Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY BAP

Isa pygamber — Hudaýyň ogly

Isa pygamber — Hudaýyň ogly

ÝAHÝA 5:17—47

  • HUDAÝ — ISANYŇ ATASY

  • HUDAÝ DIRELIŞI WADA BERÝÄR

Ýehudylar Isany Sabat güni ýarawsyz adamy sagaldandygy üçin günäkärlände, ol: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berýär (Ýahýa 5:17).

Isa pygamberiň eden işi Hudaýyň Sabat güni barada beren tabşyrygyna garşy gelmeýärdi. Aslynda, Isa wagyz edip we adamlary sagaldyp, Hudaýyň göreldesine eýerýärdi. Şonuň üçin ol adamlara her gün ýagşylyk edýärdi. Isanyň aýdan sözlerine ýehudylar öňküdenem beter gaharlanyp, ony öldürmegiň küýüne düşýärler. Olar näme üçin beýle gaharlandylarka?

Olaryň pikirine görä, Isa Sabat güni syrkawlary sagaldyp nädogry iş edýär. Indi bolsa onuň özüne Hudaýyň Ogly diýmegine hasam gaharlanýarlar. Isa Ýehowa Atam diýende, ýehudylar ol özüni Hudaý bilen deňäp, oňa dil ýetirýär diýip pikir edýärler. Emma Isa olara Hudaý bilen aýratyn gatnaşygynyň bardygyny görkezmek üçin: «Ata Ogluny söýýändir we oňa ähli edýän zatlaryny görkezýändir» diýip, çekinmän aýdýar (Ýahýa 5:20).

Ýaşaýşyň Gözbaşy Ýehowa geçmişde käbir pygamberler arkaly ölen adamlary direldipdi. Isa pygamber: «Atanyn ölen adamlary direldip, olara ýaşaýyş berişi ýaly, Ogul hem islän adamyna ýaşaýyş berýär» diýýär (Ýahýa 5:21). Bu sözler direlişe bolan umydymyzy has-da berkidýär. Hudaýyň Ogly häzirem adamlary ruhy taýdan direldýär. Şol sebäpli ol: «Meniň sözümi diňläp, Meni Iberene iman edýän adam ebedi ýaşaýşa gowşar. Ol höküm edilmän, gaýtam, ölümden ýaşaýşa geçendir» diýýär (Ýahýa 5:24).

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şol wagta çenli kimdir birini direldendigi barada hiç zat aýdylmasa-da, ol ýehudylara adamlary gelejekde direltjekdigini aýdýar. Ol: «Gabyrda ýatanlaryň ählisiniň onun sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm üçin direler» diýýär (Ýahýa 5:28, 29).

Hawa, Isa gelejekde Hudaýyň bellän kazysy hökmünde hereket eder we ölüleri direlder. Muňa garamazdan, ol Ýehowa tabynlygyny görkezip: «Men hiç zady öz-özümden edýän däldirin... öz islegimi däl-de, meni iberen Atamyň islegini berjaý etmek isleýärin» diýýär (Ýahýa 5:30). Emma Isa Hudaýyň niýetinde özüniň ähmiýetli ornunyň bardygyny hem aýdýar. Ýehudylar bu zatlar barada diňe onuň özünden eşitmändi. Isa pygamber olara ýatladyp: «Siz (suwa çümdirýän) Ýahýanyň ýanyna adam iberipdiňiz, onuň men hakda eden şaýatlygy hakykatdyr» diýýär (Ýahýa 5:33).

Iki ýyl mundan öň suwa çümdürýän Ýahýa ýehudy dini ýolbaşçylaryna özünden soň Biriniň geljekdigini we oňa «Pygamber» ýa-da «Mesih» diýiljekdigini aýdypdy. Muny Isany günäkärleýän ýehudylar hem eşiden bolmaly (Ýahýa 1:20—25). Isa olara häzir türmede oturan Ýahýa birmahal hormat goýandyklaryny ýatladyp: «Siz hem onuň ýagtylygynda az wagtlyk şatlanmak islediňiz» diýýär (Ýahýa 5:35). Emma ol suwa çümdürýän Ýahýadan hem has köp subutnama getirýär.

«Mende Atamyň iberendigini görkezýän has uly subutnama bar. Atamyň tabşyran işlerini (ýarawsyz adamy sagaldandygy hem) ýerine ýetirýändigimiň özi-de meni Onuň iberendigine şaýatlyk edýär. Meni iberen Atamyň özi-de men hakda şaýatlyk etdi» (Ýahýa 5:36, 37). Dogrudan-da, Isa suwa çümdürilende, Hudaý ol barada güwälik edipdi (Matta 3:17).

Elbetde, Isa pygamberi günäkärleýän ýehudylary ony inkär edendigi üçin aklap bolmaýar. Sebäbi olarda Mesih barada şaýatlyk edýän Mukaddes Ýazgylar bardy. Isa sözüni şeýle jemleýär: «Siz Musa ynanan bolsadyňyz, onda maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol men hakda ýazypdy. Siz onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda meniň aýdýanlaryma nädip ynanjak?» (Ýahýa 5:46, 47).