Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

Isa Nazaretde önüp-ösýär

Isa Nazaretde önüp-ösýär

MATTA 13:55, 56; MARKUS 6:3

  • ÝUSUP BILEN MERÝEMIŇ MAŞGALASY KÖPELÝÄR

  • ISA USSAÇYLYGY ÖWRENÝÄR

Isa Nazaret atly kiçijik şäherde önüp-ösýär. Bu şäher Ýahudanyň demirgazygynda, daglyk ýerlerinde ýerleşýän Jelile ýurduna degişlidi. Onuň günbatarynda Jelile deňzi diýip atlandyrylýan uly köl bardy.

Ýusup bilen Merýem Müsürden gaýdyp gelende, Isa iki ýaşlaryndady. Şol wagt olaryň başga çagasy ýokdy. Emma soňra Isanyň Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda atly doganlary dogulýar. Şeýle-de Ýusup bilen Merýemiň iki gyzy bolýar. Hawa, Isanyň azyndan alty sany dogan-uýasy bolupdyr.

Elbetde, Isanyň başga-da garyndaşlary bardy. Biz eýýäm Elizabet we onuň ogly Ýahýa hakda gürrüň edipdik. Olar günortada, ençeme kilometr uzaklykda ýerleşýän Ýahudada ýaşaýarlar. Jelilede bolsa Merýemiň aýal dogany, Isanyň daýzasy Salomi ýaşaýardy. Salominiň ýanýoldaşynyň ady Zebedeýdi. Olaryň Ýakup we Ýahýa atly iki ogly bardy; olar Isanyň doganoglanydy. Biz Isanyň çagaka, olar bilen nähili gatnaşykda bolandygyny bilmeýäris. Emma wagtyň geçmegi bilen, olar Isanyň ýakyn dostlary we resullary bolýarlar.

Ýusup agyr zähmet çekip, uly maşgalasyny ekleýärdi. Ol agaç ussasydy. Ýusup Isany öz ogly ýaly terbiýeleýär, şonuň üçin Isa «agaç ussasynyň ogly» diýip tanalýardy (Matta 13:55). Ýusup Isa-da öz kärini öwredýär, ol hem ökde ussa bolup ýetişýär. Ine, şonuň üçin hem adamlar Isa: «Ol agaç ussasy» diýýärdiler (Markus 6:3).

Ýusubyň maşgalasy Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýýardy. Ýusup bilen Merýem Hudaýyň Kanunyna eýerip, çagalaryny «öýde-de, ýolda-da, ýatanynda-turanynda-da» Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen terbiýeleýärdi (Kanun taglymaty 6:6—9). Nazaretde sinagoga bardy. Biz Ýusubyň maşgalasy bilen bile Hudaýa sežde etmek üçin sinagoga yzygiderli barýandygyna şübhelenmän bileris. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Isa... endigine görä, Sabat güni sinagoga bardy» diýilýär (Luka 4:16). Şeýle-de olar her ýyl höwes bilen Iýerusalime Ýehowanyň ybadathanasyna gidýärdiler.