: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň taglymatlary gizlin däl, şonuň üçinem olara tanymal din diýse bolar» diýip karar çykardy. Şu günler Kassandreýa şäherindäki kiçijik ýygnagyň agzalary Patyşalyk zalynda ýygnanyşyp, Hudaýa sežde edip bilýändiklerine diýseň begenýärler.

12, 13. Fransiýada duşmanlar nädip «kanunyň adyndan ýamanlyk etmäge» synanyşdylar we netijesi nähili boldy?

12 Fransiýa. Käwagt Hudaýyň halkynyň duşmanlary «kanunyň adyndan ýamanlyk etmäge» synanyşýarlar (Zebur 94:20-ni okaň). Mysal üçin, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Fransiýanyň döwlet salgyt gullugy şol ýurtdaky dogan-uýalaryň ulanýan kanuny guramasy bolan Ýehowanyň Şaýatlarynyň birleşiginiň maliýe ýagdaýyny barlap başlady. Býujet ministri barlagyň maksadyny şeýle beýan etdi: «Bu barlag kanun taýdan ýatyrylmalara we jenaýat işleriniň gozgalmagyna getirip biler... we munuň netijesi özgerişikligiň bolmagyna ýa-da biziň ýurdumyzda birleşigiň işiniň bes edilmegine getirer». Barlagyň netijesinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň birleşiginde hiç hili näsazlyk tapylmasa-da, salgyt gullugy olara ummasyz salgyt saldy. Şeýle köp puly tölemek üçin, doganlaryň filialy ýapyp, ony satmakdan başga alajy galmaýardy. Bu Hudaýyň halkyna güýçli urgy boldy, emma olar ýan bermediler. Şaýatlar dogumly hereket edip, şeýle adalatsyzlyga garşy durdular we 2005-nji ýylda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutdular.

13 2011-nji ýylyň 30-njy iýunynda kazyýet çykaran kararyny yglan etdi. Bu kararda aýdylmagyna görä, adamyň din azatlyk hukugynyň bardygy üçin, diňe adatdan daşary ýagdaýlarda bolaýmasa, dini ynançlaryň we olary başgalar bilen paýlaşmak usullarynyň kanuna laýyk gelýändigini hökümet kesgitlemeli däldi. Şeýle-de kazyýet: «Salgyt... Birleşigiň ähli gerekli serişdelerini elinden alyp, onuň tarapdarlaryny erkin sežde etmek hukugyndan bütinleý mahrum ederdi» diýdi. Şeýlelikde, kazyýet biragyzdan Ýehowanyň Şaýatlarynyň bähbidine karar çykardy. Bu karary ýerine ýetirmek üçin, Fransiýanyň hökümeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň birleşiginiň tölän salgydyny göterimi bilen yzyna gaýtaryp berdi we olaryň emlägini talap etmegini bes etdi. Ýehowanyň halky muňa örän begendi.

Siz adalatsyzlykdan ejir çekýän dogan- uýalarymyz üçin dyngysyz doga edip bilersiňiz

14. Siz Hudaýa erkin sežde etmek ugrunda alnyp barylýan söweşe nädip gatnaşyp bilersiňiz?

14 Gadymy döwürde ýaşan Ester bilen Mordekaý ýaly, şu günlerem Ýehowanyň halky Hudaýyň tabşyryşy ýaly sežde etmek hukugy ugrunda göreşýär (Est. 4:13—16). Sizem bu söweşe gatnaşyp bilersiňizmi? Hawa, siz adalatsyzlykdan ejir çekýän dogan-uýalarymyz üçin dyngysyz doga edip bilersiňiz. Şeýle dogalar yzarlamalara duş gelýän imandaşlarymyza gowy goldaw bolýar (Ýakup 5:16-ny okaň). Eýsem, Ýehowa bu dogalara jogap berýärmi? Elbetde, kazyýetde gazanan ýeňişlerimiz hem munuň aýdyň subutnamasydyr! (Ýewr. 13:18, 19).

Dini ynançlarymyza laýyk gelýän bejergileri saýlamak hukugymyz

15. Hudaýyň halky gan babatda karara gelende nämeleri göz öňünde tutýar?

15 Şu kitabyň 11-nji babynda belläp geçişimiz ýaly, häzir gan goýbermeklik bütin dünýäde giňden ýaýran bolsa-da, Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary gandan gaça durmak babatda Mukaddes Ýazgylarda berilýän aýdyň görkezmä eýerýärler (Gel. çyk. 9:5, 6; Lew. 17:11; Resullaryň işleri 15:28, 29-njy aýatlary okaň). Biz gan goýbertmäge razylaşmasak-da, özümiz we ýakynlarymyz üçin iň gowy bejergileri almak hem-de Hudaýyň kanunlaryna laýyklykda hereket etmek isleýäris. Köp ýurtlaryň Ýokary kazyýetleri adamlaryň dini ynançlaryna we ynsabyna görä bejergi saýlamak ýa-da ondan ýüz döndermek hukugyna hormat goýýarlar. Emma käbir ýerlerde Hudaýyň halky bu mesele babatda agyr synaglara duş gelýär. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

16, 17. Lukmanlaryň haýsy hereketi Ýaponiýadaky uýamyza erbet täsir etdi we Hudaý onuň dogalaryna nähili jogap berdi?

16 Ýaponiýa. Ýaponiýada ýaşaýan 63 ýaşly Misaýe Takeda atly öý hojalykçy aýala agyr operasiýa etmeli bolýar. Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly raýaty hökmünde ol öz lukmanyna gansyz bejergi almak isleýändigini açyk düşündirýär. Emma operasiýa edilenine birnäçe aý geçensoň, Takeda uýa özüne gan goýberilendigini bilip, gaty biynjalyk bolýar. Ol özüni kemsidilen we aldanan ýaly duýup, 1993-nji ýylyň iýun aýynda keselhananyň hem-de lukmanlaryň üstünden kazyýete arz edýär. Bu kiçigöwünli we sypaýy aýalyň berk imany bardy. Ol kazyýetde-de birgiden adamyň öňünde gowy güwälik edýär. Onuň saglyk ýagdaýy öwerlik bolmasa-da, bir sagatdan gowrak aýak üstünde durup çykyş edýär. Ol ölmeziniň bir aý öň ýany kazyýete soňky gezek barýar. Bu uýanyň batyrgaýlygy we imany bizi diýseň haýran galdyrýar. Takeda uýa alyp barýan söweşine ak pata bermegini diläp, hemişe Ýehowa doga edendigini aýtdy. Ol dogalarynyň jogapsyz galmajakdygyna ynanýardy. Eýsem, Hudaý oňa nähili jogap berdi?

17 Takeda uýanyň ölüminden üç ýyl geçensoň, Ýaponiýanyň Ýokary kazyýeti onuň bähbidine karar çykaryp, uýanyň närazylygyna garamazdan, oňa gan goýbermek bilen nädogry hereket edilendigini belläp geçdi. 2000-nji ýylyň 29-njy fewralynda çykan kararda adamyň şeýle ýagdaýlarda «karara gelmek hukugyna» «şahsy hukuk hökmünde hormat goýulmalydygy» aýdyldy. Takeda uýanyň Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenen ynsaby esasynda bejergi almak hukugy ugrunda göreşendigi üçin, häzir Ýaponiýadaky Şaýatlar mejbury gan goýberilmeginden gorkman bejergi alyp bilýärler.

Pablo Albarasini (18—20-nji abzaslara serediň)

18—20. a) Argentinanyň şikaýat kazyýeti adamyň gan baradaky şahadatnamasyny ulanmak hukugyny nädip gorady? b) Biz gan babatda Isa Mesihe tabyn bolýandygymyzy nädip görkezip bileris?

18 Argentina. Patyşalygyň raýatlary bejergi babatda gelen kararyny huşsuz ýagdaýa düşenlerinde-de aýan etmek üçin näme edýärler? Biz munuň üçin ýanymyz bilen kanuny resminama göterýäris. Pablo Albarasini doganyň hem şeýle resminamasy bardy. 2012-nji ýylyň maý aýynda Pablo talaňçylaryň zulumyna sezewar bolýar we birnäçe ýerine ok degip ýaralanýar. Pablo huşsuz ýagdaýda keselhana getirilýär. Şonuň üçin ol gan goýbertmek babatda garaýşyny aýdyp bilmeýär. Emma onuň ýanynda doly ýazylyp, dört ýyl mundan öň gol çekilen gan baradaky şahadatnamasy bardy. Pablonyň ýagdaýy gaty agyr bolsa-da we käbir lukmanlar ony halas etmek üçin gan goýbermelidigini aýtsa-da, medisina işgärleri doganymyzyň kararyna hormat goýmak islediler. Emma Pablonyň iman etmeýän kakasy kazyýete baryp, oglunyň islegine garşy çykarylan karary alýar.

19 Pablonyň aýalynyň tarapyny tutýan aklawçy haýal etmän bu babatda kazyýete arz edýär. Birnäçe sagatdan soň, şikaýat kazyýeti aşaky kazyýetiň kararyny ýatyryp, syrkawyň gan baradaky şahadatnamasyndaky islegine hormat goýmaly diýip karar çykarýar. Pablonyň kakasy bu karar babatda Argentinanyň Ýokary kazyýetine arz edýär. Emma Ýokary kazyýet Pablonyň gan baradaky şahadatnamasynyň «belli bir maksat we düşünje bilen meýletin doldurylandygyna şübhelenmäge esas ýokdugyna» göz ýetirýär. Kazyýet: «Hak-hukukly her bir adam öz saglygy babatda öňünden aýdyp bilýär we belli bir bejergini alyp ýa-da ondan ýüz öwrüp bilýär... Ony bejerýän lukman hem onuň garaýşyny göz öňünde tutmaly» diýip belläp geçýär.

Siz gan baradaky şahadatnamany doldurdyňyzmy?

20 Indi Pablo dogan doly sagaldy. Ol aýaly bilen gan baradaky şahadatnamany öz wagtynda doldurandygyna örän begenýär. Ol bu ýönekeý, emma wajyp ädimi ätmek bilen, Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesihe tabyn bolýandygyny görkezdi. Sizem maşgala agzalaryňyz bilen şeýle şahadatnamany doldurdyňyzmy?

Eýpril Kadoret (21—24-nji abzaslara serediň)

21—24. a) Kanadanyň Ýokary kazyýetiniň ýetginjekleriň gan ulanmak meselesi babatda ähmiýetli karar çykarmagyna näme sebäp boldy? b) Bu waka Ýehowanyň ýaş gullukçylaryny nädip ruhlandyryp biler?

21 Kanada. Adatça, kazyýetler ene-atalaryň öz çagalaryna nähili bejerginiň gowy boljakdygyny saýlamaga hukugynyň bardygyna düşünýärler. Käbir kazyýetler hatda kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa-da, ýetişendigini görkezýän ýetginjekleriň hem bejergi babatda garaýşyny göz öňünde tutmaly diýip karar çykardy. Muňa Eýpril Kadoret uýa bilen bolan waka mysal bolup biler. Eýpril 14 ýaşyndaka, güýçli gan akmasy sebäpli keselhana düşýär. Şondan birnäçe aý öň, ol çykgynsyz ýagdaýda-da gan goýbertmek islemeýändigini görkezýän şahadatnamany doldurypdy. Bejergi berýän lukman Eýpriliň açyk aýdan islegini äsgermezçilik edip, oňa gan goýbermäge rugsat edilmegi üçin kazyýete ýüz tutýar. Netijede, oňa mejbury gan goýberýärler. Şondan soň Eýpril özüni edil zorlanan ýaly duýandygyny aýtdy.

22 Eýpril bilen onuň ene-atasy kazyýete ýüz tutýar. Iki ýyldan soň, bu iş Kanadanyň Ýokary kazyýetine geçirilýär. Kazyýet Eýpriliň Konstitusiýa garşy gelýän ýerli kanuny tassyklamak baradaky talabyny kanagatlandyrmasa-da, uýamyzyň kazyýet çykdajylarynyň ödelmelidigini aýdýar. Şeýdip, kazyýet Eýpriliň we bejergi saýlamak hukugyndan peýdalanyp bilýän başga-da ýetginjekleriň bähbidine karar çykarýar. Kazyýet: «Bejergi babatda aýdanymyzda, 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekler belli bir bejergini saýlamak babatda özbaşdak pikirlenip bilýändigini we ýetişendigini görkezer ýaly, olara mümkinçilik bermeli» diýýär.

23 Ýokary kazyýet kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň Konstitusiýadaky hukuklaryny goramak bilen, ähmiýetli karar çykardy. Öňler Kanadanyň kazyýetleri 16 ýaşa ýetmedik çaganyň belli bir bejergisiniň oňa peýdaly boljakdygyna göz ýetirenden soň, rugsat berýärdiler. Emma indi kazyýet 16 ýaşa ýetmedik ýetginjeklere özbaşdak karara gelip bilýändigini görkezmäge mümkinçilik bermese, olaryň islegine garşy gelýän bejergini tassyklap bilmeýär.

«Men Hudaýyň adyny şöhratlandyrmaga we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge azda-kände goşant goşup bilendigime begenýärin»

24 Eýsem, üç ýylyň dowamynda alnyp barlan söweş netijeli boldumy? Hawa, muny Eýpril bilen bolan wakadan hem görse bolýar. Häzir onuň saglyk ýagdaýy gowy we ol umumy pioner bolup gulluk edýär. Eýpril: «Men Hudaýyň adyny şöhratlandyrmaga we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge azda-kände goşant goşup bilendigime begenýärin» diýýär. Eýpriliň mysaly ýaşlaryň hem berk durup, Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly raýatlarydygyny subut edip bilýändigini görkezýär (Mat. 21:16).

Çagalarymyzy Ýehowanyň kada-kanunlary esasynda terbiýelemek hukugymyz

25, 26. Är-aýal aýrylyşanda nähili kynçylyk döräp biler?

25 Ýehowa ene-atalara öz çagalaryny Hudaýyň kada-kanunlary esasynda terbiýelemegi tabşyrýar (Kan. tag. 6:6—8; Efes. 6:4). Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek aňsat däl, är-aýal aýrylyşanda, bu has-da kynlaşýar. Çaga terbiýelemek babatda ene-atalaryň garaýşy biri-birinden tapawutlanyp biler. Mysal üçin, Ýehowanyň Şaýady bolan ene ýa-da ata çagasyny Hudaýyň kada-kanunlaryna görä terbiýelemek islese, onuň iman etmeýän ýanýoldaşy munuň bilen ylalaşmazlygy mümkin. Emma mesihçi aýrylyşmak bilen nika gatnaşyklary kesilse-de, olaryň ikisiniň hem ene-ata bolup galýandygyna düşünmeli.

26 Mesihçiniň iman etmeýän ýanýoldaşy çagasynyň dini terbiýesine gözegçilik etmek üçin, oňa hossarlyk etmek babatda kazyýete ýüz tutmagy mümkin. Käbirleri Ýehowanyň Şaýatlarynyň berýän terbiýesi çaga erbet täsir edýär diýip pikir edýärler. Olar çagalarynyň baýramçylyklardan, meselem, doglan güni bellemekden mahrum bolýandygyny we gyssagly lukmançylyk kömegi berilmeli ýagdaýynda, olaryň «janyny halas edýän» ganyň goýberilmeýändigini aýdýarlar. Her niçik-de bolsa, köp kazyýetler ene-atalaryň haýsysynyň dininiň howpludygyny däl-de, olaryň çagasy üçin nämäniň has gowy boljakdygyny anyklamaga çalyşýarlar. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

27, 28. Ogaýo ştatynyň Ýokary kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň berýän terbiýesi çaga ýaramaz täsir edýär diýen aýyplama babatda nähili karar çykardy?

27 ABŞ. 1992-nji ýylda Ogaýo ştatynyň Ýokary kazyýetinde çaga hossarlyk etmek babatda işe seredilýär. Bir uýamyzyň iman etmeýän ýanýoldaşy Ýehowanyň Şaýatlarynyň berýän terbiýesiniň ogluna erbet täsir etjekdigini aýdyp, kazyýete arz edipdi. Aşaky kazyýet munuň bilen ylalaşyp, çagasyna hossarlyk etmek hukugyny kakasyna beripdi. Çaganyň ejesi Jennifer Peýtere ogly bilen görüşmäge rugsat berilse-de, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlary babatda çagasyna hiç zat öwretmeli» däldigi tabşyryldy. Başgaça aýdanyňda, Jennifer uýa kazyýetiň bu kararyny ýerine ýetirmek üçin, ogly Bobbi bilen Mukaddes Ýazgylar we onuň ahlak kadalary barada asla gürleşip bilmeýärdi. Şonda Jennifer uýanyň özüni nähili duýandygy barada oýlanyp görüň. Bu ýagdaý ony howsala düşürse-de, ol sabyrly bolmagy we Ýehowanyň görkezmesine garaşmagy öwrenendigini aýdýar. Ol: «Ýehowa hemişe meniň ýanymdady» diýip ýatlaýar. Netijede, Jenniferiň aklawçysy Ýehowanyň guramasynyň kömegi bilen Ogaýo ştatynyň Ýokary kazyýetine ýüz tutýar.

28 Ýokary kazyýet «ene-atalaryň çagalaryna tälim bermäge we olara öz dini ynançlary hem-de ahlak kadalary barada gürrüň bermäge doly hakynyň bardygyny» aýdyp, aşaky kazyýetiň çykaran karary bilen ylalaşmaýar. Şeýle-de kazyýet Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlarynyň çaga beden we akyl taýdan zyýan berýändigine subutnama bolmasa, ene-atalaryň haýsy dine uýýandygy esasynda olaryň çagalaryna hossarlyk etmek hukugyny çäklendirmäge kazyýetiň ygtyýarynyň ýokdugyny belläp geçýär. Kazyýet Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlarynyň çaga akyl we beden taýdan ýaramaz täsir edýändigine hiç hili delil tapmaýar.

Köp kazyýetler mesihçi ene-atalaryň öz çagalaryna hossarlyk etmek hukugyny goraýar

29—31. Daniýadaky uýamyz gyzyna hossarlyk etmek hukugyndan näme üçin mahrum edildi we Ýokary kazyýet bu babatda nähili karar çykardy?

29 Daniýa. Anita Hansen uýa hem şeýle ýagdaýa duş geldi. Onuň öňki ýanýoldaşy ýedi ýaşly gyzy Amanda hossarlyk etmek hukugyny almak üçin kazyýete ýüz tutýar. 2000-nji ýylda etrap kazyýeti hossarlyk etmek hukugyny Anita uýa berse-de, çaganyň kakasy bu babatda ýokary kazyýete arz edýär we şol kazyýet etrap kazyýetiniň kararyny ýatyryp, hossarlyk etmek hukugyny oňa berýär. Ýokary kazyýet ene-atalaryň dini ynançlary sebäpli durmuşa garaýşynyň tapawutlanýandygy üçin, düşünişmezlikleri çaganyň kakasy has gowy çözüp biler diýip karar çykarýar. Görşümiz ýaly, Anita uýa Ýehowanyň Şaýady bolany üçin, gyzyna hossarlyk etmek hukugyndan mahrum edilýär.

30 Şeýle agyr synagda Anita uýa käte gaty göwnüçökgünlige düşüp, hatda näme barada doga etjekdigini hem bilmeýärdi. Emma ol: «Rimliler 8:26, 27-nji aýatlardaky sözler maňa teselli berýärdi. Ýehowanyň hemişe maňa düşünýändigini bilýärdim. Ol meni hiç wagt gözden salman, elmydama goldaýardy» diýip ýatlaýar (Zebur 32:8; Işaýa 41:10-njy aýatlary okaň a).

31 Soňra Anita uýa Daniýanyň Ýokary kazyýetine arz edýär. Kazyýet: «Hossarlyk etmek meselesi diňe çaganyň bähbidiniň göz öňünde tutulmagy esasynda çözülmeli» diýip belläp geçýär. Şeýle-de kazyýet çaga hossarlyk etmek babatda karara gelnende, Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlaryna we garaýyşlaryna däl-de, ene-atalaryň düşünişmezlikleri nädip çözýändigine esaslanmalydygyny aýtdy. Kazyýet Anita uýanyň enelik borjuny gowy ýerine ýetirýändigini aýdyp, gyzyna hossarlyk etmek hukugyny oňa gaýtaryp berdi. Şonda ol, gör, nähili begenendir!

32. Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti mesihçi ene-atalary hukuklarynyň kemsidilmeginden nädip gorady?

32 Ýewropanyň başga ýurtlary. Käbir ýagdaýlarda çaga hossarlyk etmek babatdaky meselelere diňe ýurduň ýokary kazyýetinde däl, eýsem, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetinde-de seredilýär. Bu kazyýet ýurduň kazyýetleriniň Ýehowanyň Şaýady bolan we bolmadyk ene-atalaryň diňe dininiň tapawutlanýandygy üçin, olaryň işi babatda dürli kararlary çykarandyklaryny iki gezek belläp geçdi. Galyberse-de, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti şeýle garaýşyň adam hukuklaryny kemsidýändigini we «dini ynançlary sebäpli adamlary ala tutmagyň ýerliksizdigini» aýdyp, karar çykardy. Şol kazyýet bir uýanyň bähbidine karar çykaranda, ol öňki başdan geçiren duýgularyny şeýle beýan etdi: «Men çagalaryma Hudaýyň kada-kanunlary esasynda iň gowy terbiýäni bermek islesem-de, olara erbet täsir edýändigimi aýdanlarynda, maňa gaty agyr degdi».

33. Mesihçi ene-atalar Filipililer 4:5-däki sözlere nädip eýerip biler?

33 Elbetde, mesihçi ene-atalar çagalaryny Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelemek hukugy ugrunda göreşende, paýhasly bolmaga jan edýärler (Filipililer 4:5-i okaň). Olar çagalaryny Hudaýyň kanunlary boýunça terbiýelemek hukugyny gymmat saýsa-da, iman etmeýän ýanýoldaşynyň hem öz çagasyny terbiýelemäge ygtyýarynyň bardygyna düşünýärler. Aslynda, mesihçi ene-atalar çaga terbiýelemek jogapkärçiligine nähili garaýarlar?

34. Mesihçi ene-atalar Nehemýanyň günlerindäki ýehudylardan näme öwrenip biler?

34 Biz Nehemýa pygamberiň günlerinde ýaşan ýehudylaryň mysalyndan köp zady öwrenip bileris. Olar Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmek üçin yhlasly zähmet çekýärdiler. Şeýtmek bilen, olar özlerini we maşgalasyny daş-töweregindäki duşmanlardan goraýandygyna düşünýärdiler. Şol sebäpli Nehemýa ýehudylara: «Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!» diýip çagyryş berdi (Neh. 4:14). Bu söweş ýehudylaryň edýän tagallasyna degýärdi. Şu günler hem mesihçi ene-atalar çagalaryny hakykat ýolunda terbiýelemek üçin elinde baryny edýärler. Olar çagalarynyň mekdepde we başga ýerlerde ýaramaz täsire garşy durmaly bolýandygyna düşünýärler. Çagalar öýde-de habar beriş serişdeleri arkaly erbet täsire düşüp bilýär. Şol sebäpli ene-atalar, ogul-gyzlaryňyzyň ruhy taýdan ösmegi üçin alyp barýan söweşiňiziň edýän tagallaňyza degýändigini unutmaň.

Ýehowanyň arassa seždäni goldajakdygyna ynamly boluň

35, 36. Ýehowanyň Şaýatlarynyň hukuklary ugrunda alyp barýan söweşi nähili peýda berýär we siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

35 Dogrudan-da, Ýehowa öz guramasynyň oňa erkin sežde etmek hukugy ugrunda alyp barýan söweşini patalaýar. Bu söweş arkaly Hudaýyň halky köplenç kazyýetlerde Ýehowa barada gowy şaýatlyk edip, köpçülige-de wagyz edip bilýär (Rim. 1:8). Şeýle-de kanun taýdan gazanýan ýeňişlerimiziň netijesinde, başga adamlaryň hem kanuny hukuklary goralýar. Muňa garamazdan, Hudaýyň halky jemgyýetçilik özgertmelerini girizmäge ýa-da öz dogrulygyny subut etmäge çalyşmaýar. Ýehowanyň Şaýatlary, esasan, arassa seždäni gorap, hoş habary wagyz etmek hukugyny gazanmak ugrunda göreşýärler (Filipililer 1:7-ni okaň).

36 Şol sebäpli, geliň, Ýehowa erkin sežde etmek ugrunda göreşen adamlary hiç haçan ýatdan çykarmalyň! Olaryň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hemişe biziň işimizi goldajakdygyna we islegini ýerine ýetirmäge güýç berjekdigine ynamly bolup, wepaly galalyň! (Iş. 54:17).

a Işaýa 41:10 Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size.