Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

Isa suwa çümdürilýär

Isa suwa çümdürilýär

MATTA 3:13—17; MARKUS 1:9—11; LUKA 3:21, 22; ÝAHÝA 1:32—34

  • ISA SUWA ÇÜMDÜRILÝÄR WE MESH EDILÝÄR

  • ÝEHOWA ISANY «OGLUM» DIÝIP YGLAN EDÝÄR

Suwa çümdürýän Ýahýanyň wagyz edip başlanyna alty aý geçdi. Häzir Isa pygamber 30 ýaşlaryndady we ol Ýahýanyň ýanyna Iordan derýasyna gelýär. Näme üçin? Elbetde, ol dostundan habar almaga ýa-da onuň işiniň ilerleýşini görmäge gelen däldir. Isa Ýahýanyň ýanyna gelip, özüni suwa çümdürmegi haýyş edýär.

Ýahýa oňa garşy çykyp: «Men seni däl-de, sen meni suwa çümdürmeli dälmi näme?» diýýär (Matta 3:14). Ol Isanyň Hudaýyň ýeke-täk Ogludygyny bilýärdi. Ýadyňyza düşýän bolsa, Merýem Isa göwrelikä, Elizabeti görmäge baranda, onuň göwresindäki çaga, ýagny Ýahýa şatlykdan ýaňa bökjekläpdi. Elbetde, Ýahýanyň ejesi bu zatlary ogluna gürrüň berendir. Şeýle-de Ýahýa Jebraýyl perişdäniň gelip, Isanyň doguljakdygy barada aýdandygyny we Isanyň doglan gijesi perişdeleriň çopanlara görnendigini bilýän bolmaly.

Ýahýa günälerine toba edýän adamlary suwa çümdürýändigine düşünýärdi. Isa bolsa günäsizdi. Ýahýa garşylyk görkezse-de, Isa oňa: «Meni saklajak bolma, sebäbi biz şeýdip, Hudaýyň isleýän ähli zatlaryny berjaý etmelidiris» diýýär (Matta 3:15).

Onda Isa näme üçin suwa çümdürilýär? Ol günälerine toba edýändigi üçin däl-de, Atasynyň islegini berjaý etmäge taýyndygyny görkezmek üçin suwa çümdürilýär (Ýewreýler 10:5—7). Isa agaç ussasydy, indi onuň ýer ýüzündäki gullugyna başlamaly wagty geldi, çünki Atasy ony şonuň üçin iberipdi. Siziň pikiriňizçe, Isa suwa çümdürilende, Ýahýa üýtgeşik bir zadyň boljakdygyny bilýärdimi?

Ýahýa şeýle diýýär: «Men ony bilmesem-de, suwa çümdürmek üçin iberen Hudaý maňa: „Meniň ruhum gelip, kimiň üstüne gonsa, mukaddes ruh bilen çümdürjek adamyň şoldugyny bilersiň“ diýipdi» (Ýahýa 1:33). Hawa, Ýahýa suwa çümdürýän adamlarynyň arasynda kimdir biriniň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhunyň injekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Isa suwdan çykan badyna, «Hudaýyň ruhunyň kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýändigini görende», Ýahýa geň galmaýar (Matta 3:16).

Emma Isa suwa çümdürilende, ýene-de bir zat bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Gök açyldy» diýilýär. Bu Isanyň ýer ýüzüne gelmänkä, gökde ýaşan döwrüniň ýadyna düşendigini görkezýär. Diýmek, Isa suwa çümdürilende, gökde Ýehowanyň ruhy ogly bolup ýaşandygy we onuň öwreden hakykatlary ýadyna düşýär.

Mundan başga-da Isa suwa çümdürilende, gökden: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýen ses eşidilýär (Matta 3:17). Ol kimiň sesidi? Elbetde, Isanyň sesi däldi; sebäbi Isa şol wagt Ýahýanyň ýanyndady. Ol ses Hudaýyňkydy. Bu bolsa Isanyň Hudaý däl-de, Hudaýyň Ogludygyny görkezýär.

Diýmek, Isa ilkinji ynsan Adam ata ýaly Hudaýyň ogludy. Luka şägirt Isanyň suwa çümdürilişini beýan edensoň, şeýle ýazýar: «Isa gullugyna başlanda, 30 ýaşlaryndady. Aýtmaklaryna görä, ol Ýusubyň ogludy... Eliniň ogludy... Dawudyň ogludy... Ybraýymyň ogludy... Nuhuň ogludy... Adam atanyň ogludy, Adam ata hem Hudaýyň ogludy» (Luka 3:23—38).

Hawa, Isa Adam ata ýaly «Hudaýyň ogludy». Ol suwa çümdürilip, Hudaýyň ruhy ogly bolandygyny görkezýär. Şonda Isa Hudaýyň hakykatyny öwretmäge we ýaşaýşa eltýän ýoly görkezmäge mynasyp bolýar. Şeýlelikde, Isa gelejekde günäli adamlar üçin janyny gurban bermelidi.