Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar

Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar

MATTA 1:18—25; LUKA 1:56

  • ÝUSUP MERÝEMIŇ GÖWRELIDIGINI BILÝÄR

  • MERÝEM ÝUSUBYŇ AÝALY BOLÝAR

Merýemiň göwreli bolanyna dört aý boldy. Ýadyňyza düşýän bolsa, ol göwreliliginiň ilkinji aýlarynda günortada ýerleşýän Ýahudanyň daglyk ýerlerinde ýaşaýan Elizabetiň ýanynda bolupdy. Häzir bolsa ol öýüne Nazarete gaýdyp geldi. Tizden onuň göwreli bolandygyny hemmeler biler. Göz öňüne getiriň, ol nähili kyn ýagdaýa düşendir.

Merýemiň agaç ussasy Ýusup bilen adagly bolmagy ýagdaýy has-da kynlaşdyrýardy. Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunyna görä, adaglanan aýal başga biri bilen jynsy gatnaşyk etse, ol daşlanyp öldürülmelidi. Merýem hem muny bilýärdi (Kanun taglymaty 22:23, 24). Merýem ahlaksyzlyk etmese-de, göwreli bolandygyny Ýusuba nädip düşündirjekdigi we soňra näme boljakdygy barada alada edendir.

Merýem üç aýlap öýünde bolmansoň, Ýusubyň ony gaty göresi gelendir. Olar duşuşanda, Merýem oňa ähli zady, ýagny Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly göwreli bolandygyny gürrüň beren bolmaly. Göz öňüne getiriň, Ýusuba bu zatlara düşünmek we ynanmak gaty kyn bolandyr.

Ýusup Merýemiň gowy we asylly gyzdygyny bilýärdi. Ol ony ýürekden söýýärdi. Merýem näçe janygyp düşündirse-de, Ýusup üçin ol başga birinden göwreli bolan ýalydy. Ýusup Merýemiň daşlanyp öldürilmegini ýa-da ile masgara bolmagyny islemeýärdi, şol sebäpli ol hiç kime bildirmän onuň bilen aýrylyşmagy ýüregine düwýär. Şol döwürde adaglananlara är-aýal hökmünde garaýardylar. Şonuň üçin adaglananlar durmuş gurmajak bolsalar aýrylyşmalydy.

Bu zatlar Ýusuby biynjalyk edýärdi. Ol gije ýatyrka, Ýehowanyň perişdesi düýşüne girip: «Dawudyň ogly Ýusup, gelinligiň Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi ol mukaddes ruh arkaly göwreli boldy. Ondan bir ogul doglar, sen onuň adyna Isa dakarsyň. Ol öz halkyny günäden halas eder» diýýär (Matta 1:20, 21).

Ýusup oýananda, ähli zada düşünendigine begenýär. Ol haýal etmän perişdäniň diýenine gulak asyp, Merýemi öýüne getirýär. Ýusubyň şeýle etmegi olaryň durmuş gurup, är-aýal bolandygyny görkezýärdi. Muňa garamazdan, Isa dogulýança, Ýusup Merýeme ýanaşmaýar.

Birnäçe aý geçensoň, olar Nazaretden çykyp, uzak ýola düşmelidiler. Eýsem, Merýemiň dogurmaly wagty golaýlanda, olar nirä gitmeli?