Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BAP

Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar

Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar

LUKA 1:34—56

  • MERÝEM GARYNDAŞY ELIZABETIŇ ÝANYNA BARÝAR

Ýadyňyzda bolsa, Jebraýyl perişde Merýem atly ýaş gyzyň ogul dogrup, adyna Isa dakjakdygyny, onuň Patyşa bolup, ebedi höküm sürjekdigini aýdypdy. Merýem bu sözleri eşidende: «Men nädip çaga dograýyn? Men entek durmuşa çykmadyk päk gyz ahyryn» diýýär (Luka 1:34).

Jebraýyl perişde oňa şeýle jogap berýär: «Seniň üstüňe mukaddes ruh iner we Beýik Biribaryň güýji seni gorar. Doguljak çaga mukaddes bolar we oňa Hudaýyň Ogly diýler» (Luka 1:35).

Soňra Jebraýyl Merýemi ynandyrmak üçin şeýle diýýär: «Ine, garyndaşyň Elizabet hem garran çagynda göwreli boldy, adamlar oňa önelgesiz diýýär, emma ol eýýäm alty aý bäri göwreli. Hawa, Hudaýyň aýdanlary hökman berjaý bolýandyr» (Luka 1:36, 37).

Merýem perişdäniň aýdanlary bilen ylalaşyp: «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly-da bolsun» diýýär (Luka 1:38).

Jebraýyl gidensoň, Merýem Iýerusalimiň golaýyndaky Ýahudanyň daglyk ýerinde ýaşaýan Zekeriýa bilen Elizabetiň ýanyna gitmek üçin taýýarlyk görýär. Merýem Nazaretden ol ýere barmak üçin üç-dört gün ýol ýöremeli bolandyr.

Ahyry, Merýem Zekeriýanyň öýüne gelýär. Ol öýe girip, Elizabete salam berýär. Elizabet şol bada mukaddes ruhdan dolup, Merýeme şeýle diýýär: «Aýallaryň arasynda bagtlysy sensiň, göwräňdäki çaga hem bagtlydyr! Halypamyň ejesiniň ýanyma gelmegi uly hormat dälmi näme? Ine, seniň salamyň gulagyma ýeten badyna, göwrämdäki çaga şatlykdan ýaňa bökjekledi» (Luka 1:42—44).

Merýem minnetdarlyk bilen şeýle diýýär: «Men Ýehowany şöhratlandyrýaryn. Halasgär Hudaýyma bolan begençden ýaňa ýüregim joşýar. Sebäbi ol pesgöwünli gyrnagyna nazar saldy. Ine, ähli nesiller meni bagtly hasaplar! Gudratygüýçli Hudaý meniň üçin ajaýyp zatlary etdi». Hawa, Merýem Hudaýyň merhemetini gazansa-da, ähli alkyşy Oňa aýdýar. Ol: «Onuň ady mukaddesdir. Hudaýyň merhemeti ondan gorkýanlaryň üstünde ebedi bolar» diýýär (Luka 1:46—50).

Merýem Ýazgylardaky pygamberlik sözleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmagyny dowam edýär: «Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi; ýüreginde tekepbirlik edýän adamlary dargatdy. Wezipeli adamlary tagtyndan düşürdi, pesgöwünlileri bolsa beýgeltdi. Aç adamlary gowy zatlar bilen doýurdy, baýlaryň bolsa ellerini boş goýberdi. Ol gullukçysy ysraýyla kömege geldi, şeýdip, ebedi rehimdarlyk etjekdigi baradaky wadasyny unutmandygyny görkezdi. Ol muny ata-babamyz Ybraýyma we onuň nesline wada edipdi» (Luka 1:51—55).

Merýem Elizabetiň ýanynda üç aý töweregi bolýar. Şeýdip, Elizabetiň dogurmaly wagty golaýlanda, oňa kömek edýär. Hudaýyň gudraty bilen göwreli bolan bu iki wepaly aýal şol günler bile bolandygyna nähili begenendir!

Görşümiz ýaly, Isa dogulmanka, hormata eýe bolýar. Merýem Elizabetiň öýüne gelende, onuň göwresindäki çaga «şatlykdan ýaňa bökjekledi», Elizabet hem oňa «Halypam» diýdi. Bu bolsa adamlaryň Merýeme we onuň dogulmaly çagasyna bolan garaýşyndan düýpgöter tapawutlanýardy. Bu barada soň gürrüň ederis.