Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

54-NJI BAP

Isa — «ýaşaýyş çöregidir»

Isa — «ýaşaýyş çöregidir»

ÝAHÝA 6:25—48

  • ISA «GÖKDEN GELEN ÇÖREKDIR»

Isa Jelile deňziniň gündogar tarapynda gudrat bilen müňlerçe adamy doýurýar. Soňra patyşa etjek bolýandyklaryny bilende, olardan gaçýar. Şol gije Isa suwuň ýüzünden ýöräpdi, imanynyň azlygy üçin suwa gark boljak bolan Petrusy hem halas edipdi. Şeýle-de ol ýeli ýatyrypdy. Ähtimal, ol muny şägirtlerini heläkçilikden halas etmek üçin edendir.

Häzir bolsa Isa Kapernaumyň günbatar kenaryna gaýdyp gelýär. Gudrat bilen doýan adamlar ony tapyp: «Sen bu ýere haçan geldiň?» diýip soraýarlar. Aslynda, olar Isany ýene-de garynlaryny doýurmak üçin gözleýärdiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarýar-da: «Siz zaýalanýan iýmiti däl-de, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän iýmiti almak üçin jan ediň» diýip maslahat berýär. Şonda olar Isadan: «Biz Hudaýy razy etmek üçin näme etmeli?» diýip soraýarlar (Ýahýa 6:25—28).

Olar Kanunda agzalýan zatlar hakda pikir eden bolmaly, ýöne Isa has möhüm zady göz öňünde tutýardy. Ol: «Hudaýy razy etmek üçin, siz onuň iberenine iman etmelisiňiz» diýip jogap berýär. Emma bu adamlar Isanyň şonça eden gudratly işlerine garamazdan, oňa iman etmeýärler. Olar Isa iman etmekleri üçin, ondan alamat görkezmegi talap edýärler. Olar: «Sen näme etmekçi? Meselem, ata-babalarymyz çölde Hudaýyň beren mannasyny iýdiler, çünki: „Ol olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylgydyr» diýýärler (Ýahýa 6:29—31; Zebur 78:24).

Hawa, bu adamlar alamat isleýärdiler. Şonuň üçin Isa olaryň ünsüni gudratlary görkezýän hakyky Şahsyýete çekip, şeýle diýýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, Musa size gökden hakyky çöregi bermändi, emma häzir meniň Atam size gökden hakyky çöregi berýär. Sebäbi Hudaýyň çöregi gökden gelýändir we ol dünýä ýaşaýyş berýär». Olar Isanyň aýdanlaryna düşünmän: «Halypa, bize şol çörekden hemişe bersene» diýýärler (Ýahýa 6:32—34). Emma Isa «çörek» diýende nämäni göz öňünde tutduka?

Ol şeýle düşündirýär: «Men ýaşaýyş çöregidirin. Meniň yzyma düşen adam hiç haçan ajykmaz, maňa iman eden adam hem hiç haçan suwsamaz. Emma size aýdyşym ýaly, siz meni görseňiz-de, iman etmediňiz... Men gökden öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim. Meni ibereniň islegi şudur: onuň maňa berenleriniň hiç birini ýitirmän, gaýtam, olary gelejekde direltmelidirin. Şeýle-de Atam Ogluny görüp, oňa iman eden her kişiniň ebedi ýaşaýyş almagyny isleýär» (Ýahýa 6:35—40).

Şonda ýehudylar Isanyň aýdanlaryna nägile bolup, hüňürdäp başlaýarlar. «Men gökden gelen çörekdirin» diýmäge onuň nädip dili barýar? (Ýahýa 6:41). Hawa, olar üçin Isa Jeliläniň Nazaret şäherinde önüp-ösen ýönekeý bir adamdy. Olar: «Eýsem, bu Ýusubyň ogly Isa dälmi, biz onuň kakasy bilen ejesini tanamaýarysmy?» diýýärler (Ýahýa 6:42).

Isa olara şeýle jogap berýär: «Nägile bolmagyňyzy bes ediň. Meni iberen Atam çekmese, hiç kim yzyma düşüp bilmez. Men ony gelejekde direlderin. Pygamberler ýazgylarynda şeýle diýilýär: „Olaryň hemmesi Ýehowadan öwrenerler“. Atamy diňläp, ondan öwrenýän her bir adam meniň yzyma düşýändir. Atany menden, ýagny Hudaýyň ýanyndan gelenden başga hiç kim gören däldir; ony diňe men görendirin. Size dogrusyny aýdýaryn, maňa iman eden her kes ebedi ýaşaýşa gowşar» (Ýahýa 6:43—47; Işaýa 54:13).

Isa öň Nikodim bilen gürrüňdeş bolanda, ebedi ýaşaýyş we oňa gowuşmak üçin ynsan Ogluna iman etmelidigi barada aýdypdy. Ol: «Oňa (Hudaýyň ilkinji doglan ogluna) iman eden her kes ebedi ýaşaýşa gowşar» diýipdi (Ýahýa 3:15, 16). Emma häzir Isa birgiden märekä ebedi ýaşaýşa gowuşmakda özüniň tutýan orny hakda aýdýar. Dogrudan-da, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin ne manna, ne-de Jelilede bişirilýän çörek kömek edip biler. Onda ebedi ýaşaýşa nädip gowşup bolar? Isa: «Men ýaşaýyş çöregidirin» diýip, ýene-de bir gezek gaýtalaýar (Ýahýa 6:48).

Isa Kapernaumyň sinagogasynda tälim berende, gökden inen çörek baradaky gürrüňdeşlik dowam edip, ýetmeli derejesine ýetýär.