Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

53-NJI BAP

Tebigy betbagtçylygyň hötdesinden gelýän hökümdar

Tebigy betbagtçylygyň hötdesinden gelýän hökümdar

MATTA 14:22—36; MARKUS 6:45—56; ÝAHÝA 6:14—25

  • ISANY PATYŞA ETJEK BOLÝARLAR

  • ISA SUWUŇ ÝÜZÜNDEN ÝÖREÝÄR WE ÝELI ÝATYRÝAR

Isanyň müňlerçe adamy doýurmak üçin görkezen gudraty adamlarda güýçli täsir galdyrýar. Olar «bu adam, hakykatdan-da, dünýä gelmeli Pygamberdir», Mesihdir diýen netijä gelýärler. Şeýle-de Isa olaryň arzuw edýän hökümdary bolar öýdýärdiler (Ýahýa 6:14; Kanun taglymaty 18:18). Şol sebäpli olar Isany tutup, ony zor bilen patyşa etjek bolýarlar.

Emma Isa adamlaryň näme etjek bolýandygyna düşünýärdi. Ol märekäni ugradýar, şägirtlerine bolsa gaýyga münüp, yzyna gitmegi tabşyrýar. Eýsem, olar nirä gitmelidiler? Isa olaryň ilki Betsaýda, soňra Kapernauma gitmelidigini aýdýar. Özi bolsa daga çykýar-da, bütin gijäni ýekelikde Hudaýa doga edip geçirýär.

Daň atmagyna az wagt galypdy. Isa Aýyň ýagtysynda gaýykda ýüzüp barýan şägirtlerine syn edýär. Deňizde güýçli ýeliň turandygy zerarly, resullar gaýygy «kynlyk bilen kürekläp barýardylar... sebäbi ýel olara garşy öwüsýärdi» (Markus 6:48). Isa dagdan düşýär-de, olaryň ýanyna barmak üçin suwuň ýüzünden ýöreýär. «Olar bäş-alty kilometr geçipdiler» (Ýahýa 6:19). Isa şägirtleriň deňinden geçip gitjek ýaly görünýär. Şonda olar gorkudan ýaňa: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşýarlar (Markus 6:49).

Isa: «Batyr boluň! Bu men; gorkmaň» diýip, olary köşeşdirýär. Emma Petrus: «Halypam, bu sen bolsaň, onda maňa-da suwdan ýöräp ýanyňa barmagy buýur» diýýär. Isa oňa: «Gel!» diýip jogap berýär. Şonda Petrus gaýykdan çykýar-da, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöräp gidýär. Ýöne Petrus güýçli tolkunlara seredende, gorkup, gark bolup başlaýar. Ol: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrýar. Isa derrew elini uzadyp, Petrusy tutýar-da: «Eý imany az adam, sen näme üçin şübhelendiň?» diýýär (Matta 14:27—31).

Petrus bilen Isa gaýyga münende, ýel ýatýar. Şägirtler aňk-taňk bolýarlar. Eýsem, olar muňa geň galmalydymy? Olar Isanyň bary-ýogy birnäçe sagat mundan öň müňlerçe adamy doýurmak üçin bäş çörek bilen görkezen gudratyndan «hiç hili sapak edinmändirler». Ýogsam, olar Isanyň suwuň ýüzünden ýörändigine we ýeli ýatyrandygyna geň galmazdylar. Häzir bolsa şägirtleri oňa tagzym edip: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Ogly» diýýärler (Markus 6:52; Matta 14:33).

Tizden olar Kapernaumyň günortasynda ýerleşýän owadan, bol hasylly Genesaret jülgesine barýarlar. Olar labyry taşlap, kenara çykýarlar. Märeke Isany tanaýar we golaý-goltumdaky ýaşaýan adamlar bilen onuň ýanyna syrkawlary getirýär. Isanyň eşigine elini degren adamlaryň bary şol bada sagalýardy.

Isanyň müňlerçe adamy gudrat bilen doýrandygyny gören märeke bolsa onuň gidendigini görýär. Şonda olar Tiberiýadan kiçi gaýyklara münýärler-de, Isanyň gözlegine çykyp, Kapernauma gidýärler. Isany tapanda, olar: «Mugallym, sen bu ýere haçan geldiň?» diýip soraýarlar (Ýahýa 6:25). Isa degerli sebäbe görä olary ýazgarýar. Bu hakda indiki bapda gürrüň ederis.