Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BAP

Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys

Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys

BABYŇ TEMASY

Duşuşyklarymyzyň kämilleşdirilmegi we ähmiýeti

1. Bilelikde ýygnanyşanlarynda şägirtlere nähili goldaw berildi we olar muňa näme üçin mätäçdi?

 ISANYŇ direlenine biraz wagt geçensoň, şägirtler birek-biregi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşdylar. Emma olar duşmanlaryndan gorkusyna gapylary gulplap otyrdylar. Isa şägirtleriniň arasynda peýda bolup: «Mukaddes ruhy alyň» diýende, olaryň bar gorkusy zym-zyýat bolandyr! (Ýahýa 20:19—22-nji aýatlary okaň). Soňra şägirtler ýene-de ýygnanyşdylar we Ýehowa olaryň üstüne mukaddes ruh inderdi. Şeýdip, olar özlerine tabşyrylan wagyz işini ýerine ýetirmek üçin güýç-kuwwat aldylar (Res. iş. 2:1—7).

2. a) Ýehowa bize nädip güýç-kuwwat berýär we biz muňa näme üçin mätäç? b) Maşgala okuwyny geçirmek näme üçin wajyp? (Çykgyda we 175-nji sahypadaky « Maşgala okuwy» diýen çarçuwa serediň).

2 Biz hem I asyrdaky dogan-uýalaryňky ýaly kynçylyklara duş gelýäris (1 Pet. 5:9). Käwagt bizde-de adamdan gorky döremegi mümkin. Şol sebäpli wagyz gullugymyzy dowam etmek üçin, bize Ýehowanyň güýji gerek bolýar (Efes. 6:10). Ýehowa bize, esasan, duşuşyklarymyz arkaly güýç-kuwwat berýär. Şu günler biz hepdede iki gezek ýygnanyşyp, Jemagat, «Garawul diňi» hem-de «Hudaýa ýaramly ýaşamak we gulluk etmek» duşuşyklaryny geçirýäris a. Galyberse-de, biz ýylda dört sapar has aýratyn duşuşyklar, ýagny welaýat kongresi, iki etrap kongresi we Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamy üçin ýygnanyşýarys. Bu duşuşyklaryň ählisine gatnaşmak näme üçin wajyp? Häzirki duşuşyklarymyz nädip kämilleşdirildi? Duşuşyklara bolan garaýşymyz nämäni aýan edýär?

Biz näme üçin ýygnanyşmaly?

3, 4. Ýehowa gullukçylaryna nähili tabşyryk berýär? Mysal getiriň.

3 Ýehowa gadymy döwürden bäri öz gullukçylarynyň oňa sežde etmegi üçin ýygnanyşmagyny tabşyrýar. Mysal üçin, b. e. öň 1513-nji ýylda Ýehowa ysraýyl halkyna Kanun berdi. Şol Kanuna görä, ysraýyllylar maşgalasy bilen Hudaýa sežde etmek hem-de onuň tabşyryklaryny öwrenmek üçin her hepde Sabat gününi bellemelidi (Kan. tag. 5:12; 6:4—9). Olar bu tabşyrygy berjaý edenlerinde, maşgalalary agzybir bolýardy we halk ruhy taýdan berk hem-de arassa galýardy. Emma olar Kanuna gulak asman, Ýehowa sežde etmek üçin yzygiderli ýygnanyşmak ýaly tabşyryklary äsgermezçilik edenlerinde, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolýardylar (Lew. 10:11; 26:31—35; 2 Ýyl. 36:20, 21).

4 Geliň, Isanyň galdyran göreldesi barada-da oýlanyp göreliň. Onuň her Sabat güni sinagoga barmak endigi bardy (Luka 4:16). Isanyň ölmegi we direlmegi bilen, Sabat güni baradaky kanun ýatyrylsa-da, şägirtler yzygiderli ýygnanyşmagyny goýmadylar (Res. iş. 1:6, 12—14; 2:1—4; Rim. 14:5; Kol. 2:13, 14). I asyrdaky mesihçiler şol duşuşyklarda diňe bir görkezme alyp ruhlanman, eýsem, doga etmek, jogap bermek we aýdym aýtmak bilen, Hudaýa öwgi gurbanlaryny hem berýärdiler (Kol. 3:16; Ýewr. 13:15).

Isanyň şägirtleri biri-birini ruhlandyrmak we berkitmek üçin ýygnanyşýardylar

5. Biz ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere näme üçin gatnaşýarys? (Şeýle-de 176-njy sahypadaky « Hudaýyň halkyny jebisleşdirýän ýyllyk duşuşyklar» diýen çarçuwa serediň).

5 Bizem ýygnak duşuşyklaryna hem-de kongreslere gatnaşanymyzda, Hudaýyň Patyşalygyny goldaýandygymyzy görkezip, mukaddes ruh arkaly güýç-kuwwat alýarys we imanymyz bilen başgalary ruhlandyrýarys. Esasanam, bu duşuşyklarda doga etmek, jogap bermek we aýdym aýtmak bilen, Ýehowa sežde etmäge mümkinçiligimiz bolýar. Biziň duşuşyklarymyzyň geçirilişi ysraýyl halkynyň we I asyrdaky mesihçileriň duşuşyklaryndan tapawutlanmagy mümkin. Emma häzirem olaryň ähmiýeti gaçmady. Eýsem, biziň duşuşyklarymyz nädip kämilleşdirildi?

Her hepde geçirilýän duşuşyklar «söýmäge we ýagşy işleri etmäge» höweslendirýär

6, 7. a) Ýygnak duşuşyklarymyz näme maksat bilen geçirilýär? b) Dürli toparlarda geçirilen duşuşyklar nämede tapawutlanýardy?

6 Çarlz Teýz Rassel dogan Hudaýyň Sözünden hakykaty gözläp başlanda, şeýle maksady bolan adamlar bilen ýygnanyşmagyň wajypdygyna göz ýetirdi. 1879-njy ýylda Rassel: «Men öz tanyşlarym bilen Pitsburgda Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin topar döretdim we biz her ýekşenbe güni ýygnanyşýarys» diýip ýazdy. Şeýlelikde, «Sion garawul diňi» žurnalynyň okyjylary bilelikde ýygnanyşmaga höweslendirilýärdi. 1881-nji ýylda Pitsburgda (Pensilwaniýa ştaty) her çarşenbe we ýekşenbe günleri ýygnak duşuşyklary geçirilip başlandy. 1895-nji ýylyň noýabr aýynda çykan «Garawul diňinde» bu duşuşyklaryň, esasan, «mesihçileriň söýgüsini we agzybirligini» berkitmek hem-de birek-biregi ruhlandyrmak üçin geçirilýändigi aýdyldy (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň).

7 Ençeme ýyllaryň dowamynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň duşuşyklarynyň geçirilişi we ýygylygy biri-birinden tapawutlanýardy. Mysal üçin, ABŞ-daky toparyň 1911-nji ýylda çap edilen hatynda: «Biz her hepde azyndan bäş gezek ýygnanyşýarys» diýen sözler bardy. Olar duşenbe, çarşenbe, anna günleri we ýekşenbede iki gezek duşuşyk geçirýärdiler. 1914-nji ýylda çap edilen Afrikadaky toparyň hatynda bolsa: «Biz aýda iki gezek ýygnanyşýarys. Duşuşyklarymyz anna güni başlap, ýekşenbe güni agşam tamamlanýar» diýilýärdi. Emma, wagtyň geçmegi bilen, duşuşyklarymyz babatda käbir özgerişikler girizilip, olar häzirki ýaly geçirilip başlandy. Geliň, bu duşuşyklar barada gysgaça gürrüň edeliň.

8. Ilkinji jemagat nutuklarynda haýsy temalara seredildi?

8 Jemagat duşuşygy. Rassel dogan «Sion garawul diňi» žurnalyny çap edip başlanyna bir ýyl geçensoň, 1880-nji ýylda Isanyň göreldesine eýerip, wagyz syýahatyna başlady (Luka 4:43). Bu syýahatyň dowamynda Rassel doganyň çykyş eden nutuklary Jemagat duşuşyklarynyň esasy boldy. «Garawul diňi» žurnalynda çap edilen bildirişde Rassel doganyň Jemagat duşuşyklarynda «Hudaýyň Patyşalygyna degişli zatlar» atly nutuk bilen höwes bilen çykyş etjekdigi aýdyldy. 1911-nji ýylda köp ýurtlarda ýygnaklar döredilensoň, her ýygnak ukyply doganlary höküm we töleg gurbany ýaly temalara esaslanan alty sany nutuk bilen çykyş etmek üçin golaýdaky ýerlere ibermäge höweslendirildi. Her nutugyň ahyrynda indiki hepde kimiň haýsy nutuk bilen çykyş etjekdigi bildiriş edilýärdi.

9. Ýyllaryň geçmegi bilen, Jemagat duşuşygynda nähili özgerişikler boldy we biz bu duşuşygyň geçirilmegine nädip ýardam edip bileris?

9 1945-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» Jemagat duşuşygy babatda bütindünýä kampaniýasynyň geçiriljekdigi habar berildi. Bu duşuşykda «häzirki möhüm meselelerden» söz açýan Mukaddes Ýazgylara esaslanan sekiz sany nutuk bolmalydy. Köp ýyllaryň dowamynda doganlar diňe bir wepaly hyzmatkäriň berýän meýilnamasyny ulanman, eýsem, olaryň özlerem nutuk düzýärdi. Emma 1981-nji ýylda nutukçy doganlaryň ählisiniň ýygnaklara iberilýän meýilnama boýunça çykyş etmelidigi babatda görkezme berildi b. Öňler jemagat nutuklarynyň käbir meýilnamasynda nutuga diňleýjileriň hem gatnaşyp bilýändigi we sahnalaryň goýulmalydygy barada aýdylýardy. Emma 1990-njy ýylda käbir özgerişikler girizildi we şondan bäri jemagat nutuklary diňe nutuk görnüşinde çykyş edilýär. Soňra 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda bu nutuklar 45 minutdan 30 minuda çenli gysgaldyldy. Jemagat duşuşygynyň geçirilişi babatda üýtgeşiklik bolsa-da, gowy taýýarlanan nutuklar Hudaýyň Sözüne imanymyzy berkidip, Patyşalyk bilen bagly jikme-jikliklere düşünmäge kömek edýär (1 Tim. 4:13, 16). Siz jemagat nutuklaryna, mümkin boldugyndan, köpräk adamy çagyrmaga jan edýärmisiňiz?

10—12. a) «Garawul diňi» duşuşygynyň geçirilişi babatda nähili özgerişikler girizildi? b) Biz özümize nähili soraglary bermeli?

10 «Garawul diňi» duşuşygy. 1922-nji ýylda piligrim diýip atlandyrylýan doganlar, ýagny ýygnaklarda nutuk bilen çykyş etmek we wagyz işine gözegçilik etmek üçin Garawul diňi jemgyýeti tarapyndan iberilýän gullukçylar «Garawul diňi» žurnalyny öwrenmek üçin yzygiderli duşuşyk geçirmegi teklip etdiler. Olaryň bu maslahaty makullandy we ýekşenbede ýa-da hepdäniň başga bir güni «Garawul diňi» duşuşygy geçirilip başlandy.

«Garawul diňi» duşuşygy geçirilýär (Gana, 1931-nji ýyl)

11 1932-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» bu duşuşygyň nähili geçirilmelidigi barada görkezme berildi. Şol makalada duşuşygyň geçirilişi babatda Beýtel maşgalasyndan nusga almalydygy we ony doganyň geçirmelidigi aýdyldy. Üç sany dogan diňleýjileriň öňünde oturyp, abzaslary gezekleşip okamalydy. Şol döwürde makalalarda soraglaryň çap edilmeýändigi üçin, duşuşygy geçirýän dogan diňleýjileri öwrenilýän makala babatda sorag bermäge höweslendirýärdi. Soňra ol duşuşyga gatnaşýanlardan şol soraglara jogap bermegi haýyş edýärdi. Eger käbir zatlary biraz aýdyňlaşdyrmaly bolsa, duşuşygy geçirýän dogan gysgaça düşündirip bilýärdi.

12 Öňler ýygnaklar köpçüligiň garaýşyny göz öňünde tutup, žurnalyň haýsy sanyny öwrenmelidigini saýlap bilýärdi. Emma 1933-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňinde» ähli ýygnaklaryň žurnalyň häzirki sanyny öwrenmelidigi maslahat berildi. 1937-nji ýylda bolsa, duşuşygyň ýekşenbe güni geçirilmelidigi barada görkezme berildi. Duşuşygyň geçirilişi babatda girizilen başga-da özgerişikler 1942-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňinde» çap edildi. Şu günler bizem şol görkezmä eýerýäris. Ilki, žurnalda öwrenilýän makalalaryň her sahypasynyň aşagynda soraglaryň çap ediljekdigi we duşuşykda olaryň ulanylmalydygy habar berildi. Soňra duşuşygyň bir sagat dowam etmelidigi barada aýdyldy. Şeýle-de duşuşyga gatnaşýanlar abzasyň bir parçasyny okaman, «öz sözleri bilen» jogap bermäge höweslendirildi. «Garawul diňi» duşuşygy häzirem wepaly hyzmatkäriň wagtly-wagtynda berýän ruhy iýmitiniň esasy bölegi bolup durýar (Mat. 24:45). Şol sebäpli biziň her birimiz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men her hepde „Garawul diňi“ duşuşygyna taýýarlanýarynmy? Eger mümkinçiligim bolsa, jogap bermäge çalyşýarynmy?»

13, 14. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy nädip döredildi we siz bu duşuşygy näme üçin halaýarsyňyz?

13 Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy. 1890-njy ýyllaryň ortalarynda «Müňýyllygyň şapagy» atly kitabyň birnäçe tomy çykansoň, Baltimor şäherinde (ABŞ, Merilend ştaty) ýaşaýan N. Ran dogan şol kitap arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin «Şapak» diýip atlandyrylýan toparlary döretmegi maslahat berdi. Bu duşuşyklaryň nähili boljakdygyny barlap görmek üçin, olar ilki hususy öýlerde geçirilýärdi. Emma 1895-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli «Şapak» toparlary ABŞ-nyň köp şäherlerinde döredilendigi üçin, şol aýda çykan «Garawul diňi» žurnalynda hakykaty öwrenýän adamlaryň ählisi şeýle duşuşyklary geçirmäge höweslendirildi. Şeýle-de duşuşygy geçirmäge gowy okaýan doganyň bellenilmelidigi barada aýdyldy. Dogan bir sözlemi okap, biraz säginmelidi, şonda diňleýjiler her sözlem babatda pikirini aýdyp bilýärdi. Abzasyň ähli sözlemleri okalyp, pikir alşylansoň, dogan getirilen aýatlary açyp okamalydy. Babyň ahyrynda diňleýjileriň her biri öwrenen zadyny gysgaça gaýtalamalydy.

14 Bu duşuşygyň ady birnäçe gezek üýtgedildi. Ilki oňa Mukaddes Ýazgylary öwrenýän weriýa topary diýilýärdi. Bu I asyrda Ýazgylary çuňňur öwrenen Weriýa şäheriniň ýaşaýjylaryny ýadyňa salýardy (Res. iş. 17:11). Wagtyň geçmegi bilen, bu duşuşyk Kitap öwrenilýän duşuşyk diýip atlandyryldy. Häzir oňa Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy diýilýär we ol aýry-aýry toparlara bölünip, hususy öýlerde däl-de, tutuş ýygnak üçin Patyşalyk zalynda geçirilýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda bu duşuşykda dürli kitaplar, broşýuralar we «Garawul diňi» žurnalyndaky käbir makalalar öwrenildi. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy geçirilip başlanany bäri diňleýjiler oňa yhlasly gatnaşmaga höweslendirilýär. Bu duşuşyk biziň Mukaddes Ýazgylar babatda düşünjämizi has-da çuňlaşdyrdy. Siz hem oňa yzygiderli taýýarlanyp, ýürekden gatnaşýarmysyňyz?

15. Wagyz mekdebi näme üçin geçirilýärdi?

15 Wagyz mekdebi. Bruklindäki (Nýu-Ýork) baş edarada gulluk eden Keri Barber dogan şeýle ýatlaýar: «1942-nji ýylyň 16-njy fewralynda, duşenbe güni agşam Brukliniň Beýtel maşgalasyndaky doganlaryň ählisi „Wagyz mekdebi“ diýip atlandyrylan kurslara ýazylmaga çagyryldy». Soňra Barber dogan Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy boldy. Ol bu mekdebi «biziň günlerimizde Ýehowanyň öz halkyna beren iň täsin üstünligi» hasaplady. Şol kurslar doganlara mugallymçylyk ukyplaryny ösdürmäge we ökdelik bilen wagyz etmäge şeýle bir kömek etdi welin, «Wagyz mekdebiniň kursy» atly broşýura kem-kemden bütin dünýädäki ýygnaklara ugradylyp başlandy. 1943-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» Wagyz mekdebiniň Hudaýyň halkyna «Patyşalyk barada ökdelik bilen wagyz etmegi öwretmek» üçin geçirilýändigi aýdyldy (2 Tim. 2:15).

16, 17. Wagyz mekdebinde diňe mugallymçylyk tärleri öwredilýärdimi? Düşündiriň.

16 Ilkibada, käbirleri köpçüligiň öňünde çykyş etmegi kyn görýärdi. 1918-nji ýylda Ruterford we başga doganlar bilen kakasy bikanun tussag edilen Kleýton Wudwort dogan 1943-nji ýylda Wagyz mekdebine ilkinji gezek gatnaşýar. Ol şonda özüni nähili duýandygyny ýatlap, şeýle diýýär: «Nutuk bilen çykyş etmek maňa gaty kyn boldy. Meniň dilim çolaşyp, agzym gurap, sesimem endiräp çykýardy». Emma, wagtyň geçmegi bilen, Kleýton doganyň ukyplary artyp, ol köp nutuklar bilen çykyş etdi. Wagyz mekdebi oňa diňe bir başarnygyny artdyrmaga kömek etmän, kiçigöwünli bolmagyň we Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny hem öwretdi. Ol: «Men üstünlikli çykyş etmegiň nutukçynyň özüne bagly däldigine göz ýetirdim. Eger ol gowy taýýarlanyp, Ýehowa doly bil baglasa, diňleýjiler ony höwes bilen diňläp, aýdylýan zatlardan peýda alyp biler» diýýär.

17 1959-njy ýylda uýalaram Wagyz mekdebine ýazylmaga höweslendirildi. Edna Bauer uýa kongresde bu babatda bildiriş edilende, «uýalaryň köpüsiniň diýseň begenendigini» aýdýar. Ol: «Bize indi has uly mümkinçilikler berildi» diýýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda dogan-uýalaryň köpüsi Wagyz mekdebine ýazylyp, Ýehowadan bilim aldylar. Şu günler hepdäniň birinji ýarymynda geçirilýän duşuşykda bize-de şeýle tälim berilýär (Işaýa 54:13-i okaň) c.

18, 19. a) Bize wagyz etmek babatda peýdaly görkezmeler nirede berilýär? b) Biz ýygnak duşuşyklarymyzda näme üçin aýdym aýdýarys? (« Saza siňen hakykat» diýen çarçuwa serediň).

18 Gulluk duşuşygy. Eýýäm 1919-njy ýylda wagyz gullugyny guramaçylykly alyp barmaga kömek edýän duşuşyklar geçirilýärdi. Emma şol döwürde oňa ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisi däl-de, diňe edebiýatlary paýlamaga gatnaşýanlar gelýärdi. 1923-nji ýyldan başlap, Gulluk duşuşygy aýda bir gezek geçirilýärdi we oňa ýygnagyň hemme agzalary gatnaşmalydy. 1928-nji ýyla çenli ýygnaklar bu duşuşygy her hepde geçirmäge höweslendirildi. 1935-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Gulluk duşuşygyny «Görkezmede» (soňra «Habarçy», biraz soňra «Hudaýa gullugymyz») berilýän maglumat esasynda taýýarlamak maslahat berildi. Tizden bu duşuşyk ähli ýygnaklarda yzygiderli geçirilip başlandy.

19 Şu günler hepdäniň birinji ýarymynda geçirilýän duşuşykda bize ökdelik bilen wagyz etmek babatda peýdaly görkezmeler berilýär (Mat. 10:5—13). Eger siz okuw depderçesini alýan bolsaňyz, ony öwrenip, berilýän maslahatlary wagyz gullugynda ulanýarmysyňyz?

Has ähmiýetli ýyllyk duşuşygy

I asyrdaky ýaly, şu günlerem mesihçiler Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyny bellemek üçin ýygnanyşýarlar (20-nji abzasa serediň)

20—22. a) Biz näme üçin Isanyň ölümini ýatlaýarys? b) Her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşmak size nähili peýda berýär?

20 Isa şägirtlerine özi gelýänçä, onuň ölümini ýatlamagy tabşyrdy. Pasha baýramy ýaly, Ýatlama agşamy hem ýylda bir gezek bellenilýär (1 Kor. 11:23—26). Her ýyl oňa millionlarça adam gatnaşýar. Bu duşuşyk mesh edilen mesihçilere Patyşalykda Isanyň mirasdaşlary bolmak hormatynyň bardygyny ýatladýar (Rim. 8:17). Başga goýunlary bolsa, Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasyna çuňňur hormat goýmaga we oňa wepaly galmaga höweslendirýär (Ýahýa 10:16).

21 Rassel dogan bilen onuň egindeşleri Isanyň ölümini ýatlamagyň wajypdygyna we ony ýylda diňe bir gezek bellemelidigine düşünýärdiler. 1880-nji ýylyň aprel aýynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Biz birnäçe ýyldan bäri Pitsburgda... Pashany (Ýatlama agşamyny) bellemek we Halypamyzyň bedenini hem-de ganyny aňladýan nyşanlardan datmak däbini berjaý edýäris». Soňra Ýatlama agşamy bilen baglanyşykly kongresler geçirilip başlandy. Şol kongresler babatda saklanyp galan has irki hasabatlaryň birinde aýdylmagyna görä, 1889-njy ýylda geçirilen kongrese 225 adam gatnaşyp, 22 adam suwa çümdürildi.

22 Şu günler Ýatlama agşamy kongresiň bir bölegi hökmünde bellenilmeýär. Muňa garamazdan, biz her ýyl ýaşaýan ýerimizdäki adamlary Patyşalyk zalynda ýa-da kireýne alnan jaýda geçiriljek Ýatlama agşamyna çagyrýarys. 2013-nji ýylda Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyna 19 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Eýsem, Ýatlama agşamyna diňe özümiz barmak bilen çäklenmän, bu iň mukaddes agşama başga adamlary hem çagyrmak uly hormat dälmi näme?! Siz her ýyl Ýatlama agşamyna, mümkin boldugyndan, köpräk adamy çagyrmaga jan edýärmisiňiz?

Biziň garaýşymyz nämäni aýan edýär?

23. Siz duşuşyklarymyza nähili garaýarsyňyz?

23 Ýehowanyň wepaly gullukçylary bilelikde ýygnanyşmak babatda berlen tabşyrygy agyr ýük hasaplamaýarlar (Ýewr. 10:24, 25; 1 Ýahýa 5:3). Meselem, Dawut patyşa Ýehowanyň öýüne barmagy, esasanam, Hudaýy söýýän adamlar bilen bilelikde sežde etmegi gowy görýärdi (Zeb. 27:4; 35:18). Isanyň galdyran göreldesi barada hem oýlanalyň. Ol ýaşlygynda-da Atasy Ýehowanyň öýünde bolmagy gaty gowy görýärdi (Luka 2:41—49).

Biziň imandaşlarymyz bilen ýygnanyşmaga güýçli islegimiz Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigine ynanýandygymyzy görkezýär

24. Ýygnak duşuşyklarynda nähili mümkinçiliklerimiz bolýar?

24 Biz duşuşyklarymyza gatnaşmak bilen, Ýehowany söýýändigimizi we imandaşlarymyzy goldamak isleýändigimizi aýan edýäris. Şeýle-de biz Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hökmünde ýaşamagy öwrenmek isleýändigimizi görkezýäris, çünki biz muny ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde öwrenýäris. Galyberse-de, bu duşuşyklar şu günler Hudaýyň Patyşalygynyň alyp barýan iň ähmiýetli işine gatnaşmakda, ýagny Patyşa Isa Mesihiň şägirtlerini taýýarlamakda ukyplarymyzy artdyrmaga kömek edip, bize güýç-kuwwat berýär (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Hawa, biziň imandaşlarymyz bilen ýygnanyşmaga güýçli islegimiz Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigine ynanýandygymyzy görkezýär. Şol sebäpli, geliň, duşuşyklarymyzy hemişe gymmat saýalyň!

a Her bir adam ýa-da maşgala ýygnak duşuşyklarymyza gatnaşmak bilen çäklenmän, şahsy ýa-da maşgala okuwyny geçirmäge-de wagt tapmaly.

b 2013-nji ýyla çenli jemagat nutuklarynyň 180-den gowrak meýilnamasy taýýarlandy.

c Işaýa 54:13 Ähli çagalaryň Rebden tälim alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.