Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: Londonda açyk howada geçirilen ýygnak duşuşygy (Angliýa, 1945-nji ýyl). Sagda: Malawide geçirilen bir günlük ýörite kongres (Afrika, 2012-nji ýyl)

5-NJI BÖLÜM

Patyşalygyň berýän tälimi — Patyşanyň gullukçylaryna tälim berilýär

Patyşalygyň berýän tälimi — Patyşanyň gullukçylaryna tälim berilýär

SIZIŇ ýygnagyňyzdaky bir ýaş dogan kongresde ilkinji gezek nutuk bilen çykyş edýär. Siz oňa seredip, mähirli ýylgyrýarsyňyz. Onuň nutugyny diňleýärkäňiz, Hudaýyň halkyna berilýän tälime diýseň haýran galýarsyňyz. Bu ýaş doganyň ilkinji gezek sahna çykan güni siziň henizem ýadyňyzda. Şondan bäri ol köp üstünlik gazandy! Ol Pionerler mekdebinde tälim alansoň, ruhy taýdan hasam berkedi. Ýaňy-ýakynda bolsa, ol aýaly bilen Hoş habarçylar mekdebinde okady. Doganyň nutugy tamamlanansoň, siz el çarpyp, daş-töweregiňize seredýärsiňiz-de, Hudaýyň halkynyň arasyndaky her bir adama berilýän bilim barada oýlanýarsyňyz.

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň halkynyň ählisiniň Ýehowadan «tälim aljak» wagty barada pygamberlik edildi (Iş. 54:13). Biz edil şol döwürde-de ýaşaýarys. Biz diňe edebiýatlarymyz, ýygnak duşuşyklarymyz we kongresler arkaly däl, eýsem, Ýehowanyň guramasynda belli bir jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýýarlaýan dürli mekdeplerde-de tälim alýarys. Biz şu bölümde bize berilýän tälimiň Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini nädip subut edýändigine serederis.

ŞU BÖLÜMDE:

16-NJY BAP

Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys

Ýehowa sežde etmek üçin geçirilýän duşuşyklar bize has peýdaly bolar ýaly näme edip bileris?

17-NJI BAP

Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär

Hudaýyň guramasyndaky mekdepler Patyşalygyň gullukçylaryny borçlaryny ýerine ýetirmäge nädip taýýarlaýar?