Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär

Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär

BABYŇ TEMASY

Armageddon urşunyň başlanmagyna getirjek wakalar

1, 2. a) Patyşamyzyň 1914-nji ýyldan bäri höküm sürýändigini näme subut edýär? b) Biz şu bapda näme barada gürrüň ederis?

 DUŞMANLARYNYŇ ortasynda höküm sürýän Hudaýyň Patyşalygynyň gazanan üstünlikleri barada bilmek, biziň imanymyzy berkidýär (Zeb. 110:2). Patyşamyz Isa Mesih höwes bilen gulluk edýän wagyzçylardan ybarat goşuny ýygnady. Şeýle-de ol şägirtlerini ruhy hem-de ahlak taýdan barlady we arassalady. Patyşalygyň duşmanlarynyň biziň aramyzda bölünişik döretmek üçin elinde baryny edendigine garamazdan, bütindünýä doganlygymyz agzybirligini saklady. Patyşalygyň gazanan şu we beýleki üstünlikleri Patyşamyzyň 1914-nji ýyldan bäri Patyşalygyň duşmanlarynyň ortasynda höküm sürýändigini subut edýär.

2 Hudaýyň Patyşalygy ýakyn gelejekde has uly işleri amala aşyrar. Ol duşmanlaryny «ýok edip, olaryň soňuna çykmaga» «geler» (Mat. 6:10; Dan. 2:44). Emma bu zatlardan öň başga-da ähmiýetli wakalar bolar. Nähili wakalar? Bu soraga Mukaddes Ýazgylardaky birnäçe pygamberlikde jogap berilýär. Geliň, olaryň käbirine seredip, gelejekde bize nähili wakalaryň garaşýandygyny bileliň.

Duýdansyz betbagtçylygyň öňüsyrasy boljak wakalar

3. Gelejekde ilki bilen nähili waka bolar?

3 Parahatlygyň jar edilmegi. Pawlus resul selaniklilere ýazan hatynda gelejekde boljak wakalaryň ilkinjisini agzaýar (1 Selanikliler 5:2, 3-nji aýatlary okaň). Ol bu hatynda «Beýik Wawilona» hüjüm edilmegi bilen başlanjak «Ýehowanyň güni» barada belläp geçýär (Ylh. 17:5). Emma Ýehowanyň gününiň başlanmagynyň öňüsyrasy milletler «Ine, parahatlyk we howpsuzlyk!» diýerler. Belki-de, olar muny diňe bir ýa-da birnäçe gezek yglan ederler. Muňa dini ýolbaşçylar hem gatnaşarmy? Olar bu dünýäniň bir bölegi bolup durýandygy üçin, halklar bilen birlikde «Ine, parahatlyk!» diýmegi mümkin (Ýer. 6:14; 23:16, 17; Ylh. 17:1, 2). Parahatlygyň we howpsuzlygyň jar edilmegi Ýehowanyň gününiň başlanjakdygyny görkezer. Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlary «ondan gaçyp gutulyp bilmezler».

4. Pawlusyň parahatlygyň we howpsuzlygyň jar edilmegi baradaky pygamberligine düşünmek bize nähili peýda berýär?

4 Bu pygamberligiň manysyna düşünmek bize nähili peýda berýär? Pawlus resul: «Ol gün üstüňizi duýdansyz basar ýaly, siz ogrular kimin garaňkylykda dälsiňiz» diýdi (1 Sel. 5:3, 4). Köp adamlardan tapawutlylykda, biz häzirki wakalaryň soňunyň näme bilen tamamlanjakdygyny bilýäris. Aslynda, parahatlygyň we howpsuzlygyň jar edilmegi baradaky pygamberlik nädip ýerine ýeter? Muny bilmek üçin sabyrly garaşyp, gelejekde boljak wakalara syn etmeli. Şol sebäpli, geliň, «oýa bolup, hemişe sagdyn pikirleneliň» (1 Sel. 5:6; Sef. 3:8).

Agyr muşakgat başlanýar

5. «Agyr muşakgatyň» ilkinji tapgyry näme bolar?

5 Dine hüjüm edilmegi. Ýadyňyza düşýän bolsa, Pawlus: «Adamlar „Ine, parahatlyk we howpsuzlyk!“ diýende, şol bada olaryň üstüne betbagtçylyk iner» diýip ýazdy. Köplenç ýyldyrym çakansoň, gök gürleýşi ýaly, «Ine, parahatlyk we howpsuzlyk!» diýip jar edilen badyna, «betbagtçylyk iner». Şonda näme ýok ediler? Ilki bilen, «bozuk aýal» diýip atlandyrylýan «Beýik Wawilon», ýagny ýalan diniň dünýä imperiýasy ýok ediler (Ylh. 17:5, 6, 15). Hristian dünýäsiniň we beýleki ýalan dini guramalaryň ählisiniň ýok edilmegi «agyr muşakgatyň» ilkinji tapgyry bolar (Mat. 24:21; 2 Sel. 2:8). Bu waka köpler üçin duýdansyz bolar. Näme üçin? Sebäbi şol wagta çenli bozuk aýal özüni «şa aýaly» hasaplap, «hiç haçan hasrat çekmerin» diýip pikir eder. Emma ol özüne çendenaşa ynamly bolandygyna düşünip galar. Ol edil «bir günüň içinde» ýaly gysga wagtda ýok ediler (Ylh. 18:7, 8).

6. «Beýik Wawilona» kim hüjüm eder?

6 «Beýik Wawilona» kim hüjüm eder? «On şahly» «wagşy haýwan» hüjüm eder. Ylham kitaby şol wagşy haýwanyň Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň» on şahy ony goldaýan syýasy guramalary aňladýar (Ylh. 17:3, 5, 11, 12). «Beýik Wawilona» ediljek bu hüjüm näderejede gazaply bolar? BMG-niň agzalary bozuk aýalyň baýlygyny talap, ony öldürerler we «otda ýakyp, kül ederler» (Ylham 17:16-ny okaň) a.

7. Isanyň Matta 24:21, 22-nji aýatlardaky sözleri I asyrda nädip ýerine ýetdi we gelejekde nädip ýerine ýeter?

7 Günleriň gysgaldylmagy. Patyşamyz Isa agyr muşakgatyň bu tapgyrynda nähili wakalaryň boljakdygyny aýan etdi. Ol: «Saýlananlar üçin, ol günler gysgaldylar» diýdi (Matta 24:21, 22-nji aýatlary okaň). B. e. 66-njy ýylynda Ýehowa Rim goşunynyň Iýerusalime eden hüjümini «gysgaldanda», Isanyň sözleri kiçi möçberde ýerine ýetdi (Mar. 13:20). Bu Iýerusalimdäki we Ýahudadaky mesihçilere gaçyp gutulmaga mümkinçilik berdi. Emma Isanyň sözleri tizden boljak agyr muşakgatda uly möçberde ýerine ýetende näme bolar? Şonda hakyky diniň ýalan dinler bilen ýok bolup gitmezligi üçin, Ýehowa Patyşamyz Isa arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýalan dine etjek hüjümini «gysgaldar». Şeýdip, ýalan dini guramalar ýok edilip, diňe hakyky din galar (Zeb. 96:5). Geliň, indi agyr muşakgatyň birinji tapgyry tamamlanandan soň boljak wakalara seredeliň.

Armageddon urşunyň başlanmagyna getirjek wakalar

8, 9. Isa nähili alamat barada aýdan bolmaly? Gelejekde boljak zatlar adamlara nähili täsir eder?

8 Isanyň soňky günler baradaky pygamberligine laýyklykda, Armageddondan öň birnäçe ähmiýetli wakalar bolar. Häzir biziň seretjek ilkinji iki wakamyz Mattanyň, Markusyň we Lukanyň hoş habarynda agzalýar (Matta 24:29—31-nji aýatlary okaň; Mar. 13:23—27; Luka 21:25—28).

9 Gökdäki alamatlar. Isa: «Gün garalar, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar» diýip pygamberlik etdi. Dogrudan-da, şol döwürde adamlar dini ýolbaşçylara hakykatyň şamçyragy hökmünde garamaz we olardan görkezme soramaz. Emma Isa göni manydaky asmanda hem gorkunç alamatlaryň boljakdygyny aýtdymy? Belki, ol şony hem göz öňünde tutandyr (Iş. 13:9—11; Ýowel 2:1, 30, 31). Gelejekde boljak zatlar adamlara nähili täsir eder? Olar «näme etjeklerini bilmän howsala düşerler» (Luka 21:25; Sef. 1:17). Hawa, Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlarynyň «patyşalardan» «gullara» çenli ählisi «betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa özüni ýitirerler» we pena gözläp, iki ýana çarp urarlar. Emma olar Patyşamyzyň gazabyndan gaçyp gizlenmäge ýer tapmazlar (Luka 21:26; 23:30; Ylh. 6:15—17).

10. Isa nähili hökümi yglan eder? Bu höküm Hudaýyň Patyşalygynyň tarapdarlaryna we duşmanlaryna nähili täsir eder?

10 Hökümiň yglan edilmegi. Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlarynyň ählisi çekýän jebirlerini has-da artdyrjak wakalary öz gözleri bilen görmeli bolar. Isa: «Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda uly gudrat we şöhrat bilen gelýänini görerler» diýdi (Mar. 13:26). Bu adatdan daşary güýjüň aýan bolmagy Isanyň hökümi yglan etmäge gelendigini görkezer. Isa soňky günler baradaky pygamberliginde goýunlar we geçiler mysalyny aýdanda, şol höküm barada jikme-jik belläp geçdi (Matta 25:31—33, 46-njy aýatlary okaň). Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly adamlar «goýunlar» diýip yglan ediler we olar «gutulyşynyň golaýlandygyna» düşünip, «başyny galdyrar» (Luka 21:28). Patyşalygyň duşmanlaryna bolsa, «geçiler» hökmünde höküm çykarylar we olar «ebedilik kesilip taşlanjakdygyna» düşünip, «hasrat çekip, gursagyna urarlar» (Mat. 24:30; Ylh. 1:7).

11. Gelejekde boljak wakalar babatda nämäni unutmaly däl?

11 Isa «ähli halklara» çykarylan hökümi yglan etse-de, Armageddon urşy başlanmazyndan öň, başga-da birnäçe wajyp wakalar bolar (Mat. 25:32). Biz olaryň ikisine, ýagny Goguň hüjüm etmegine we mesh edilenleriň ýygnalmagyna serederis. Emma biz şol wakalaryň haçan boljakdygy barada Hudaýyň Sözünde anyk aýdylmaýandygyny unutmaly däl. Muňa garamazdan, bu wakalaryň ikisi hem belli bir döwürde şol bir wagtda bolmagy mümkin.

12. Şeýtan Hudaýyň Patyşalygyna nädip hüjüm eder?

12 Hudaýyň halkyna hüjüm edilmegi. Magok ýurdundaky Gog mesh edilenleriň galyndysyna we olaryň ýoldaşlary bolan «başga goýunlara» hüjüm eder (Ezekiýel 38:2, 11-nji aýatlary okaň) b. Hudaýyň Patyşalygyna ediljek bu hüjüm Şeýtanyň gökden zyňlany bäri mesh edilenleriň galyndysyna garşy alyp baran söweşinde iň soňky göreşi bolar (Ylh. 12:7—9, 17). Iblis, esasanam, mesh edilen mesihçiler gaýtadan dikeldilen mesihçiler ýygnagyna ýygnalyp başlanandan bäri olaryň ruhy abadançylygyny bozmaga synanyşýar, emma bu başa barmaýar (Mat. 13:30). Ýalan dini guramalaryň ählisi ýok edilip, Hudaýyň halky «diwarsyz... kiltsiz... gapysyz» ýaşaýan ýaly bolup görnende, Şeýtan olary gyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredi diýip pikir eder. Ol zalym ýaranlaryny Patyşalygyň tarapdarlaryna hüjüm etmäge küşgürer.

13. Ýehowa öz halkyna nädip arka çykar?

13 Ezekiýel pygamber şol döwürde boljak wakalary beýan edipdi. Onuň pygamberliginde Gog barada şeýle diýilýär: «Şonda sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň. Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkymyň... üstüne hüjüm edersiň» (Ezek. 38:15, 16). Ýehowa asla öňüni alyp bolmajak ýaly görünýän bu hüjüme nähili garar? Ol: «Meniň gahar-gazabym möwç urar... gylyjymy... çagyraryn» diýýär (Ezek. 38:18, 21; Zakarýa 2:8-i okaň c). Şonda Ýehowa öz halkyna arka çykar. Hudaýyň bu hüjüme goşulmagy bilen, Armageddon urşy başlar.

14, 15. Şeýtan Hudaýyň halkyna hüjüm edip başlanyndan biraz wagt geçensoň nähili waka bolar?

14 Ýehowanyň öz halkyny Armageddonda nädip gorajakdygy barada gürrüň etmezden öň, geliň, beýleki wajyp waka barada oýlanalyň. Bu waka Şeýtan Hudaýyň halkyna hüjüm edip başlanyndan, Ýehowanyň Armageddonda hereket edip başlajak döwri aralygynda bolar. 11-nji abzasda bellenilip geçilişi ýaly, bu ikinji waka mesh edilenleriň galyndysynyň ýygnalmagydyr.

15 Mesh edilenleriň ýygnalmagy. Hoş habarçy Matta hem, Markus hem Armageddon urşy başlanmazyndan öň boljak wakalar hakda ýazanda, Isanyň mukaddes ruh bilen mesh edilip «saýlananlar» barada aýdan sözlerini belläp geçdi (7-nji abzasa serediň). Isa özüni Patyşa hökmünde suratlandyryp: «Ol perişdelerini iberer, olar ýeriň dört tarapyndan, ýeriň bir ujundan asmanyň beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar» diýip pygamberlik etdi (Mar. 13:27; Mat. 24:31). Isa haýsy ýygymy göz öňünde tutdy? Ol agyr muşakgat başlanmazyndan öň mesh edilenleriň gutarnykly möhürlenmegi barada aýtmaýardy (Ylh. 7:1—3). Isa agyr muşakgatyň dowamynda boljak wakany göz öňünde tutýardy. Şeýlelikde, Şeýtan Hudaýyň halkyna hüjüm edip başlanyndan biraz wagt geçensoň, mesh edilenleriň ýerdäki galyndysy göge alnar.

16. Gökde direlen mesh edilen mesihçiler Armageddon urşuna nädip gatnaşar?

16 Mesh edilenleriň ýygnalmagynyň indiki boljak waka, ýagny Armageddon urşy bilen nähili baglanyşygy bar? Mesh edilenleriň ýygnaljak wagtyny göz öňünde tutsak, Hudaýyň Armageddon urşy başlamanka, olaryň ählisi gökde bolar diýen netijä gelip bileris. Gökde Mesih bilen höküm sürjek 144 müňler Isa bilen bile Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlarynyň ählisini «demir hasa» bilen ýok etmäge ygtyýar alar (Ylh. 2:26, 27). Soňra Söweşiji Patyşa Isa Ýehowanyň halkyny özleriniň oljasy ýaly gurşap alan duşmanlaryň «güýçli goşunyna» garşy söweşe çykar. Şonda mesh edilen mesihçileriň ählisi hem güýçli perişdeler bilen bile onuň yzyna eýerer (Ezek. 38:15). Bu güýçli çaknyşyk bilen Armageddon urşy başlanar (Ylh. 16:16).

Agyr muşakgatyň jemleýji tapgyry

Armageddon urşy başlanýar!

17. Armageddonda «geçilere» näme bolar?

17 Hökümiň ýerine ýetirilmegi. Armageddon urşy agyr muşakgatyň jemleýji tapgyry bolar. Şol döwürde «ähli halklaryň» Kazysy Isa başga bir ýumşy amala aşyrar. Ol halklara, ýagny «geçiler» diýip yglan edilen adamlara çykarylan hökümi ýerine ýetirer (Mat. 25:32, 33). Patyşamyz «ýiti we uzyn gylyç» bilen «milletleri öldürer». Hawa, geçi bilen deňeşdirilýän adamlaryň «patyşalardan» «gullara» çenli ählisi «ebedilik kesilip taşlanar» (Ylh. 19:15, 18; Mat. 25:46).

18. a) «Goýunlara» näme garaşýar? b) Isa ýeňiş gazanansoň näme eder?

18 Isanyň «goýun» hasaplan adamlary üçin ähli zat, gör, nähili çalt özgerer! «Geçilerden» ybarat Şeýtanyň ägirt uly goşuny ejiz görünýän «goýunlary» basgylap bilmez. «Uly märeke» duşmanlaryň hüjüminden halas bolup, «agyr muşakgatdan geçer» (Ylh. 7:9, 14). Isa Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykan adamlaryň ählisini ýok edip, ýeňiş gazanansoň, Şeýtany we onuň jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňar. Olar edil öli ýaly, 1 000 ýyl hereketsiz bolar (Ylham 6:2; 20:1—3-nji aýatlary okaň).

Biz nädip taýýarlanyp bileris?

19, 20. Işaýa 26:20 we 30:21-nji aýatlardaky sözlerden nähili sapak edinip bileris?

19 Biz bütin ýeri sarsdyrjak wakalara nädip taýýarlanyp bileris? Birnäçe ýyl mundan ozal «Garawul diňi» žurnalynda: «Halas bolmak gulak asmaklyga bagly bolar» diýlipdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Munuň jogabyny Ýehowanyň gadymy döwürde Wawilonda ýesirlikde ýaşan ýehudylara aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ýehowa Wawilonyň basylyp alynjakdygyny öňünden aýtdy. Hudaýyň halky muňa nädip taýýarlanmalydy? Ýehowa olara: «Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň» diýdi (Iş. 26:20). Bu aýatdaky işliklere üns beriň: «geliň», «giriň», «ýapyň», «gizleniň». Bularyň ählisi işligiň buýruk şekilinde bolup, tabşyryk hökmünde berilýär. Bu tabşyryklara gulak asan ýehudylar öýünden çykmandygy üçin, köçedäki esgerleriň eline düşmediler. Görşümiz ýaly, olaryň halas bolmagy Ýehowanyň görkezmelerine gulak asyşyna bagly boldy d.

20 Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Hudaýyň gadymy döwürdäki gullukçylary ýaly, biziň hem gelejekde halas bolmagymyz Ýehowanyň görkezmelerine gulak asyşymyza bagly bolar (Iş. 30:21). Biz şeýle görkezmeleri ýygnak duşuşyklarynda alýarys. Şol sebäpli biz berilýän görkezmelere ýürekden eýermegi öwrenmek isleýäris (1 Ýahýa 5:3). Eger biz muny häzirden endik edinsek, gelejekde-de tabşyryklara gulak asmak bize aňsat bolar. Şeýdip, biz Atamyz Ýehowanyň we Patyşamyz Isanyň goragy astynda bolarys (Sef. 2:3). Ýehowanyň goragy bilen, biz Hudaýyň Patyşalygynyň öz duşmanlaryny nädip bütinleý ýok edýändigini gözümiz bilen görüp bileris. Bu hiç haçan ýatdan çykmajak waka bolar!

a «Beýik Wawilon» ýok edilende, ähli dindar adamlar däl-de, esasan, ýalan dini guramalar ýok ediler diýen netijä gelmek paýhasly bolar. Wawilonyň öňki tarapdarlarynyň köpüsi şol ýok edilişikden gutulyp, Zakarýa 13:4—6-njy aýatlarda aýdylyşy ýaly, özlerini dinden çetde tutmaga çalyşmagy mümkin.

b Ezekiýel 38:2 Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. 11 Sen: «Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok» diýersiň.

c Zakarýa 2:8 Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir».

d Köpräk bilmek üçin, «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nur» atly kitabyň (rus.) I tomunyň 282, 283-nji sahypalaryna serediň.