Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

61-NJI BAP

Isa jynly oglany sagaldýar

Isa jynly oglany sagaldýar

MATTA 17:14—20; MARKUS 9:14—29; LUKA 9:37—43

  • JYNLY OGLANY SAGALTMAK ÜÇIN BERK IMAN GEREKDI

Isa, Petrus, Ýakup we Ýahýa dagdan düşüp gelýärkäler, olaryň öňünden uly märekä çykýar. Ýagdaý-a gowy däl ýaly. Kanunçylar şägirtleriň daşyna üýşüp, olar bilen jedelleşip durdular. Märeke Isany gören badyna begenip, salamlaşmak üçin onuň ýanyna ylgaýar. Isa olardan: «Siz olar bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip soraýar (Markus 9:16).

Märekäniň arasyndan bir adam çykyp, Isanyň öňünde dyza çökýär-de, şeýle diýýär: «Mugallym, men oglumy seniň ýanyňa getirdim, sebäbi içinde ony gepletmeýän jyn bar. Oglumyň tutgaýy tutanda, ol agzyndan köpürjik goýberip, dişini gyjaýar we ysgyndan gaçýar. Şägirtleriňden onuň içinden jyny kowup çykarmagy haýyş etdim, emma olar başarmadylar» (Markus 9:17, 18).

Diýmek, kanunçylar oglany sagaldyp bilmedik şägirtleri tankytlap, olaryň üstünden gülýän bolmaly. Emma Isa alada edip duran oglanyň kakasyna däl-de, märekä ýüzlenip: «Eý imansyz we azgyn nesil, men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Size haçana çenli çydamaly?» diýýär. Elbetde, Isa bu sözleri kanunçylara degişli edip aýdýar, sebäbi olar Isanyň ýok wagty şägirtlerine azar beripdiler. Soňra Isa oglanyň kakasyna: «Oglany meniň ýanyma getiriň» diýýär (Matta 17:17).

Oglany Isanyň ýanyna getiren badyna, jyn ony titredip, ýere zyňýar-da, güýçli tutgaýyny tutdurýar. Ol ýerde togalanyp, agzyndan köpürjik çykaryp başlaýar. Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip soraýar. Ol hem: «Çagalygyndan bäri. Ol köplenç özüni bir oda, bir suwa urup öldürjek bolýar» diýip jogap berýär. Soňra: «Eger sen ony sagaldyp bilseň, bize haýpyň gelsin, kömek et» diýip ýalbarýar (Markus 9:21, 22).

Kakasy göwnüçökgün ýagdaýdady, sebäbi oňa Isanyň şägirtleri-de kömek edip bilmediler. Isa ogluna umytsyz garap duran adama kömek etmek üçin, ony ruhlandyryp: «Sen näme üçin „sagaldyp bilseň“ diýýärsiň? Imany bar adam üçin ähli zat mümkindir» diýýär. Oglanyň kakasy şol bada gaty ses bilen: «Men iman edýärin! Meniň imanymy berkit!» diýýär (Markus 9:23, 24).

Isa märekäniň özüne tarap ylgap gelýänini görýär. Soňra hemmeleriň gözüniň alnynda jyna käýäp: «Gepletmeýän we eşitdirmeýän jyn, saňa buýruk berýärin, oglanyň içinden çyk-da, gaýdyp oňa girme!» diýýär. Jyn oglanyň içinden çykanda, ony gygyrdyp, güýçli tutgaýyny tutdurýar. Şonda oglanjyk ýerde öli ýaly ýatýar. Adamlar muny görüp: «Ol öldi!» diýişýärler (Markus 9:25, 26). Emma Isa oglanyň elinden tutup, ony galdyranda, ol eýýäm sagalypdy (Matta 17:18). Isanyň eden işini gören adamlaryň haýran galmagy geň galdyrmasa gerek!

Isa öň şägirtlerini wagyz etmäge iberende, jynlary kowup çykarmaga-da ukyp beripdi. Şol sebäpli olar öýde ýeke özleri galanda, Isadan: «Biz näme üçin jyny çykaryp bilmedik?» diýip soraýarlar. Isa olaryň imanynyň azdygyny aýdyp, şeýle diýýär: «Beýle jyny diňe doga arkaly Hudaýdan kömek sorap çykaryp bolýar» (Markus 9:28, 29). Dogrudan-da, güýçli jyny kowup çykarmak üçin, imanyň berk bolmaly we Hudaýa doga edip, kömek soramaly.

Isa sözüni jemläp: «Size dogrusyny aýdýaryn, eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýýär (Matta 17:20). Hawa, iman şeýle güýçli bolup biljek eken!

Ýehowa gulluk edenimizde, duş gelýän päsgelçilikler we kynçylyklar dag ýa-da üstün çykyp bolmajak gala ýaly görünmegi mümkin. Ýöne imanymyzy berkitsek, onda dag ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gelip bileris.