Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

46-NJY BAP

Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

MATTA 9:18—22; MARKUS 5:21—34; LUKA 8:40—48

  • ISANYŇ GEÝIMINE ELINI DEGREN AÝALYŇ SAGALYŞY

Jeliläniň demirgazyk-günbatarynda ýaşaýan adamlar Isanyň Dekapolisden gaýdyp gelýändigini eşidýärler. Olaryň köpüsi onuň deňizde turan tupany ýatyrandygyny bilýärler. Käbiri bolsa iki adamyň içinden jynlary kowup çykarandygyny hem eşidendirler. Şol sebäpli Isany garşy almak üçin kenarda «uly märeke ýygnanýar». Ol Kapernaum şäheriniň kenary bolmaly (Markus 5:21). Isa kenara çykanda, märekäniň oňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp duranyny görýär.

Sinagoganyň ýolbaşçysy Ýaýrus atly bir adam Isanyň gelerine göz dikip garaşýardy. Ol Isanyň öňünde dyza çöküp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Haýyş edýän, gel-de, oňa elleriňi goý, ol sagalyp, ýaşasyn» diýip, ençeme gezek ýalbarýar (Markus 5:23). Siziň pikiriňizçe, 12 ýaşly ýalňyz gyzy üçin ýalbarmaga gelen adama Isa näme diýip jogap bererkä? (Luka 8:42).

Isa Ýaýrusyň öýüne barýarka, ýolda ýene bir tolgundyryjy waka bolýar. Isanyň yzyna uly märeke düşüp barýardy; olaryň bar aladasy gudrat görmekdi. Olaryň içinde agyr keselden ejir çekýän bir aýal bardy. Emma onuň aladasy gudrat görmek däl-de, sagalmakdy.

Bu ýehudy aýal 12 ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýärdi. Onuň haýyr tapmak üçin barmadyk lukmany galmandy, bar puluny hem şolara harçlapdy. Emma onuň ýagdaýy gowulaşman, gaýtam, «beterleşipdi» (Markus 5:26).

Ýarawsyzlyk ony halys tapdan düşüripdi. Üstesine-de, ol öz ýagdaýyna utanyp, kemsinýärdi. Ol derdini hiç kime aýdyp hem bilmeýärdi. Galyberse-de, Musanyň kanunyna görä, aýbaşy döwründe aýal hapa hasaplanýardy. Oňa ýa-da onuň ganly eşigine elini degren adam suwa düşüp, eşiklerini ýuwmalydy we ol agşama çenli hapa saýylýardy (Lewiler 15:25—27).

Ol aýal «adamlaryň Isa barada aýdýan zatlaryny eşidende», onuň gözlegine çykýar. Ol ýagdaýyny göz öňünde tutup, hiç kime bildirtmän märekäniň içine girýär. Sebäbi aýal öz içinden: «Iň bolmanda, donuna elimi degirsem-de, sagalaryn» diýip pikir edýärdi. Isanyň geýimine elini degren badyna, onuň gan akmasy kesilýär! Şeýdip, ol «agyr derdinden gutulýar» (Markus 5:27—29).

Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip soraýar. Siziň pikiriňizçe, aýal bu sözleri eşidip, özüni nähili duýduka? Petrus geň galyp: «Daşyňy gurşap alan märeke seni gysyp dur» diýýär. Isa: «Biri maňa elini degirdi, sebäbi özümden güýjüň gidendigini duýdum» diýýär (Luka 8:45, 46).

Eden işi aýan bolanda, aýal gorkudan ýaňa titräp, Isanyň öňünde dyza çökýär. Soňra keseli we sagalyşy hakda hemmeleriň öňünde gürrüň berýär. Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Bar, arkaýyn gaýdyber, sen indi agyr derdiňden gutuldyň» diýip, mähir bilen teselli berýär (Markus 5:34).

Görşümiz ýaly, Hudaýyň ýer ýüzüniň üstünden höküm sürmäge saýlan gullukçysy diňe bir mähirli we duýgudaş däl-de, eýsem, onuň adamlara kömek etmäge güýji hem bar!