Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

62-NJI BAP

Pesgöwünlilik baradaky sapak

Pesgöwünlilik baradaky sapak

MATTA 17:22—18:5; MARKUS 9:30—37; LUKA 9:43—48

  • ISA ÖLÜMI BARADA ÝENE-DE PYGAMBERLIK EDÝÄR

  • OL BALYGYŇ AGZYNDAN ALNAN TEŇŇE BILEN SALGYT TÖLEÝÄR

  • «PATYŞALYKDA IŇ ULY KIM BOLAR?»

Ýadyňyzda bolsa, Kaýsariýa-Filipide üç resul Isanyň şöhraty babatda görnüş görüpdi; şeýle-de ol ýerde Isa bir oglandan jyny kowup çykarypdy. Indi ol Kapernauma ýola düşýär. Onuň ýanynda diňe şägirtleri bardy, sebäbi ol «özüniň nirededigini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi» (Markus 9:30). Bu oňa şägirtlerini özüniň ölümine we şondan soň edilmeli işlere taýýarlamaga mümkinçilik berýärdi. Ol: «Ynsan Ogly duşmanlarynyň eline berler. Olar ony öldürerler, emma ol üçünji güni direler» diýýär (Matta 17:22, 23).

Bu pikir Isanyň şägirtleri üçin täzelik däldi. Sebäbi ol özüniň öldüriljekdigi hakda öňem aýdypdy. Şonda Petrus şeýle zadyň boljakdygyna ynanman, Isa garşy çykypdy (Matta 16:21, 22). Üç resul Isanyň şöhraty babatdaky görnüşi görende, onuň «bu dünýäden gitjekdigi» baradaky gürrüňdeşligi hem eşidipdiler (Luka 9:31). Şägirtler Isanyň aýdýanlaryna doly düşünmeseler-de, «örän gynanýarlar» (Matta 17:23). Emma olar sorag bermäge ýürek etmeýärler.

Birnäçe wagtdan olar Isanyň köplenç düşleýän we käbir resullaryň önüp-ösen şäheri Kapernauma dolanýarlar. Bu ýerde ybadathana üçin salgyt ýygnaýan adamlar Petrusyň ýanyna gelip: «Seniň mugallymyň (ybadathana üçin) iki teňňe salgyt tölemezmi?» diýip soraýarlar. Belki-de, olar bu soragy Isany salgyt tölemeýär diýip aýyplajak bolup berendirler (Matta 17:24).

Petrus: «Hawa, tölär» diýip jogap berýär. Öýe girende, Isa eýýäm näme bolandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol Petrusyň gürrüň açaryna garaşman: «Simun, seniň pikiriňçe, patyşalar salgydy ýa-da gümrügi kimlerden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa-da başga adamlardan?» diýip soraýar. Ol: «Başga adamlardan» diýip jogap berende, Isa: «Dogry, diýmek, ogullar salgytdan azatdyr» diýýär (Matta 17:25, 26).

Isanyň Atasy älemiň Patyşasy we adamlaryň ybadathanada sežde edýän Hudaýydy. Şonuň üçin Hudaýyň Oglundan ybadathana üçin salgyt talap etmek nädogry bolardy. Isa: «Ýöne dawa turmaz ýaly, deňze bar-da, çeňňegi taşla. Birinji tutan balygyň agzyny açanyňda, dört kümüş teňňe taparsyň. Soňra olary alyp, özüň we meniň üçin salgyt töläp gaýt» diýýär (Matta 17:27).

Biraz wagtdan şägirtleri ýygnanyp, Isadan Patyşalykda kimiň iň uly boljakdygyny soraýarlar. Ýaňy-ýakynda olar Isadan onuň ölümi hakda soramaga çekinipdiler. Emma häzir bolsa özleriniň gelejegi hakda soramaga çekinmeýärler. Isa olaryň pikirini bilýärdi. Olar Kapernauma ýola düşenlerinde, Isanyň yzyndan ýöräp gelýärkäler, bu hakda bir-birleri bilen jedelleşipdiler. Şoňa görä-de Isa olardan: «Ýolda näme barada jedelleşdiňiz?» diýip soraýar (Markus 9:33). Şägirtleri näme diýjegini bilmän, dymýarlar. Ahyrsoňy, olar: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?» diýip, Isa biynjalyk edýän soragyny berýärler (Matta 18:1).

Şägirtleriň bu hakda jedelleşmegi akyla sygjak zat däldi. Sebäbi olar takmynan üç ýyl bäri Isanyň ýanynda bolup, onuň aýdýanlaryny diňläp gelýärler. Her näme-de bolsa, olar bikämil. Şeýle-de olar ýokary derejä we wezipä üns berilýän dini düşünjä görä terbiýelenipdiler. Galyberse-de, ýaňy-ýakynda Isa Petrusa Patyşalygyň «açarlaryny» ynanypdy. Şonuň üçin ol özüni ýokary tutýan bolmaly. Ýakup bilen Ýahýa-da özlerini başgalardan beýik tutýandyr, sebäbi olar Isa hakdaky görnüşi görmäge mynasyp boldular.

Isa pursatdan peýdalanyp, olaryň garaýşyny düzetjek bolýar. Ol bir çagany alyp, olaryň arasynda goýýar-da, şeýle diýýär: «Eger düşünjäňizi we häsiýetiňizi üýtgedip, şu çaga ýaly bolmasaňyz, gökdäki Patyşalyga asla girip bilmersiňiz. Şeýlelikde, kim şu çaga ýaly pesgöwünli bolsa, şol hem gökdäki Patyşalykda iň uly bolar. Meniň adym üçin şeýle çagany kabul eden adam meni-de kabul edýändir» (Matta 18:3—5).

Ine, tälim bermegiň ajaýyp usuly! Isa şägirtlerine gaharlanmaýar, olary açgöz ýa-da şöhratparaz hem hasaplamaýar. Gaýtam, olara sapak berýär. Adatça, kiçi çagalarda ýokary wezipä ýa-da derejä ymtylmak ýaly düşünje bolmaýar. Bu mysaly getirmek bilen, Isa şägirtlerine pesgöwünliligi ösdürmegiň wajypdygyny görkezýär. Soňra sözüni jemläp: «Araňyzda özüni pes tutan adam beýikdir» diýýär (Luka 9:48).