Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BAP

Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar

Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar

BABYŇ TEMASY

Patyşalyk Hudaýyň ýer we adamzat babatdaky wadalarynyň ählisini ýerine ýetirýär

1, 2. a) Käwagt Jennetdäki ýaşaýşy hakyky boljak zat ýaly göz öňüne getirmek näme üçin kyn bolýar? b) Hudaýyň wadalaryna imanymyzy berkitmäge näme kömek eder?

 HUDAÝA wepaly gulluk edýän bir dogan ýadaw halda ýygnak duşuşygyna barýar. Bu gün onuň üçin gaty agyr boldy: ol çendenaşa talap ediji başlygyndan nähak ýere käýinç eşitdi, maşgalasyny eklemek we aýalynyň ýarawsyzlygy baradaky aladalar bolsa, ony has-da basmarlady. Emma, ine, duşuşykda ilkinji aýdymyň sazy başlanýar. Dogan uludan demini alýar, sebäbi ol Patyşalyk zalynda dogan-uýalary bilen duşuşandygyna örän begenýär. Olar Jennetde boljak ýaşaýyş barada aýdym aýdýarlar. Aýdymyň sözleri doganyň göwnüni galkyndyryp, ol özüni Jennetde ýaly göz öňüne getirýär. Ol bu aýdymy gaty gowy görýär. Häzir ony maşgalasy bilen aýdyp durka, gelejege bolan umyt onuň ynjalyksyz ýüregine teselli berýär.

2 Sizem şonuň ýaly duýgulary başdan geçiripmidiňiz? Elbetde, biziň köpümiz bilen şeýle bolandyr. Emma bu dünýädäki gaýgy-aladalar sebäpli, Jennetdäki ýaşaýşy hakyky boljak zat ýaly göz öňüne getirmek kyn bolýar. Häzir «juda kyn döwür» we biziň ýaşaýan dünýämizde Jennetdäki şertlerden nam-nyşan ýok (2 Tim. 3:1). Onda gelejege bolan umydymyza hakykat hökmünde garamaga bize näme kömek eder? Aslynda, biz tizden Hudaýyň Patyşalygynyň bütin adamzadyň üstünden höküm sürüp başlajakdygyna näme üçin ynanýarys? Geliň, geçmişde Hudaýyň halkynyň gözüniň alnynda ýerine ýeten Ýehowanyň pygamberlikleriniň käbirine seredeliň. Soňra olaryň biziň günlerimizde ýerine ýetişi barada gürrüň ederis. Şeýdip, imanymyzy berkidenimizden soň, şol pygamberlikleriň ählisiniň gelejekde nädip ýerine ýetjekdigine üns bereris.

Ýehowa öz wadalaryny gadymy döwürde nädip ýerine ýetirdi?

3. Wawilonda ýesirlikde ýaşan ýehudylara haýsy wada teselli berdi?

3 B. e. öň VI asyrda Wawilonda ýesirlikde ýaşan ýehudylaryň durmuşyny göz öňüne getiriň. Olaryň köpüsiniň ene-atasy hem, özleri hem ýesirlikde önüp-ösüpdi. Olaryň durmuşy gaty agyrdy. Wawilonyň ýaşaýjylary ýehudylaryň Ýehowa iman edýändigi üçin üstünden gülýärdiler (Zeb. 137:1—3). Ençeme ýyllaryň dowamynda wepaly ýehudylar ýeke-täk umyt bilen ýaşaýardylar. Ýehowa öz halkynyň dogduk mekanyna dolanjakdygyny we şol ýerde olara ajaýyp şertleri döretjekdigini wada beripdi. Ol hatda gaýtadan dikeldilen Ýahuda ýurduny Erem bagy, ýagny Jennet bilen deňeşdirdi! (Işaýa 51:3-i okaň) a. Hawa, şeýle wadalar Hudaýyň halkyna teselli bermek hem-de olaryň ýüreginde döräp biljek şübheleri aýyrmak üçin berildi. Geliň, käbir pygamberliklere seredip, olaryň Hudaýyň halkyny nädip berkidendigini bileliň.

4. Ýehowa ýehudylary öz watanynda howpsuzlykda ýaşajakdygyna nädip ynandyrdy?

4 Howpsuzlyk. Ýehudylar göni manydaky Jennete däl-de, 70 ýyl harabaçylykda ýatan ýurda dolanmalydy. Olaryň köpüsi şol ýeri asla görmändi. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ýurtlarda ýolbars, möjek we gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlar bardy. Şol sebäpli maşgalabaşylar: «Men aýalymy we çagalarymy howpsuzlykda ýaşadyp bilerinmi? Goýunlarymy we öküzlerimi nädip goraryn?» diýip biynjalyk bolmagy mümkindi. Elbetde, bular barada alada etmek adaty zat. Onda Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky b (okaň) Hudaýyň wadalary olara, gör, nähili teselli berendir! Şeýle şahyrana sözler bilen, Ýehowa ýehudylaryň we olaryň mal-garalarynyň howpsuzlykda boljakdygyna ynandyrdy. Ýolbarsyň saman iýmegi ýehudylaryň mal-garasyna hiç hili zyýan ýetirmejekdigini aňladýardy. Hudaýa wepaly adamlar ýyrtyjy haýwanlardan gorkmaly bolmazdy. Ýehowa öz halkynyň Ýahuda ýurdunyň ähli ýerinde, hatda çölde we tokaýlarda hem howpsuz ýaşajakdygyny wada berdi (Ezek. 34:25).

5. Ýehowanyň ähli gerekli zatlary bolluk bilen berjekdigine ynamly bolmaga ýehudylara haýsy pygamberlikler kömek etdi?

5 Bolçulyk. Ýehudylarda şeýle soraglar hem döremegi mümkindi: «Men dogduk mekanymda maşgalamy ekläp bilerinmi? Biz nirede ýaşarys? Men ol ýerde iş taparynmy we şol iş ýesirlikde ýaşap, bizi ezýän adamlaryň elinde bir döwüm çörek üçin çekýän agyr zähmetimden gowy bolarmy?» Ýehowa ýehudylaryň ýagdaýyna düşünip, bu soraglaryň ählisine pygamberlikler arkaly jogap berdi. Ýehowa halkynyň «ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar» ýaly ýagyş ýagdyrjakdygyny wada berdi (Iş. 30:23). Şeýle-de Hudaý olaryň ýaşamaga jaýynyň we lezzet berýän işiniň boljakdygyny wada berip: «Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler. Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin» diýdi (Iş. 65:21, 22). Hawa, butparaz Wawilondaky ýaşaýşy bilen deňeşdireniňde, ýehudylaryň durmuşy köp zatda gowulanmalydy. Emma olaryň ýesirlige düşmegine sebäp bolan has uly kynçylyklar barada näme diýse bolar?

6. Hudaýyň halky köp wagtlap nähili syrkawlykdan ejir çekdi we Ýehowa watanyna dolanjak ýehudylary nämä ynandyrdy?

6 Ruhy saglyk. Hudaýyň halky ýesirlige düşmezinden köp wagt öň, ruhy syrkawlykdan ejir çekýärdi. Ýehowa olara Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan» (Iş. 1:5). Ýehudylar ruhy taýdan kör we kerdi, göçme manyda aýdanyňda, olar Ýehowanyň maslahatlaryny diňlemejek bolup, gulaklaryny ýapýardylar hem-de Hudaýyň berýän ruhy nuruny görmejek bolup, gözlerini ýumýardylar (Iş. 6:10; Ýer. 5:21; Ezek. 12:2). Emma ýehudylar dogduk mekanyna dolanyp baranyndan soň hem, şeýle kynçylyklar dörese, olar howpsuz ýaşajakdygyna ynamly bolup bilerdimi? Olar ýene-de Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolmazdymy? Bu ýehudylara Ýehowanyň: «Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar» diýen wadasy teselli berýärdi (Iş. 29:18). Hawa, Ýehowa toba edip, düzelen halkyny ruhy taýdan sagaldar. Eger ýehudylar Ýehowanyň tabşyryklaryny höwes bilen kabul edip, gulak assalar, Hudaý olara durmuşda wajyp görkezmeleri berip, ýörejek ýoluny ýagtylandyrar.

7. Hudaýyň ýesirlikde ýaşan halkyna beren wadalary nädip ýerine ýetdi we bu näme üçin biziň imanymyzy berkidýär?

7 Ýehowa beren wadalaryny ýerine ýetirdimi? Muňa taryhda bolup geçen wakalar jogap berýär. Ýehowa watanyna dolanyp baran ýehudylary howpsuzlyk, bolçulyk hem-de ruhy saglyk bilen bereketledi. Mysal üçin, Hudaý olary güýçli we köp sanly goňşy halklardan gorady. Ýyrtyjy haýwanlar ýehudylaryň mal-garalaryna zeper ýetirmedi. Işaýanyň, Ýermeýanyň we Ezekiýeliň dikeldiş barada ýazan pygamberlikleri şol döwürde Hudaýyň halkynda kiçi möçberde ýerine ýetse-de, örän tolgundyryjy boldy. Şonda ýehudylar ähli gerekli zatlar bilen üpjün edildi. Ýehowanyň öz halky üçin geçmişde eden işleri barada oýlanmak, biziň imanymyzy berkidýär. Eger şol pygamberlikleriň ilkinji gezek kiçi möçberde ýerine ýetişi şeýle ajaýyp bolan bolsa, onda olaryň uly möçberde ýerine ýetişi has-da täsin bolmazmy?! Geliň, indi Ýehowanyň şu günler biziň üçin edýän işleriniň käbirine seredeliň.

Ýehowa öz wadalaryny biziň günlerimizde nädip ýerine ýetirýär?

8. Şu günler Hudaýyň halky haýsy «ýurtda» ýaşaýar?

8 Ýehowanyň halky göni manyda bir millet däl we olaryň ählisi bir ýurtda ýaşamaýar. «Hudaýyň Ysraýyly» bolan ruhy halk mesh edilen mesihçilerden ybarat (Gal. 6:16). Olar ýoldaşlary, ýagny «başga goýunlar» bilen Ýehowa agzybirlikde sežde edip, ruhy «ýurtda» ýaşaýarlar. Bu sežde olaryň durmuşynda wajyp orun tutýar (Ýahýa 10:16; Iş. 66:8). Ýehowanyň bize beren «ýurdy» nämäni aňladýar? Bu Hudaýyň Erem bagy baradaky wadalarynyň ruhy manyda ýerine ýetýän ýeri bolan ruhy jenneti aňladýar. Geliň, bu babatda käbir mysallara seredeliň.

9, 10. a) Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär? b) Hudaýyň halkynyň arasynda parahatlygyň höküm sürýändigini nämeden görse bolýar?

9 Howpsuzlyk. Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky pygamberlikde adamlar bilen öý haýwanlarynyň ýabany haýwanlardan gorkmajakdygy we ýabany haýwanlaryň hem olardan gorkmajakdygy gowy suratlandyrylýar. Bu pygamberlik şu günler ruhy manyda ýerine ýetýärmi? Hawa, 9-njy aýatda bu ýaradylan zatlaryň näme üçin hiç hili zyýan ýetirmejekdigi düşündirilýär. Onda şeýle diýilýär: «Bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý... (Ýehowanyň biliminden, TD) dolar». Eýsem, «Ýehowanyň bilimi» haýwanlaryň özüni alyp barşyna täsir edermi? Ýok, bu bilim diňe Gudratygüýçli Hudaý barada köpräk bilip, onuň ýollaryndan ýöräp, parahat ýaşamaga jan edýän adamlary özgerdýär. Şol sebäpli bu pygamberlik şu günler ruhy jennetde ýerine ýetýär diýse bolar. Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda Isanyň şägirtleri öňler gylyk-häsiýetleriniň juda erbetliginden ýaňa wagşy haýwan ýaly bolsalar-da, düzelip, dogan-uýalary bilen agzybir bolmagy hem-de parahatlykda ýaşamagy öwrenýärler.

10 Mysal üçin, biz şu kitapda bitaraplygymyzy saklamak babatda Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýşymyza seredip, Hudaýyň gullukçylarynyň bitaraplygyny saklaýandygy üçin yzarlamalara duş gelýändigi barada gürrüň etdik. Eýsem, bu zalym dünýäde hatda ölüm howpy abansa-da, zorluk-sütemiň hiç bir görnüşine gatnaşmaýan ägirt uly «halky» görmek, haýran galdyrmaýarmy näme?! Bu Işaýanyň pygamberliginde beýan edilişi ýaly, Mesihi Patyşanyň raýatlarynyň parahatlykda ýaşaýandygyny subut edýär. Isa şägirtleriniň birek-birege bolan söýgüsinden tanaljakdygyny aýdypdy (Ýahýa 13:34, 35). Şu günler Isa ýygnaklarda «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» arkaly hakyky mesihçileriň ählisine parahatlykda ýaşap, bir-birini söýmegi we ýumşak bolmagy öwredýär (Mat. 24:45—47).

11, 12. Şu günler bütin dünýä nähili açlykdan ejir çekýär we Ýehowa nädip öz halkynyň aladasyny edýär?

11 Bolçulyk. Bütin dünýä ruhy açlykdan ejir çekýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle pygamberlik edilipdi: «Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar“» (Amos 8:11). Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hem açlykdan ejir çekýärmi? Ýehowa öz halkynyň ýagdaýynyň duşmanlarynyňkydan düýpgöter tapawutlanjakdygyny aýdyp: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz» diýdi (Iş. 65:13). Siz bu sözleriň, hakykatdanam, ýerine ýetýändigini görýärmisiňiz?

12 Bize bolluk bilen berilýän ruhy iýmiti barha çuňlaşyp, dolup-daşýan derýa meňzetse bolýar. Bu dünýädäki adamlar ruhy açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçsa-da, biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz, audio-wideoýazgylarymyz, ýygnak duşuşyklarymyz, kongreslerimiz we web-saýtymyzdaky maglumatlar arkaly ruhy iýmiti artygy bilen alýarys (Ezek. 47:1—12; Ýowel 3:18). Eýsem, Ýehowanyň bolçulyk babatda beren wadalarynyň her gün gözümiziň alnynda ýerine ýetmegi, bizi begendirmeýärmi näme?! Sizem Ýehowanyň saçagyndan yzygiderli naharlanýarmysyňyz?

Ýygnak duşuşyklarymyzda bize ruhy iýmit berlip, ruhy saglymyzyň we howpsuzlygymyzyň aladasy edilýär

13. Siz Ýehowanyň körleriň gözüniň açyljakdygy we kerleriň eşitjekdigi baradaky wadasynyň ýerine ýetişini gördüňizmi?

13 Ruhy saglyk. Şu günler dünýäde ruhy taýdan ker we kör adamlaryň sany-sajagy ýok (2 Kor. 4:4). Emma Isa olary bu keselinden sagaldyp, derdinden dyndarýar. Siz körleriň gözüniň açylandygyny we kerleriň eşidip başlandygyny görüpmidiňiz? Eger siz ýalan dini taglymatlar sebäpli kör we ker bolan adamlaryň Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwrenip, dogry bilim alansoň, ýalan dinden çykandygyny gören bolsaňyz, onda Hudaýyň: «Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar» diýen wadasynyň ýerine ýetýändigini gördüňiz (Iş. 29:18). Her ýyl bütin dünýäde ýüz müňlerçe adamlar ruhy taýdan şypa tapýar. Beýik Wawilondan çykyp, biziň bilen bile ruhy jennetde Ýehowa sežde edýän adamlaryň her biri Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr!

14. Biz näme barada oýlansak imanymyzy berkideris?

14 Şu kitabyň her babynda soňky günlerde Isa Mesihiň öz şägirtlerini hakyky ruhy jennete getirendigini görkezýän subutnamalar bar. Şol sebäpli, geliň, mundan beýläk-de ruhy jennetde alýan bol bereketlerimiz barada oýlanalyň. Eger şeýle etsek, Ýehowanyň gelejek barada berýän wadalaryna imanymyzy has-da berkideris.

«Patyşalygyň gelsin»

15. Biz bütin ýer ýüzüniň Jennete öwrüljekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?

15 Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmekdi. Ol Adam ata bilen How enäni Erem bagynda ýerleşdirip, olara ýer ýüzüni adamlardan doldurmagy hem-de ähli janly-jandarlaryň aladasyny etmegi tabşyrdy (Gel. çyk. 1:28). Emma Adam ata bilen How ene Şeýtanyň turzan pitnesine goşulyp, nesillerine bikämillik, günä we ölüm geçirdi. Muňa garamazdan, Hudaýyň niýeti üýtgemedi. Onuň aýdan her bir sözi doly ýerine ýetýär (Işaýa 55:10, 11-nji aýatlary okaň) c. Diýmek, Adam ata bilen How enäniň nesilleri bütin ýer ýüzüni dolduryp, oňa eýeçilik eder we Jennetde Ýehowanyň ýaradan zatlarynyň söýgi bilen aladasyny eder. Şeýdip, Jennetde boljak ýaşaýyş barada ýehudylara berlen wadalaryň ählisi doly ýerine ýeter! Geliň, käbir mysallara seredeliň.

16. Jennetde howpsuzlykda ýaşajakdygymyz Mukaddes Ýazgylarda nähili suratlandyrylýar?

16 Howpsuzlyk. Ahyrsoňy, Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky göwnümizi göterýän wadalar göni manyda ýerine ýeter. Erkek adamlar, aýallardyr çagalar nirede bolsalar-da, özlerini howpsuz duýarlar. Bize ne ynsanlar, ne-de haýwanlar howp salar. Göz öňüne getiriň, bütin ýer şary siziň öýüňiz bolar. Siz hiç kimden we hiç zatdan gorkman, derýalarda, köllerde we deňizlerde suwa düşersiňiz, daga çykarsyňyz we otluk meýdanlarda gezim edersiňiz. Garaňky düşüp barýan bolsa-da, siz asla gorkmarsyňyz. Şonda Ezekiýel 34:25-däki sözler berjaý bolar we Hudaýyň halky hatda «çölde-de howpsuz ýaşar we tokaýlarda ýatar».

17. Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürüp başlanda, Ýehowanyň bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine näme üçin ynanyp bileris?

17 Bolçulyk. Garyplygyň, ýetmezçiligiň, açlygyň we sosial üpjünçilik çäreleriniň bolmajak wagty barada oýlanyp görüň. Şu günler Hudaýyň halkyna ruhy iýmitiň bolluk bilen berilmegi, Mesihi Patyşanyň öz raýatlaryny ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigini subut edýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adamy doýrup, şol wadalary ýerine ýetirip bilýändigini kiçi möçberde görkezdi (Mat. 14:17, 18; 15:34—36; Mar. 8:19, 20). Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürüp başlanda, şu aýatdaky ýaly başga-da pygamberlikler göni manyda ýerine ýeter: «Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar» (Iş. 30:23).

18, 19. a) Işaýa 65:20—22-nji aýatlardaky pygamberligiň siziň üçin nähili ähmiýeti bar? b) Haýsy manyda biziň ömrümiz «daragtyňky deý» bolar?

18 Şu günler köp adamlara amatly öýüniň we lezzet berýän işiniň boljakdygyny göz öňüne getirmek hem kyn bolýar. Bu zalym dünýäde köpler uzakly gün agyr zähmet çekip, ujypsyzja hak alýar, olaryň hasabyna ýaşaýan açgöz hem-de baý adamlar bolsa, mesliginden ýaňa puluny nämä sowjagyny bilmeýär. Şol sebäpli, ine, şunuň ýaly pygamberlikler berjaý bolanda ýaşaýşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň: «Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler. Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar» (Iş. 65:20—22).

19 Biziň ömrümiz «daragtyňky deý» bolar diýilmegi nämäni aňladýar? Aýdaly, siz bir uly agajyň ýanynda dursuňyz. Onuň gaty köp ýyldan bäri ýaşaýandygy barada oýlananyňyzda, siziň ýüregiňize howsala aralaşmaýarmy? Belki-de, bu agaç siziň garry ata-babalaryňyzyň ýaşan döwründen hem öň bardyr. Eger siziň gelejekde kämil bolup, ebedi ýaşamaga umydyňyz bolmadyk bolsa, bu agaç sizden has uzak ýaşardy we siz barada diňe ýagşy ýatlama galardy. Biz Ýehowanyň Jennetde uzak hem-de parahat ýaşajakdygymyzy wada berýändigine diýseň begenýäris! (Zeb. 37:11, 29). Şol döwürde hatda uzak ýaşaýan agaçlar hem biziň üçin bu gün gögerip, gysga wagtyň içinde gurap gidýän ot ýaly bolar, biz bolsa ebedi ýaşarys!

20. Patyşalygyň wepaly raýatlary nädip kämil saglyga eýe bolar?

20 Kämil saglyk. Şu günler keselçilik we ölüm dünýädäki zatlaryň ählisine gara tagmasyny basýar. Belli bir manyda, biziň ählimiz kesel, bize günä atly ölüm howply kesel ýolukdy. Biz ondan diňe Isanyň töleg gurbany arkaly gutulyp bileris (Rim. 3:23; 6:23). Müňýyllyk hökümdarlygynda Isa mirasdaşlary bilen bile adamlara töleg gurbanyndan doly peýdalanmaga kömek eder we wepaly adamlary günäniň ýetiren ähli zyýanyndan ýuwaş-ýuwaşdan azat eder. Işaýanyň: «Ilatyň hijisi: „Men syrkaw“ diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler» diýen pygamberligi doly ýerine ýeter (Iş. 33:24). Göz öňüne getiriň, hiç kim kör, ker ýa-da agsak bolmaz! (Işaýa 35:5, 6-njy aýatlary okaň) d. Isa Mesih beden, akyl we duýgy taýdan syrkawlaryň ählisini sagaldar; onuň sagaldyp bilmejek keseli bolmaz. Patyşalygyň wepaly raýatlarynyň kämil saglygy bolar!

21. Ölüme näme bolar we bu wada bize näme üçin teselli berýär?

21 Adamlaryň köpüsi keselçilik sebäpli aradan çykýar. Onda günäniň netijesi ölüme näme bolar? Bu biziň «soňky duşmanymyz»; bikämil adamlaryň ählisi iru-giç şol duşmanyň öňünde ejizleýär (1 Kor. 15:26). Emma ölüm Ýehowa üçin hem şeýle gorkunç duşmanmy? Işaýa pygamber: «Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» diýdi (Iş. 25:8). Siz şol döwri göz öňüne getirip bilermisiňiz? Şonda hiç hili ýas tutulmaz, hatda gonamçylyk hem bolmaz! Ýehowa ölüleri direltmek baradaky tolgundyryjy wadasyny ýerine ýetirende, adamlaryň gaýgy-hasraty şatlyga öwrülip, olar begenjinden ýaňa aglarlar! (Işaýa 26:19-y okaň) e. Ahyrsoňy, ölümiň salan sansyz-sajaksyz ýaralary biter.

22. Mesihi Patyşalyk Hudaýyň islegini ýer ýüzünde doly amala aşyranda näme bolar?

22 Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyrynda Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini doly amala aşyrar we Isa Mesih hökümdarlygy Atasyna tabşyrar (1 Kor. 15:25—28). Ahyry kämillige ýeten adamzat düýpsüz çuňlukdan boşadyljak Şeýtanyň iň soňky synagyna taýýar bolar. Şondan soň Isa bu ýigrenji «ýylany» we onuň ýaranlaryny bütinleý ýok eder (Gel. çyk. 3:15; Ylh. 20:3, 7—10). Ýehowany söýýän wepaly adamlara bolsa, bagtly gelejek garaşýar. Bu ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylarda örän gowy suratlandyrylýar. Onda wepaly adamlaryň «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygy» wada berilýär (Rim. 8:21).

Patyşalyk Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky wadalarynyň ählisini ýerine ýetirer

23, 24. a) Hudaýyň wadalary näme üçin hökman ýerine ýeter? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

23 Ýehowanyň bu wadalary ýöne bir boş isleg, arzuw ýa hyýal däl. Olar hökman ýerine ýeter! Biz näme üçin muňa şübhelenmän bileris? Şu kitabyň 1-nji babynda agzalýan Isanyň sözlerini ýada salalyň. Ol şägirtlerine Ýehowa şeýle doga etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:9, 10). Hudaýyň Patyşalygy kimdir biriniň toslap tapan zady däl. Ol, hakykatdanam, bar we häzir gökde höküm sürýär! Bu Patyşalyk 100 ýyldan bäri Ýehowanyň wadalaryny amala aşyrýar. Biz muny mesihçiler ýygnagynda aýdyň görýäris. Şol sebäpli Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürüp başlanda, Ýehowanyň ähli wadalarynyň ýerine ýetjekdigine hiç haçan şübhelenmän bileris!

24 Biz Hudaýyň Patyşalygynyň geljekdigine ynanýarys. Şeýle-de biz Ýehowanyň wadalarynyň jikme-jik ýerine ýetjekdigine ynanýarys. Näme üçin? Säbäbi HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HÖKÜM SÜRÝÄR! Biziň her birimiz özümize: «Men Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýarynmy?» diýen soragy bermeli. Geliň, häzirden Patyşalygyň wepaly raýatlary bolmak üçin elimizde baryny edeliň. Şonda biz onuň kämil hem-de adalatly hökümdarlygynyň bereketlerinden ebedilik peýdalanyp bileris!

a Işaýa 51:3 Reb Siýona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.

b Işaýa 11:6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer. 8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar. 9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.

c Işaýa 55:10 Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek, 11 Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar.

d Işaýa 35:5 Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar; 6 Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar.

e Işaýa 26:19 Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, ýer ölüleri ýaşaýşa ýetirer.