Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BAP

Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?

Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?

BABYŇ TEMASY

Ýehowanyň halky Patyşalyk işini maddy taýdan näme üçin we nädip goldaýar?

1, 2. a) Ruhany Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň işiniň nädip amala aşyrylýandygyny soranda, Rassel dogan oňa nähili jogap berdi? b) Biz şu bapda nämä serederis?

 BIR gezek Çarlz Rassel doganyň ýanyna protestant buthanasynyň ruhanysy gelip, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň işiniň nädip amala aşyrylýandygy barada soraýar.

 Rassel dogan:

 Biz hiç wagt adamlardan pul ýygnamaýarys — diýip düşündirýär.

 Şonda ruhany:

 Onda siz puly nireden alýarsyňyz? — diýýär.

 Rassel dogan oňa şeýle jogap berýär:

 Men bu ýönekeý hakykaty aýtsamam, siz ynanmarsyňyz. Adamlar biziň duşuşyklarymyza gelende, olara derrew pul atylýan gap uzadylmaýar. Emma olar çykdajylaryň bolýandygyna düşünip: «Bu jaý üçin çykdajy edilýändir... Men muňa nädip biraz pul kömegini berip bilerin?» diýip oýlanýarlar.

 Şonda ruhany Rassel dogana ynanmazçylyk bilen seredýär.

 Rassel sözüni dowam edip şeýle diýýär:

 Men size dogrymy aýdýaryn. Hawa, olar: «Men nädip biraz pul kömegini berip bilerin?» diýip soraýarlar. Eger adam Hudaýyň patasyny alsa we onuň puly bar bolsa, ol ony Hudaýyň işine sarp etmek isleýär. Ýöne adamyň ýagdaýy bolmasa, biz ondan näme üçin pul talap edeli? a.

2 Rassel dogan, hakykatdanam, «dogrusyny» aýtdy. Gadymy döwürden bäri Hudaýyň halky hakyky seždäni goldamak üçin sadaka berýär. Biz şu bapda olaryň muny geçmişde we şu günler nädip edýändigine serederis. Biziň günlerimizde Patyşalyk işiniň çykdajylarynyň nädip ödelýändigine seredenimizde, her birimiz özümize: «Men Patyşalygy nädip goldap bilerin?» diýen soragy bersek gowy bolar.

«Her kim göwnünden çykaranyny... bersin»

3, 4. a) Ýehowa öz gullukçylary babatda nämä ynanýar? b) Ysraýyllylar mukaddes çadyryň gurluşygyny nädip goldadylar?

3 Ýehowa öz gullukçylaryna doly ynanýar. Eger olara mümkinçilik berilse, Hudaý olaryň höwes bilen sowgat berip, wepalylygyny görkezjekdigini bilýär. Geliň, ysraýyl halkynyň taryhyndan iki mysala seredeliň.

4 Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edensoň, olaryň Hudaýa sežde etmegi üçin mukaddes çadyr gurmagyny tabşyrdy. Çadyryň gurluşygyna we onuň içindäki zatlary taýýarlamaga köp serişde gerekdi. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllylara: «Her kim göwnünden çykaranyny... Rebbe sadaka bersin» diýip, olara gurluşygy goldamaga mümkinçilik berdi (Müs. çyk. 35:5). Şondan biraz wagt öň «ähli agyr işlerde... rehimsizlik bilen sütem edilen» halk muňa nähili seslendi? (Müs. çyk. 1:13, 14). Olar gyzyl, kümüş we başga-da gymmatbaha zatlaryny höwes bilen berip, gurluşygy agzybirlik bilen goldadylar. Ysraýyllylar bu zatlaryň köpüsini öňki müsürli hojaýynlaryndan alypdylar (Müs. çyk. 12:35, 36). Ysraýyllylar geregindenem artyk zatlary berdiler, hatda olara getirmegini bes etmelidigini hem aýtmaly boldy (Müs. çyk. 36:4—7).

5. Dawut patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin sadaka bermäge mümkinçilik berende, ysraýyllylar nähili seslendiler?

5 Şondan takmynan 475 ýyl geçensoň, Dawut patyşa ýer ýüzünde hakyky seždäniň ilkinji hemişelik merkezi bolan ybadathananyň gurluşygy üçin, «öz hususy hazynasyndan» sadaka berdi. Soňra ol ysraýyllylara hem şeýle mümkinçilik berip: «Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip... Rebbe bagyş etjek?» diýdi. Halk bu çagyryşa seslenip, «meýletinlik bilen, çyn ýürekden» Hudaýa sowgat berdi (1 Ýyl. 29:3—9). Dawut patyşa bu zatlary, aslynda, kimiň berýändigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol Ýehowa doga edip: «Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris» diýdi (1 Ýyl. 29:14).

6. Patyşalyk işiniň alnyp barylmagyna näme üçin pul gerek bolýar we nähili soraglar ýüze çykýar?

6 Musa pygamber hem, Dawut patyşa hem Hudaýyň halkyny sadaka bermäge mejbur etmeli bolmady. Sebäbi olar muny höwes bilen ýürekden berdiler. Biz barada näme diýse bolar? Biz Patyşalyk işiniň alnyp barylmagy üçin pul gerek bolýandygyna gowy düşünýäris. Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary çap etmek hem-de ýaýratmak, duşuşyk geçirilýän ýerleri we filiallary gurmak hem-de abat saklamak, betbagtçylyga uçran dogan-uýalara gerekli kömegi bermek üçin köp serişde gerek bolýar. Şol sebäpli şeýle wajyp soraglar ýüze çykýar: «Gerekli serişdeler nireden alynýar? Patyşanyň şägirtlerini sadaka bermäge mejbur etmelimi?»

«Biz hiç haçan kömek üçin adamlara ýalbarmarys ýa-da dilegçilik etmeris»

7, 8. Ýehowanyň halky näme üçin adamlardan pul sorap, dilegçilik etmeýär?

7 Rassel dogan bilen onuň egindeşleri hristian buthanalarynda giňden ýaýran düzgüne eýerip, pul gazanmak islemediler. «Garawul diňi» žurnalynyň ikinji sanynda çykan «Siz „Sion garawul diňini“ almak isleýärsiňizmi?» diýen makalada Rassel dogan şeýle ýazdy: «Biz „Sion garawul diňi“ žurnalyny ÝEHOWANYŇ goldaýandygyna ynanýarys. Şol sebäpli biz hiç haçan kömek üçin adamlara ýalbarmarys ýa-da dilegçilik etmeris. „Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir“ diýen Hudaý bize gerekli serişdeleri bermese, onda biz bu žurnaly çykarmagy bes etmelidigimize düşüneris» (Hag. 2:7—9). Şondan bäri 130 ýyldan gowrak wagt geçse-de, «Garawul diňi» žurnaly we ony çykarýan gurama öňküsi ýaly gülläp ösýär!

8 Ýehowanyň halky adamlardan pul dilemeýär. Olar duşuşyklarynda ellerine gap alyp, pul ýygnamaýarlar ýa-da adamlaryň nämedir bir zat bermegini haýyş edip, hat ýollamaýarlar. Olar pul ýygnamak üçin dükanlarda ýa-da söwda merkezlerinde sadaka gutusyny goýmaýarlar we ýolbaşçylyk edýän doganlar el aklyk soramaýar. Hudaýyň gullukçylary «Garawul diňi» žurnalynda ençeme ýyl öň aýdylan şu sözlere eýerýär: «Biz buthanalarda edilişi ýaly, Hudaýyň işi üçin pul dilemegi ýerliksiz hasaplaýarys... Biziň pikirimizçe, Hudaýyň adyndan dilegçilik edilip alnan pul onuň üçin ýigrenji we ýaramaz zat. Hudaý şol puly berýänleri-de, onuň kömegi bilen amala aşyrylýan işleri-de patalamaýar» b.

«Goý, her kes... ýüreginde niýetlän zadyny bersin»

9, 10. Biziň sadaka bermegimiziň bir sebäbi näme?

9 Şu günler Patyşalygyň raýatlaryny sadaka bermäge mejbur etmek gerek däl. Biz pulumyzy we başga-da zatlarymyzy Patyşalyk işini goldamaga höwes bilen bagyş edýäris. Näme üçin? Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň.

10 Birinjiden, biz Ýehowany söýýändigimiz we onuň «göwnüne ýaraýan zatlary etmek» isleýändigimiz üçin sadaka berýäris (1 Ýahýa 3:22). Ýehowa ak ýürekden berýän gullukçylaryny gowy görýär. Geliň, mesihçileriň sadaka bermegi babatda Pawlus resulyň aýdan sözlerine üns bereliň (2 Korinfliler 9:7-ni okaň). Hakyky mesihçi göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen bermeýär. Ol muny «ýüreginde niýetländigi» üçin berýär c. Diýmek, ol zerurlyklary göz öňünde tutýar we bu ýagdaýda özüniň nädip kömek edip biljekdigi barada oýlanyp, sadaka berýär. Ýehowa şeýle gullukçylarynyň gadyryny bilýär, sebäbi «Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir». Başga bir terjimede: «Hudaý bermegi gowy görýän adamlary söýýändir» diýilýär.

Mozambikdäki çagalar pul sadaka bermegi gowy görýär

11. Ýehowa has gowy sowgat bermäge bizi näme höweslendirýär?

11 Ikinjiden, biz sadaka bermek bilen, Ýehowanyň bol bereketlerine minnetdardygymyzy görkezýäris. Geliň, Musanyň kanunyndan ýüregimizi barlamaga kömek edýän bir prinsipe seredeliň (Kanun taglymaty 16:16, 17-nji aýatlary okaň) d. Ysraýylly erkek adamlaryň her biri ýylda üç gezek baýramçylyga baranda, Ýehowanyň «beren berekedine görä sowgatlar eltmelidi». Diýmek, baýramçylyga gitmezden öň, erkek adamlaryň her biri alan bereketlerini sanamalydy we ýagdaýyna görä, has gowy sowgat bermek üçin ýüregini barlamalydy. Bizem Ýehowanyň berýän bol bereketleri barada oýlananymyzda, gurbumyzyň çatdygyndan, Hudaýa has gowy sowgat bermek isleýäris. Biziň ak ýürekden berýän sowgatlarymyz, şol sanda pul kömegimiz Ýehowanyň eçilýän bereketlerine çuňňur minnetdarlygymyzy görkezýär (2 Kor. 8:12—15).

12, 13. Sadaka bermek bilen, Patyşamyzy söýýändigimizi nädip görkezýäris we her bir adam näçeräk berýär?

12 Üçünjiden, biz sadaka bermek bilen, Patyşamyz Isa Mesihi söýýändigimizi görkezýäris. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gijesi şägirtlerine aýdan sözlerine üns bereliň (Ýahýa 14:23-i okaň). Isa: «Meni söýýän adam sözümi berjaý eder» diýdi. Isanyň «sözüne» Patyşalyk baradaky hoş habary bütin dünýäde wagyz etmek tabşyrygy degişli (Mat. 24:14; 28:19, 20). Eger biz ähli zadymyzy — wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi — Patyşalygyň işi üçin sarp etsek, onda Isanyň «sözüni» berjaý edýäris. Şeýdip, biz Patyşamyzy söýýändigimizi görkezýäris.

13 Biz Patyşalygyň wepaly raýatlary hökmünde pul kömegini berip, Patyşalygy tüýs ýürekden goldamak isleýäris. Biz näçeräk pul berýäris? Muny her kimiň özi çözýär. Her bir adam ýagdaýyna görä berýär. Elbetde, imandaşlarymyzyň köpüsi baý ýaşamaýar (Mat. 19:23, 24; Ýakup 2:5). Emma olar Ýehowanyň we onuň Oglunyň ýürekden berilýän ujypsyzja sadakalary hem gymmat saýýandygyny bilip, teselli tapýarlar (Mar. 12:41—44).

Pul nireden alynýar?

14. Köp ýyllaryň dowamynda Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlaryny nädip hödürleýärdi?

14 Köp ýyllaryň dowamynda Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary hödürlänlerinde, adamlaryň sowgat bermegini haýyş edýärdiler. Emma sowgatlar juda az möçberde soralýardy. Şol sebäpli edebiýatlary hatda sada ýaşaýan adamlar hem alyp bilýärdi. Eger adam hakykat bilen gyzyklansa, emma sowgat bermäge ýagdaýy bolmasa, wagyzçylar oňa höwes bilen edebiýat goýup gaýdýardylar. Sebäbi olar akýürekli adamlaryň edebiýatlarymyzy okap, durmuşyny özgertmegini isleýärdiler.

15, 16. a) 1990-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty edebiýat hödürlemek babatda nähili özgerişik girizdi? b) Sadakalar nädip berilýär? (Şeýle-de « Berýän sadakalarymyz nämä sarp edilýär?» diýen çarçuwa serediň).

15 1990-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty edebiýatlary hödürlemek babatda käbir özgerişikleri girizdi. Şol ýylda ABŞ-da edebiýatlar diňe sadakalaryň esasynda hödür edilip başlandy. ABŞ-daky ýygnaklaryň ählisine ugradylan hatda şeýle diýilýär: «Wagyzçylar we gyzyklanýan adamlar žurnallary hem-de başga edebiýatlary alanlarynda, munuň üçin olardan belli bir möçberde pul soralmaz, hatda sadaka bermelidigi hem aýdylmaz... Her bir adam islegine görä, tälim beriş işimiziň çykdajylary üçin sadaka berip biler, emma adamlar sadaka berse-de, bermese-de edebiýat alyp biler». Bu özgerişik biziň işimiziň dini maksat bilen sadakalar arkaly amala aşyrylýandygyny we «biziň... Hudaýyň sözüni satmaýandygymyzy» aýdyň görkezdi (2 Kor. 2:17). Wagtyň geçmegi bilen, bütin dünýäde edebiýatlar diňe sadakalaryň esasynda hödür edilip başlandy.

16 Sadakalar nädip berilýär? Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk zallarynda sadakalar üçin ýörite guty bar. Islendik adam oňa pul atyp bilýär ýa-da sadakasyny Ýehowanyň Şaýatlarynyň kanun taýdan resmileşdirilen bir filialyna iberip bilýär. Her ýyl «Garawul diňi» žurnalynda sadakalary nädip berip bolýandygy barada makala çap edilýär.

Berilýän pullar nämä sarp edilýär?

17—19. Sadakalaryň a) bütindünýä wagyz işine; b) bütin dünýäde Patyşalyk zallaryny gurmaga; ç) ýerli ýygnagyň zerurlyklaryna nädip sarp edilýändigini gürrüň beriň.

17 Bütindünýä wagyz işi. Sadakalar bütindünýä wagyz işi bilen bagly çykdajylara: edebiýatlary çykarmaga, filiallary gurmaga hem-de abat saklamaga we Hudaýyň guramasyndaky dürli mekdepleri geçirmäge sarp edilýär. Şeýle-de bu sadakalar missionerleri, etrap gözegçilerini we ýörite pionerleri goldamak üçin ulanylýar. Galyberse-de, sadakalar betbagtçylyga uçran imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek üçin sarp edilýär e.

18 Bütin dünýäde Patyşalyk zallaryny gurmak. Sadakalar ýygnaklara Patyşalyk zallaryny gurmaga we olary gaýtadan dikeltmäge ýardam etmek üçin hem sarp edilýär. Berilýän sadakalaryň köpüsi başga ýygnaklara-da kömek etmek üçin ulanylýar f.

19 Ýerli ýygnagyň zerurlyklary. Sadakalar Patyşalyk zalyny gowy ýagdaýda saklamak we onda bejeriş işlerini geçirmek üçin hem sarp edilýär. Bütindünýä wagyz işine goşant goşmak üçin, ýaşulular bu sadakalaryň käbirini ýerli filiala ibermegi teklip edip biler. Şeýle ýagdaýda ýaşulular, ilki, ýygnakdaky dogan-uýalaryň razylygyny alýar. Eger ýygnak garşy bolmasa, sadakalar filiala ugradylýar. Ýygnagyň hasabatyny ýöredýän dogan her aý harçlanýan pullar babatda hasabat taýýarlaýar we şol hasabat ýygnakda okalýar.

20. Siz nädip Ýehowany «bütin baýlygyňyz» bilen hormatlap bilersiňiz?

20 Biz Patyşalyk habaryny wagyz etmek we şägirt taýýarlamak babatda berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin bütin dünýäde alnyp barylýan ägirt uly işler barada oýlananymyzda, Ýehowany «bütin baýlygymyz» bilen hormatlamak isleýäris (Sül. tym. 3:9, 10, MK). Bu «baýlyk» biziň akyl we beden taýdan ukyplarymyzy hem-de Hudaýa gulluk edenimizde toplan tejribämizi öz içine alýar. Hawa, biz bu zatlaryň ählisini Patyşalyk işinde doly ulanmak isleýäris. Emma biziň «baýlygymyza» maddy zatlarymyzyň hem degişlidigini unutmaly däl. Şol sebäpli, geliň, mümkinçiligimiz barka, sadaka bermek üçin elimizde baryny edeliň. Şeýdip, biz Ýehowa hormat goýýandygymyzy we Mesihi Patyşalygy goldaýandygymyzy görkezeris.

a 1915-nji ýylyň iýul aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnaly, 218, 219-njy sahypalar.

b 1899-njy ýylyň awgust aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnaly, 201-nji sahypa.

c Kanun taglymaty 16:16 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Gyzyl kerwen baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna — Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn. 17 Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň.

d Bir alym «niýetlän» diýip terjime edilen grek sözüniň «öňünden karara gelmek diýen manysynyň bardygyny» belläp geçýär. Ol sözüni dowam edip: «Aslynda, bermek hemişe-de adama şatlyk getirýär. Emma şonda-da muny öňünden niýetläp, yzygiderli etmeli» diýýär (1 Kor. 16:2).

e Gerekli kömegiň berlişi babatda köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 20-nji babyna serediň.

f Patyşalyk zallarynyň gurluşygy babatda köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 19-njy babyna serediň.