Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BÖLÜM

Betbagtçylyga nädip döz gelmeli?

Betbagtçylyga nädip döz gelmeli?

«Dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň» (1 Petrus 1:6).

Siz maşgalaňyzy bagtly etmäge jan etseňiz-de, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda, şatlygyňyzy ýitirmegiňiz mümkin (Wagyz kitaby 9:11). Biz kynçylyga uçrasak-da, Hudaý bize söýgi bilen kömek edýär. Eger Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerseňiz, siz we maşgalaňyz hatda agyr kynçylyklara-da döz gelmegi başararsyňyz.

1 ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» (1 Petrus 5:7). Kynçylyga uçranyňyzda, Hudaýy günäkärlemeli däldigini hiç haçan unutmaň (Ýakup 1:13). Siz Hudaýa ýakynlaşsaňyz, Ol size iň gowy kömegi berer (Işaýa 41:10). Şonuň üçin Hudaýa «ýüregiňizi döküň» (Zebur 62:8).

Siz her gün Mukaddes Ýazgylary okasaňyz, göwnüňiz göteriler. Siz Ýehowanyň «bütin teselliler Hudaýydygyna» göz ýetirersiňiz (2 Korintoslylar 1:3, 4; Rimliler 15:4). Ol size «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» berjekdigini wada berýär (Filipililer 4:6, 7, 13).

MASLAHAT

  • Kalbyňyz rahat bolup, dogry pikirlenip biler ýaly Ýehowa doga ediň

  • Häzirki ýagdaýyňyzda näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyp, şoňa görä bir karara geliň

2 ÖZÜŇIZIŇ WE MAŞGALAŇYZYŇ ALADASYNY EDIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Paýhasly adam bilim gazanýandyr; akyldaryň gulagy bilim agtarýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 18:15). Siziň ýagdaýyňyz bilen baglanyşykly ähli zady biliň. Maşgalaňyzyň her bir agzasyna näme gerekdigine düşüniň. Munuň üçin olar bilen gepleşiň we olary diňläň (Süleýmanyň tymsallary 20:5).

Eger dogan-garyndaşlardan biri aradan çykan bolsa, gynanýandygyňyzy görkezmäge çekinmäň. Hatda Isanyň hem «aglandygyny» unutmaň (Ýahýa 11:35; Wagyz kitaby 3:4). Şeýle-de ýeterlik dynjyňy we ukyňy almak wajyp (Markus 6:31). Şonda gam-gussaňyz ýeňilleşer.

MASLAHAT

  • Eger maşgala agzalaryňyz özara gepleşmegi endik edinen bolsalar, hatda betbagtçylyk bolsa-da, olar siz bilen arkaýyn gürleşip bilerler.

  • Şeýle ýagdaýy başyndan geçiren adamlar bilen gepleşiň

3 BAŞGALARYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Dostlaryňyz size kömek etmek isleseler-de, belki, olar nädip kömek etjekdigini bilýän däldirler. Şonuň üçin olara özüňize nähili kömek gerekdigini aýtmaga çekinmäň (Süleýmanyň tymsallary 12:25). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip biler ýaly, oňa düşünýän adamlardan kömek soraň. Olaryň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän maslahatlary size kömek eder (Ýakup 5:14).

Siz Hudaýa ynanýan we wadalaryna bil baglaýan adamlar bilen yzygider gürrüňdeş bolsaňyz, özüňize gerekli kömegi alarsyňyz. Şeýle-de siz kömege mätäç adamlara göwünlik berseňiz, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz. Olara Ýehowa we onuň wadalaryna ynanýandygyňyzy gürrüň beriň. Mätäç adamlara kömek etmegi dowam ediň we söýgi bilen aladaňyzy edýän adamlardan özüňizi çetde tutmaň (Süleýmanyň tymsallary 18:1; 1 Korintoslylar 15:58).

MASLAHAT

  • Ýakyn dostlaryňyz bilen gepleşiň we olaryň kömegini kabul ediň

  • Özüňize näme kömek gerekdigini açyk aýtmaga çekinmäň