Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI BAP

Isa fariseýleri ýazgarýar

Isa fariseýleri ýazgarýar

MATTA 12:33—50; MARKUS 3:31—35; LUKA 8:19—21

  • ISA «ÝUNUS PYGAMBER BILEN BOLAN ALAMATY» GÜRRÜŇ BERÝÄR

  • ŞÄGIRTLERI ISA ÜÇIN MAŞGALA AGZALARYNDAN HEM ÝAKYNDY

Kanunçylardyr fariseýler Isanyň jynlary Hudaýyň güýji bilen kowup çykarýanyna ynanman, mukaddes ruha dil ýetirýärler. Onda olar kimiň tarapynda: Hudaýyňmy ýa-da Şeýtanyň? Isa şeýle diýýär: «Eger seniň eken agajyň gowy bolsa, miwesi-de gowy bolar. Emma eken agajyň çüýrük bolsa, onda miwesi hem çüýrük bolar. Hawa, agajy miwesinden tanap bolýar» (Matta 12:33).

Isanyň adamlardan jynlary kowup çykarmagyna Şeýtandan diýmek akmaklykdy. Aslynda, onuň eden bu işini gowy miwe bilen deňeşdirse bolýar. Isa bu hakda Dagdaky wagzynda hem aýdypdy: eger miwe gowy bolsa, onda onuň agajy hem çüýrük däl-de, gowy bolýar. Fariseýler Isany günäkärlände nähili miwe getirdiler? Elbetde, çüýrük miwe. Isa olara şeýle diýýär: «Eý alahöwrenler nesli, siz erbet bolup, ýagşy zatlary aýdyp bilersiňizmi? Adam ýüreginde näme bar bolsa, şony-da aýdýandyr» (Matta 7:16, 17; 12:34).

Diýmek, biz aýdýan sözlerimiz bilen ýüregimiziň nähilidigini görkezýäris, şoňa görä-de höküm edileris. Sebäbi Isa şeýle diýýär: «Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir erbet sözi üçin Höküm güni jogap berer. Hudaý aýdan sözleriňiz üçin sizi ýa dogry, ýa-da günäkär hasaplar» (Matta 12:36, 37).

Isa şonça gudrat görkezse-de, kanunçylar bilen fariseýler ondan: «Mugallym, biz seniň alamat görkezmegiňi isleýäris» diýip talap edýärler. Belki-de, olar Isanyň gudratlaryny gözi bilen gören däldirler. Emma olary gören ençeme şaýatlar bardy. Şol sebäpli Isa dini ýolbaşçylara: «Zalym we biwepa nesil hemişe alamat agtarýar. Emma ol Ýunus pygamber bilen bolan alamatdan başga alamat görmez» diýýär (Matta 12:38, 39).

Isa olara aýdan sözlerini şeýle düşündirýär: «Ýunusyň üç gije-gündiz uly balygyň içinde bolşy ýaly, ynsan Ogly-da ýeriň jümmüşinde üç gije-gündiz bolar». Ýunusy bir uly balyk ýuwudyp, soňra ony yzyna çykaranda, ol direlen ýaly bolýar. Isa, şeýdip, özüniň ölümi we üç günden soň direljekdigi barada pygamberlik edýär. Isa direlende, ýehudy dini ýolbaşçylary «Ýunus pygamber bilen bolan alamaty» inkär edýärler, ýagny olar eden işlerine toba etmeýärler (Matta 27:63—66; 28:12—15). Emma Ýunus öz wagtynda wagyz edende, «Ninewiýanyň ýaşaýjylary» toba edipdiler. Şol sebäpli olar direlende, Isanyň döwürdeşlerini ýazgararlar. Mundan başga-da Isa Gündogaryň aýal patyşasynyň hem olary ýazgarjakdygyny aýdýar. Sebäbi ol Süleýman patyşanyň paýhasyny diňlemek isleýärdi we munuň üçin elinde baryny edipdi. Soňra Isa: «Bu ýerde Süleýmandan has beýik biri bardyr» diýýär (Matta 12:40—42).

Isa biwepa nesli içinden zalym ruh çykan adama meňzedýär (Matta 12:45). Sebäbi ol adam boş ýerini gowy zatlar bilen doldurmandygy üçin zalym ruh özünden has beter ýedi ruhy alyp gelýär-de, ony eýeleýär. Ysraýyl halky-da içinden zalym ruh çykyp, arassalanan adam ýalydy. Ýöne olar Hudaýyň pygamberlerini inkär etdiler, has erbedi bolsa, üstünde Hudaýyň ruhy bolan Isa aç-açan garşylyk görkezdiler. Şeýdip, bu halkyň ýagdaýy öňküden hem erbetleşýär.

Isa şu zatlary gürrüň berip durka, onuň ejesi we doganlary gelýär. Isanyň ýanynda oturanlar oňa: «Ejeň bilen doganlaryň seni görjek bolup, daşarda garaşyp durlar» diýýär. Emma Isa şägirtlerini dogan-garyndaşlaryndan hem ýakyn görýärdi. Ol elini şägirtlerine tarap uzadyp: «Kim Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý etse, şol meniň ejem we doganlarymdyr» diýýär (Luka 8:20, 21). Şeýdip, Isa dogan-garyndaşlary bilen gowy gatnaşykda bolsa-da, şägirtlerine has ýakyndygyny görkezýär. Şu günler hem adamlar bizi we edýän gowy işlerimizi ýazgaryp, tankytlaýarlar. Eýsem, şeýle ýagdaýda dogan-uýalarymyz bilen ýakyn gatnaşygymyz bize teselli bermeýärmi näme?!