Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BAP

Isa pygamber haçan we nirede dogulýar?

Isa pygamber haçan we nirede dogulýar?

LUKA 2:1—20

  • ISA BEÝTULLAHAMDA DOGULÝAR

  • ÇOPANLAR ÝAŇY DOGLAN ISANY GÖRMÄGE GELÝÄRLER

Rim imperatory Sezar Awgust ähli adamlaryň ilat ýazuwyndan geçmelidigi hakynda karar çykarýar. Şol sebäpli Ýusup Merýem bilen doglan şäherine, ýagny Iýerusalimiň günortasynda ýerleşýän Beýtullahama gitmeli bolýar.

Beýtullahama ilat ýazuwyndan geçmek üçin köp adamlar gelipdi. Ýusup bilen Merýem bolmaga ýer tapmansoň, malýatakda ýerleşýärler. Isa-da şol ýerde dogulýar. Merýem ony gundaga dolap, mallara iým berilýän ahyrda ýatyrýar.

Sezar Awgustyň ilat ýazuwyndan geçmek baradaky çykaran karary Hudaý tarapyn bolan bolmaly. Näme üçin? Sebäbi Isa ata-babasy Dawut patyşanyň dogduk mekany Beýtullahamda dogulmalydy. Mukaddes Ýazgylarda wada edilen Hökümdaryň şu şäherde dogulmalydygy ençeme wagt mundan öň pygamberlik edilipdi (Mika 5:2).

Bu gije adamzat üçin ähmiýetlidi. Çopanlar düzdekä, birden olaryň daş-töweregini Ýehowanyň şöhraty ýagtyltdýar! Hudaýyň perişdeleri çopanlara: «Gorkmaň! Ine, men size ähli adamlara uly şatlyk getirjek hoş habary yglan etmäge geldim. Şu gün Dawudyň şäherinde size halasgär doguldy, ol Halypaňyz Mesihdir. Ine, size alamat: siz gundaga dolangy ahyrda ýatan bir bäbegi görersiňiz». Şolbada birgiden perişdeler peýda bolup: «Göklerdäki Hudaýa şöhrat bolsun, ýer ýüzünde ony razy edýän adamlaryň arasynda parahatlyk bolsun» diýýärler (Luka 2:10—14).

Perişdeler gözden gaýyp bolansoň, çopanlar bir-birine: «Geliň, Beýtullahama gideliň-de, Ýehowanyň bize aýan eden zatlarynyň berjaý bolşuny göreliň» diýişýärler (Luka 2:15). Olar derrew şähere gidýärler we perişdäniň aýdyşy ýaly, ýaňy doglan Isany tapýarlar. Çopanlar perişdäniň aýdan zatlaryny gürrüň berenlerinde, diňläp oturan adamlaryň bary haýran galýar. Merýem bolsa ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklap, olar hakda oýlanýardy.

Şu günler köp adamlar Isa 25-nji dekabrda doguldy diýip pikir edýärler. Emma Beýtullahamda dekabr aýynda ýagyş ýagyp, howa sowuk bolýar. Käte bolsa gar hem ýagýar. Ýylyň şeýle sowuk wagty çopanlar sürüleri bilen açyk meýdanda galyp bilmezdiler. Şeýle-de Rim imperatory özüne garşy gozgalaň turuzjak bolup duran adamlardan gara gyşyň içinde ilat ýazuwyndan geçmekleri üçin ýola düşmeklerini talap etmezdi. Görşümiz ýaly, Isa howanyň maýyl wagty, ýagny oktýabr aýynda doglan bolmaly.