Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

58-NJI BAP

Isa çöregi köpeldýär we hamyrmaýa babatda duýduryş berýär

Isa çöregi köpeldýär we hamyrmaýa babatda duýduryş berýär

MATTA 15:32—16:12; MARKUS 8:1—21

  • ISA 4 MÜŇ ADAMY DOÝURÝAR

  • OL FARISEÝLERIŇ HAMYRMAÝASY BABATDA DUÝDURYŞ BERÝÄR

Isa Jelile deňziniň gündogar tarapynda ýerleşýän Dekapolisde bolan wagty onuň ýanyna uly märeke ýygnanýar. Bu adamlar Isanyň wagzyny diňlemek we sagalmak üçin gelipdiler; ýanlarynda bolsa uly sebetlerde iýjek-içjek zatlary bardy.

Birnäçe gün geçensoň, Isa şägirtlerine: «Märekä ýüregim awaýar, olar üç gün bäri meniň ýanymda, iýere-de hiç zatlary galmady. Eger olary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri bolsa gaty uzakdan gelipdirler» diýýär. Şägirtleri: «Bu çola ýerde şunça adamy doýurmak üçin, çöregi nireden tapaly?» diýýärler (Markus 8:2—4).

Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip soraýar. Olar hem: «Ýedi çörek bilen birnäçe kiçi balygymyz bar» diýip jogap berýärler (Matta 15:34). Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy haýyş edýär. Soňra çörekdir balyklary alyp, Hudaýa doga edýär-de, olary paýlamak üçin şägirtlerine berýär. Haýran galaýmaly, olaryň bary iýip doýýarlar. Artyp galan çörekleri ýygnanlarynda, ýedi sany uly sebet dolýar. Iýenleriň sany bolsa aýallardan we çagalardan başga 4 müň adamdy.

Isa märekäni ugradansoň, şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, Jelile deňziniň günbatar kenarynda ýerleşýän Magadan diýen ýere gelýär. Bu ýere fariseýler hem-de saddukeýler toparyna degişli bolan käbir adamlar hem gelýär. Olar Isany synamak üçin gökden alamat görkezmegi soraýarlar.

Isa olaryň pikirini bilip: «Gün ýaşanda siz: „Howa gowy bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyp-gyzyl“ diýýärsiňiz. Irden bolsa: „Bu gün howa sowuk we ýagyşly bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyzyl bolsa-da, bulutly“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň nähili boljakdygyny aýdyp bilýärsiňiz, emma şu günki bolýan wakalaryň manysyna düşünmeýärsiňiz» diýýär (Matta 16:2, 3). Soňra Isa olara Ýunus pygamber bilen bolan wakadan başga alamat görmejekdiklerini aýdýar.

Şondan soň Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münýär-de, deňziň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän Betsaýda tarap ýola düşýär. Ýolda barýarkalar, ýekeje çörekden başga iýere zat almandyklary şägirtleriň ýadyna düşýär. Isa bolsa fariseýler we Hirodes patyşanyň tarapdary bolan saddukeýler hakdaky wakany ýatlap, şägirtlerine: «Hüşgär boluň, fariseýleriň hamyrmaýasyndan, Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň» diýip duýdurýar. Şägirtleri çörek almagy ýatdan çykarandygymyzy ýatladýandyr öýdýärler. Isa olaryň nädogry düşünendigini bilip: «Näme üçin çörek hakda jedelleşýärsiňiz?» diýýär (Markus 8:15—17).

Isa birnäçe gün mundan öň müňlerçe adamy doýrupdy. Diýmek, şägirtler çörek ýetmezçilik edende, Isanyň bir alajyny tapjakdygyny bilmelidiler. Ol: «Ýadyňyzdamy, men bäş çöregi 5 müň erkek adama bölüşdirip berenimde, artyp galan çöreklerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip soraýar. Olar: «On iki» diýip jogap berýärler. Soňra Isa: «Ýedi çöregi 4 müň erkek adama bölüşdirip berenimde, artyp galan çöreklerden näçe uly sebet doldurypdyňyz?» diýip soranda, olar: «Ýedi» diýip jogap berýärler (Markus 8:18—20).

Şonda Isa: «Size çörek hakda aýtmandygyma näme üçin düşünmeýärsiňiz? Siz fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýýär (Matta 16:11).

Ine, diňe şundan soň şägirtleri aýdylana düşünýärler. Hamyrmaýa hamyry turşatmak üçin ulanylýar. Diýmek, Isa hamyrmaýany zaýalanmagyň nyşany hökmünde ulanypdyr. Şeýdip, ol şägirtlerine «fariseýleriň we saddukeýleriň taglymatyndan» özlerini goramalygyny düşündirýär, çünki olar adamlara erbet täsir edýärdi (Matta 16:12).