Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

74-NJI BAP

Myhmansöýerlik we doga etmek barada berlen maslahat

Myhmansöýerlik we doga etmek barada berlen maslahat

LUKA 10:38—11:13

  • ISA MARTANYŇ WE MERÝEMIŇ ÖÝÜNDE MYHMANÇYLYKDA

  • ERJELLIK BILEN DOGA ETMEK WAJYPDYR

Zeýtun dagynyň gündogar eňňidinde, Iýerusalimden takmynan 3 kilometr uzaklykda Betaniýa obasy ýerleşýär (Ýahýa 11:18). Isa şol oba ýola düşýär. Ol ýerde Isanyň dostlary Marta, Merýem we Lazar ýaşaýardy. Isa olara myhmançylyga baranda, ony gujak açyp garşy alýarlar.

Mesihi öýüňe myhman almak nähili uly hormat! Marta saçagy dürli-dümen zatlardan doldurjak bolup başagaý bolýar. Merýem bolsa Isanyň ýanynda oturyp, onuň aýdýanlaryny diňleýär. Şol wagt Marta Isanyň ýanyna gelip: «Halypam, uýamyň meni ýeke özüme hyzmat etdirip ýörendigini görmeýärmiň? Oňa aýtsa-na, maňa kömek etsin» diýýär (Luka 10:40).

Emma Isa Merýeme käýemeýär, gaýtam, nahar bişirjek bolup hysyrdap ýören Marta maslahat berip: «Marta, Marta, sen köp zatlar hakda aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň. Az zat ýa-da birje zat bolsa-da bolýar. Merýem bolsa iň gowusyny saýlady, saýlan zady ondan hiç haçan alynmaz» diýýär (Luka 10:41, 42). Hawa, Isa köp wagtyňy alýan dürli näzi-nygmatlary taýýarlamagyň gerek däldigini, ýagny ýönekeý, birje naharyň hem ýeterlikdigini aýtjak bolýar.

Martanyň niýeti gowudy, ol myhmansöýerlik bildirmek isleýärdi. Emma ol saçagy doldurjak bolup, Hudaýyň Oglundan tälim almakdan özüni mahrum edýärdi. Isa Merýemiň iň gowy zady saýlap, paýhasly hereket edendigini we şol sebäpli köp bereketleri aljakdygyny nygtap geçýär. Bu biziň üçin hem gowy sapak.

Başga bir gezek bolsa Isa doga etmek babatda wajyp sapak berýär. Şägirtleriniň biri ondan: «Halypam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, bize-de doga etmegi öwret» diýýär (Luka 11:1). Isa bu barada bir ýarym ýyl mundan öň Dagdaky wagzynda öwredipdi (Matta 6:9—13). Emma ol şägirt Isanyň Dagdaky wagzyny eşitmedik bolmaly. Şol sebäpli Isa doga etmek babatdaky esasy pikirleri gaýtalaýar. Soňra Hudaýa doga edeniňde, erjel bolmagyň wajyplygyny görkezýän bir mysal gürrüň berýär.

«Aýdaly, siziň biriňiz ýary gije dostuňyzyň ýanyna baryp, „Dostum, maňa üç sany çörek karz beräý. Ýoldan geçip barýan bir dostum geldi welin, oňa hödür edere zadym ýok“ diýýärsiňiz. Emma ol içerden: „Bimaza etmesene, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym hem ýanymda düşekde ýatyr. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýýär. Size diýýärin, eger ol dostluk hatyrasy üçin ýerinden turup, size hiç zat bermese, erjelligiňiz üçin gerek zadyňyzy hökman berer» (Luka 11:5—8).

Isa Ýehowanyň mysaldaky dost ýaly biziň doga-dileglerimize höwessiz jogap berýändigini aýtjak bolmady. Kömek etmek islemedik adam erjellik bilen haýyş eden dostuna göwünli-göwünsiz seslenen bolsa-da, onuň işini bitirdi. Onda gökdäki söýgüli Atamyz wepaly gullukçylarynyň ýürekden edýän dilegine höwes bilen jogap bermezmi näme?! Isa gürrüňini dowam edip: «Şonuň üçin size diýýärin, dilemegi dowam ediň, size berler; agtarmagy dowam ediň, taparsyňyz; gapyny kakmagy dowam ediň, size açarlar. Sebäbi dilän alar, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar» diýýär (Luka 11:9, 10).

Soňra Isa pikirini nygtamak üçin ynsan atalaryny mysal getirip, şeýle diýýär: «Haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek onuň eline ýylan berer? Ýa-da ýumurtga dilände, onuň eline içýan berer? Diýmek, eger siz erbet bolsaňyz-da, çagalaryňyza gowy sowgatlary berip bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp mukaddes ruhuny berer!» (Luka 11:11—13). Gökdäki Atamyzyň bizi höwes bilen eşidýändigini we doga-dileglerimize jogap bermäge taýyndygyny bilmek nähili begendirýär!