Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Patyşalygyň gadyrly wagyzçylary!

GÖZ öňüne getiriň, siz Bruklindäki Beýtelde gulluk edýärsiňiz. 1914-nji ýylyň 2-nji oktýabry, anna güni irden. Siz naharhanada öz ýeriňizde oturyp, Rassel doganyň gelmegine garaşýarsyňyz. Ine, gapy açylyp, Rassel dogan naharhana girýär. Ol hemişekisi ýaly gapynyň agzynda biraz säginip, Beýtel maşgalasyna: «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» diýip ýüzlenýär. Emma ol stoluň başyna geçip oturmaýar-da, duran ýerinden elini çarpyp, tolgundyryjy bildiriş aýdýar: «Milletlere berlen wagt tamamlandy, olaryň patyşalarynyň gününiň soňy geldi!» Siz bu pursada köp wagtdan bäri garaşýandygyňyz üçin ýüregiňiz şatlykdan dolýar. Bütin Beýtel maşgalasy bu ajaýyp täzeligi şowhunly we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýar.

Rassel doganyň bu tolgundyryjy bildirişi aýdanyna ençeme ýyl geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda Hudaýyň Patyşalygy nämeleri etdi? Ol köp üstünlikleri gazandy! Ýehowa Patyşalygy arkaly 1914-nji ýylda bary-ýogy birnäçe müň adamy, şu günler bolsa 8 milliondan gowrak halkyny kem-kemden arassalaýar we tälim berýär. Bu tälimiň size nähili peýdasy bar?

Biz köplenç doganlaryň: «Ýehowanyň gökdäki arabasy öňe barýar!» diýýändigini eşidýäris. Bu, hakykatdanam, dogry. Emma siz şu kitaby ünsli okasaňyz, 1914-nji ýyldan bäri Ýehowanyň guramasynyň göze görünmeýän bölegini suratlandyrýan gökdäki arabanyň güýçli depginde hereket edýändigine göz ýetirersiňiz. Patyşalygyň wagyzçylary bütin dünýäde hoş habary wagyz etmek üçin gazetler, habar berilýän ýörişler, «Fotodrama», kartoçkalar, patefon, radio hem-de Internet ýaly döwrebap usullary ulanýarlar.

Şu günler Ýehowanyň wagyz işini patalamagy bilen, biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan owadan reňkli edebiýatlarymyzy 670-den gowrak dilde çykaryp, ähli adamlara mugtuna hödürleýäris. Ykdysady taýdan ösen hem-de ösmedik ýurtlarda-da meýletin gulluk edýän dogan-uýalar Patyşalyk we Kongres zallarynyň, filiallaryň gurluşyk işlerine kömek edýärler. Şeýle-de dogan-uýalar tebigy betbagtçylykdan ejir çeken adamlary ak ýürekden goldaýarlar. Şeýdip, olar «aladaly gün üçin doglandygyny» görkezýärler (Sül. tym. 17:17).

Käwagt dini ýolbaşçylar we başga-da garşylyk görkezýän adamlar bize «kanunyň adyndan ýamanlyk etjek» bolýarlar. Emma her gezek olaryň niýetleriniň başa barman, gaýtam, «hoş habaryň ýaýramagyna» ýardam edýändigini görenimizde, biziň imanymyz berkeýär (Zeb. 94:20; Flp. 1:12).

Siziň bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin uly hormat, sebäbi biziň ählimiz Patyşamyzyň «öýdäki hyzmatkärleridiris». Siziň ähliňizi ýürekden söýýändigimizi unutmaň. Biz şu kitabyň size ruhy mirasyňyzy has-da gymmat saýmaga kömek etmegi üçin doga edýäris (Mat. 24:45).

Iň gowy arzuwlar bilen,

siziň doganlaryňyz,

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty