Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

66-NJY BAP

Çatma baýramynda bolan waka

Çatma baýramynda bolan waka

ÝAHÝA 7:11—32

  • ISA YBADATHANADA TÄLIM BERÝÄR

Isa suwa çümdürileni bäri, onuň ady adamlaryň dilinden düşmeýär. Onuň görkezen gudratlaryny müňlerçe ýehudylar gördi, şonuň üçin Isanyň eden işlerini tutuş ýurt bilýärdi. Häzir bolsa Iýerusalimde Çatma baýramy bellenýär, adamlaryň köpüsi hem Isany gözleýär.

Adamlar Isa barada dürli pikirdedi. Käbirleri: «Ol gowy adam» diýse, başgalary: «Ýok, ol märekäni ters ýola salýar» diýýärdi (Ýahýa 7:12). Baýramçylygyň ilkinji günleri adamlaryň arasynda ol hakda köp gürrüňler edilýär. Emma hiç kim onuň tarapyny açyk tutup bilmeýär, sebäbi olar ýehudy ýolbaşçylaryndan gorkýardylar.

Baýramçylygyň takmynan dördünji güni Isa ybadathana gelýär. Adamlar onuň ökdelik bilen tälim berşini görüp, diýseň haýran galýardy. Ol hiç hili dini mekdepde okamandy, şol sebäpli ýehudylar gyzyklanyp: «Ol dini mekdepde okamasa-da, Ýazgylary nireden bilýär?» diýişýärler (Ýahýa 7:15).

Isa muny şeýle düşündirýär: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl-de, meni iberen Hudaýyňkydyr. Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän adam öwredýän zatlarymyň Hudaýdandygyny ýa-da öz pikirimi aýdýandygymy bilýändir» (Ýahýa 7:16, 17). Dogrudanam, Isanyň öwredýän zatlary Hudaýyň Kanunyna doly gabat gelýär. Diýmek, ol özüni däl-de, Hudaýy şöhratlandyrmak isleýär.

Soňra Isa şeýle diýýär: «Musa size Kanun beripdi, şeýle dälmi? Onda näme üçin siz Kanuna gulak asmaýarsyňyz? Näme üçin siz meni öldürmek isleýärsiňiz?» Märekäniň içindäki adamlaryň käbiri başga şäherlerden gelen bolmaly. Şonuň üçin olar Isanyň aýdýanlaryna düşünmeýärler. Olar şeýle ökde mugallymy öldürjek bolýandyklaryna ynanmaýan bolmaly. Şoňa görä-de olar Isa akylyndan azaşypdyr diýen netijä gelip: «Sen jynly. Kim seni öldürjek bolýar?» diýýärler (Ýahýa 7:19, 20).

Aslynda, bir ýarym ýyl mundan öň ýehudy ýolbaşçylary Isany Sabat güni syrkaw adamy sagaldany üçin öldürjek bolupdylar. Şol sebäpli Isa olaryň nädogry pikirini paş etmek üçin degerli subutnama getirýär. Ol Kanundaky oglan bäbegi sekizinji gün sünnetlemeli diýen tabşyryga salgylanyp, Sabat gününe gabat gelse-de, bu işiň ertire goýulmaýandygyny aýdýar. Isa şeýle diýýär: «Eger oglanlar Sabat güni sünnetlenip-de, Musanyň kanuny bozulmaýan bolsa, onda näme üçin meniň Sabat güni bir adamy sagaldandygyma beýle gaharlanýarsyňyz? Daşky görnüşe görä höküm etmegiňizi bes ediň, adalata laýyk höküm çykaryň» (Ýahýa 7:23, 24).

Iýerusalimiň ýaşaýjylary ýagdaýy bilýändikleri üçin: «Eýsem, käbirleriniň öldürjek bolup gözleýän adamy şu dälmi? Ine, ol hemmeleriň öňünde gepläp dur welin, oňa zat diýýän ýok-la! Belki-de, ýolbaşçylarymyz onuň Mesihdigine göz ýetirendir?» diýişýärler. Bular Isanyň Mesihdigine näme üçin ynanmaýarka? Olar: «Biz bu adamyň nirelidigini bilýäris; ýöne Mesih gelende, onuň nirelidigini hiç kim bilmez» diýýärler (Ýahýa 7:25—27).

Isa şol wagt ybadathanada duran ýerinde olaryň soragyna jogap berip, şeýle diýýär: «Siz meni we meniň nirelidigimi bilýärsiňiz. Men öz-özümden gelmedim, meni Iberen hakykatdan-da bardyr, ýöne siz ony tanamaýarsyňyz. Men ony tanaýaryn, sebäbi men onuň wekili hökmünde geldim. Meni Ol iberdi» (Ýahýa 7:28, 29). Isanyň şeýle düşnükli edip aýdandygyna garamazdan, olar ony tutup, türmä basjak ýa-da öldürjek bolýarlar. Emma bu olara başartmaýar, sebäbi entek Isanyň dünýäden ötmeli wagty gelmändi.

Muňa garamazdan, köp adamlar Isa iman edýär. Sebäbi olar Isanyň suwuň ýüzünden ýöreýşini, tupany ýatyryşyny, müňlerçe adamy birnäçe çörek we balyk bilen doýruşyny, syrkawlary sagaldyp, agsaklary ýöredişini, körleriň gözüni açyp, heýwere kesellileri tämiz edişini, hatda ölüleri-de direldişini görüpdiler. Olar: «Eýsem, Mesih gelende, şu adamyň görkezen gudratlaryndan artyk edermi näme?» diýýärler (Ýahýa 7:31). Hawa, olar gaty gowy delil getirdiler.

Märeke şu sözleri diňläp durka, fariseýler we uly ruhanylar Isany tussag etmäge sakçylary iberýärler.