Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

43-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar

Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar

MATTA 13:1—53; MARKUS 4:1—34; LUKA 8:4—18

  • ISA PATYŞALYK BARADAKY MYSALLARY GÜRRÜŇ BERÝÄR

Isa ýaňyja fariseýleri ýazgarypdy. Ähtimal, bu waka Kapernaumda bolandyr. Şondan soň ol öýünden çykyp, Jelile deňziniň golaýynda ýygnanan märekä tarap gidýär. Isa bir gaýyga münýär-de, kenardan biraz daşlaşýar. Soňra gaýykda oturan ýerinden kenarda duran adamlara gökdäki Patyşalyk hakda öwredip başlaýar. Isa diňleýjilerine tanyş bolan köp mysallary getirýär. Bu mysallar Patyşalyk bilen bagly zatlara düşünmäge kömek edýär.

Isa ilki ekin ekmäge çykan daýhan barada gürrüň berýär. Daýhanyň sepen tohumlarynyň käbiri ýoluň gyrasyna düşýär, guşlar hem gelip, olary iýýär. Käbiri bolsa daşlyk ýere, ýagny topragyň az ýerine düşýär. Olar gögerse-de, köki çuň bolmansoň, Gün asmana galanda, guraýar. Beýlekileri tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler hem ösüp, ýaňy gögeren ösümligi bogýarlar. Galanlary bolsa mes toprakly ýere düşýär. Olar ösüp, «käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse köp hasyl berýär» (Matta 13:8).

Soňra Isa başga bir mysal getirip, Patyşalygy ýere tohum sepýän adama meňzedýär. Ol adam gije ýatýar, irden turýar, şol aralykda tohum hem gögerýär. «Ýöne ol munuň nädip beýle bolandygyny bilmeýär» (Markus 4:27). Ekilen tohumlar kem-kemden ösüp, hasyl berip başlaýar.

Isa ekin hakda üçünji mysaly aýdýar. Daýhan gowy tohumy ekýär, ýöne «adamlar ýatyrka», duşman gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal otlary ekip gidýär. Hyzmatkärler: «Biziň baryp, olary aýyrmagymyzy isleýärmiň?» diýip soraýarlar. Ol şeýle jogap berýär: «Ýok, degmäň, haşal otlary aýyrjak bolup, bugdaýlary-da köki bilen soguraýmaň. Goý, hasyl ýygymyna çenli olaryň ikisi-de bile össün. Şonda men orakçylara: „Başda haşal otlary ýygyň-da, olary baglap, oda taşlaň; soňra bugdaýlary meniň ammaryma üýşüriň“ diýerin» (Matta 13:24—30).

Isanyň diňleýjileriniň köpüsi ekerançylyk bilen meşgullanýardy. Şol sebäpli Isa olara tanyş bolan kiçijik gorçisa tohumy barada mysal getirýär. Ol ösüp, şeýle bir uly agaç bolýar welin, guşlar gelip, onuň şahalarynda höwürtge ýasaýarlar. Isa bu hakda şeýle diýýär: «Gökdäki Patyşalyk bir adamyň ekin meýdanyna eken gorçisa dänesi ýalydyr» (Matta 13:31). Isa adamlara ösümlikler hakynda öwretjek bolmady. Ol bu mysaly getirmek bilen, bir kiçijik zadyň ösüp, äpet bir uly zada öwrülýändigini aýtjak bolýar.

Isanyň indiki getirjek mysaly köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ol gökdäki Patyşalygy «bir aýalyň üç uly jam una goşan... hamyrmaýasyna» meňzedýär (Matta 13:33). Una garylyp hamyr edilensoň, hamyrmaýa görünmeýär. Emma ol tutuş hamyry ajydýar we ony nädip turşadýandygyny görüp bolmaýar.

Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, märekäni öýli-öýüne goýberýär, özi bolsa bolýan ýerine gaýdýar. Biraz wagtdan şägirtleri onuň ýanyna gelip, gürrüň beren mysallarynyň manysyny düşündirmegini haýyş edýärler.

MYSALLARDAN NÄHILI SAPAK EDINSE BOLÝAR?

Şägirtler öňem Isanyň mysallar arkaly öwredýändigini eşidipdiler, ýöne bir wagtyň özünde şeýle köp mysaly aýdandygyny heniz görmändiler. Olar Isadan: «Sen näme üçin olara mysallar arkaly öwredýärsiň?» diýip soraýarlar (Matta 13:10).

Munuň bir sebäbi: Isa Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligi berjaý edýär. Mattanyň Hoş habarynda şeýle diýilýär: «Ol mysalsyz asla öwretmeýärdi. Şeýdip, pygamberiň: „Men mysallar arkaly geplärin; men başlangyçdan bäri gizlin zatlary yglan ederin“ diýen sözleri berjaý boldy» (Matta 13:34, 35; Zebur 78:2).

Ikinji sebäbi: mysallar adamyň garaýşyny aýan edýär. Adamlaryň köpüsi Isanyň ýanyna ökde hekaýaçyny diňläp, gudrat görkezýän adamy görmäge gelýärdiler. Ýöne olaryň Isa Halypasy hökmünde gulak asmaga we jany-teni bilen onuň yzyna eýermäge höwesi ýokdy (Luka 6:46, 47). Adamlar ne garaýşyny, ne-de endiklerini özgertmek isleýärdiler. Olar Isanyň aýdýan habarynyň manysyna düşüneýinem diýmeýärdiler.

Isa şägirtleriniň soragyna şeýle jogap berýär: «Olar seredýärler, ýöne görmeýärler, olar eşidýärler, ýöne düşünmeýärler. Şol sebäpli men olara mysallar arkaly öwredýärin. Işaýanyň şu pygamberligi olarda ýerine ýetýär... Bu halkyň ýüregi gatapdyr» (Matta 13:13—15; Işaýa 6:9, 10).

Emma bu sözler Isany diňlemäge gelen adamlaryň ählisine degişli däldi. Isa muny şeýle düşündirýär: «Siz bagtlysyňyz, çünki gözleriňiz görýär we gulaklaryňyz eşidýär. Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler we dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler» (Matta 13:16, 17).

Meselem, Isanyň 12 resuly we başga-da wepaly şägirtleri onuň aýdýanlaryny ýüregi bilen kabul edýärdiler. Şol sebäpli Isa: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syrlaryny düşündirýär, olara bolsa düşündirmeýär» diýýär (Matta 13:11). Isa olaryň yhlasyny görüp, tohum ekýän adam baradaky mysalynyň manysyny gürrüň berýär.

Ol: «Tohum — Hudaýyň sözüdir» diýýär (Luka 8:11). Toprak bolsa adamyň ýüregini aňladýar. Bular mysalyň manysyna düşünmäge kömek edýär.

Ýoluň gyrasyna düşüp, aýak astynda galan tohumlar hakda Isa şeýle diýýär: «Olar iman etmez ýaly we halas bolmaz ýaly, Iblis gelip, olaryň ýüreginden sözi sogrup alýar» (Luka 8:12). Daşlyk ýere düşen tohumlar hoş habary şatlyk bilen kabul edip, ýöne ýüreklerinde kök urmadyk adamlara meňzedilýär. Şeýle adamlar «Patyşalyk habary zerarly kynçylyk çekende ýa-da yzarlama sezewar bolanda», iman etmegini bes edýärler. Hawa, olar maşgala agzalary ýa-da başga adamlar tarapyndan garşylyga duş gelip, «synaga düşende», hakykaty taşlaýarlar (Matta 13:21; Luka 8:13).

Tikenleriň arasyna düşen tohumlar hakda näme diýse bolar? Olary hakykaty eşiden, ýöne «özüni ýaşaýşyň aladalaryna aldyran we baýlygyň yşkyna düşýän adamlara» meňzetse bolar (Matta 13:22). Şeýle adamlar başda sözi kabul edýärler, ýöne hasyl bermeýärler, sebäbi şol zatlary Hudaýdan ileri tutýarlar.

Isa iň soňunda mes topraga düşen tohumlar hakda aýdýar. Şeýle adamlar sözi eşidip, kabul edýärler we onuň manysyna düşünýärler. Munuň netijesi nähili bolýar? Olar «hasyl getirýärler». Elbetde, ýaşy ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli hemmeler deň derejede hasyl getirip bilmeýär. Şonuň üçin olaryň käbiri 100 esse, käbiri 60 esse, käbiri bolsa 30 esse hasyl getirýär. Hawa, olar «sözi ýüregi bilen kabul eden adamlardyr. Olar sözi ýüreklerinde saklap, çydamlylyk bilen hasyl getirip», Hudaýyň berekedini alýarlar (Luka 8:15).

Bu sözler şägirtleriň maňzyna batan bolmaly. Olar mysallaryň manysyna düşünmek üçin ýörite Isanyň ýanyna gelipdiler! Indi olar aýdylanlaryň düýp manysyna düşünýärdi. Emma Isa olaryň diňe bir hakykata düşünmegini däl-de, eýsem, ony başgalara-da gürrüň bermeklerini isleýärdi. Ol şägirtlerinden: «Çyrany sebediň ýa-da stoluň aşagyna goýýarlarmy?» diýip soraýar. Soňra: «Ýagtylyk berer ýaly, ol çyradanyň üstünde goýulýandyr» diýýär. Ahyrynda bolsa: «Goý, gulagy bar adam eşitsin» diýip, olara maslahat berýär (Markus 4:21—23).

ISA HAS KÖP GÖRKEZME BERÝÄR

Isa daýhan baradaky mysaly düşündirenden soň, şägirtleri has köp bilmek isleýär. Olar: «Bize haşal ot baradaky mysaly düşündirip beräý» diýýärler (Matta 13:36).

Şägirtleriň garaýşy kenaryň boýundaky adamlaryňkydan tapawutlanýardy. Märeke Isany diňlese-de, mysallaryň manysyna düşünip, durmuşynda nähili peýdasynyň bardygyny bilmek islemeýärdi. Olar Isanyň gürrüň beren mysallaryny diňlemek ýeterlikdir öýdýärler. Emma Isanyň bilesigeliji şägirtleri beýle pikir etmeýärdi. Isa olara şeýle maslahat berýär:

«Eşidýän zatlaryňyza üns beriň. Haýsy ölçeg bilen berseňiz, size-de şol ölçeg bilen berler, hatda üstüne-de goşulyp berler» (Markus 4:24). Hawa, şägirtler Isanyň aýdanlaryny ünsli diňläp, olary «ölçerýärdiler». Şol sebäpli Isa olara has köp görkezme we tälim berýär. Şeýlelikde, ol şägirtlerine bugdaý we haşal ot mysalyny düşündirip başlaýar:

«Gowy tohum eken daýhan — ynsan Ogly; ekin meýdany — dünýä. Gowy tohum — Patyşalygyň ogullary, haşal ot bolsa — Zalymyň ogullary; olary eken duşman — Iblis. Hasyl döwri — dünýäniň soňy, orakçylar bolsa — perişdeler» (Matta 13:37—39).

Isa mysalyň her bir aýratynlygyny düşündirensoň, soňky tapgyryny beýan edýär. Ol dünýäniň soňunda orakçylaryň, ýagny perişdeleriň gelip, haşal otlara meňzeş ýalan mesihçileri gowy tohum bolan «Patyşalygyň ogullaryndan» saýlajakdygyny aýdýar. «Dogry adamlar» ýygnanyp, ahyrsoňy, «Atasynyň Patyşalygynda Gün kimin parlarlar». Eýsem, «Zalymyň ogullaryna» näme bolar? Olar «gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar», ýagny ýok edilerler (Matta 13:41—43).

Isa şägirtlerine ýene üç mysaly gürrüň berýär. Birinjisi: «Gökdäki Patyşalyk meýdanda gizlenen hazyna kimindir. Bir adam ony tapyp, ýene-de gizleýär; begenjine gidip, bar zadyny satýar-da, şol meýdany satyn alýar» (Matta 13:44).

Ikinjisi: «Gökdäki Patyşalyk gowy dürdäneleri agtarýan söwdagär kimindir. Ol bir gymmatbaha dürdänäni tapanda, gidýär-de, bar zadyny satyp, ony satyn alýar» (Matta 13:45, 46).

Isa bu mysallarda möhüm zat üçin ähli zadyndan geçýän adamy suratlandyrýar. Söwdagär bir gymmatbaha dürdänäni tapanda, ony almak üçin şol wagtyň özünde gidýär-de, «bar zadyny satýar». Isanyň şägirtleri bu sözlere aňsatlyk bilen düşünen bolsalar gerek. Meýdanda gizlenen hazynany tapan adam hem «bar zadyny satyp», ony edinýär. Iki mysalda-da gymmatly zat hakda gürrüň gidýär. Ony hökman almalydy we gözüň göreji ýaly gorap saklamalydy. Muny Hudaýa ýakynlaşmak üçin hemme zadyndan geçýän adam bilen deňeşdirse bolýar (Matta 5:3). Isany diňlän adamlaryň käbiri ruhy zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin köp zadyndan geçip, onuň şägirdi bolmak isleýändigini görkezdiler (Matta 4:19, 20; 19:27).

Iň soňunda Isa gökdäki Patyşalygy dürli balyklar düşen tora meňzedýär (Matta 13:47). Balyklary saýlanlarynda, olaryň gowusyny bir sebede ýygnap, ýaramazlaryny taşlaýarlar. Dünýäniň soňunda hem şeýle bolar, ýagny perişdeler gelip, erbetleriň arasyndan dogry adamlary saýlarlar.

Isanyň özi-de ilkinji şägirtlerini «adam tutýan balykçylar» etmäge çagyranda, ol göçme manyda balykçylyk bilen meşgullanypdy (Markus 1:17). Emma ol tor hakdaky mysaly «dünýäniň soňy» bilen baglanyşdyrýar (Matta 13:49). Şeýlelikde, resullar we başga-da şägirtler gelejekde gyzykly zatlaryň boljakdygyna düşündiler.

Olar Isanyň gürrüň beren mysallaryndan has köp ruhy hazynalary tapdylar. Hawa, Isa şägirtlerine «ähli zady aýratynlykda düşündirýärdi» (Markus 4:34). Ol «hazynasyndan hem täze, hem köne zatlary çykarýan öý eýesine meňzeşdir» (Matta 13:52). Isa mysallary gürrüň berende, öz ukybyny görkezjek bolmady, gaýtam, ol gymmatbaha dürdäne kimin hakykat sözlerini şägirtleri bilen paýlaşdy. Dogrudan-da, Isa deňsiz-taýsyz dile çeper adamdy!