Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

75-NJI BAP

Isa hakyky bagtyň nämedigini düşündirýär

Isa hakyky bagtyň nämedigini düşündirýär

LUKA 11:14—36

  • JYNLAR «HUDAÝYŇ GÜÝJI» BILEN KOWLUP ÇYKARYLÝAR

  • HAKYKY BAGTYŇ AÇARY

Isa ýaňyja doga etmek barada aýdan esasy pikirlerini gaýtalady. Ol wagtal-wagtal başga-da pikirleri gaýtalap geçýärdi. Isa Jelilede gudrat görkezende, ol jynlaryň hökümdarynyň güýji arkaly edýär diýip, oňa töhmet atypdylar. Ine, indi Ýahudada hem oňa garalyk ýöňkeýärler.

Isa bir adamyň içinden ony lal eden jyny kowup çykarýar. Muny gören märeke haýran galýar, emma Isany tankytlaýanlar hem tapylýar. Olar Isa töhmet atyp: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň güýji bilen kowup çykarýar» diýýärler (Luka 11:15). Başgalar bolsa Isadan özüniň kimdigini aýan etmegi üçin gökden alamat görkezmegi talap edýärler.

Isa olaryň synajak bolýandyklaryny bilýärdi, şonuň üçinem Jelilede özüne töhmet atan adamlara aýdan sözlerini bulara-da gaýtalaýar. Ol öz arasynda agzala bolan patyşalygyň ýykyljakdygyny düşündirensoň, şeýle diýýär: «Eger Şeýtan hem öz-özüne garşy çykýan bolsa, onuň patyşalygy nädip durar?» Soňra ol: «Eger men jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy geldi, ýöne siz muňa düşünmediňiz» diýip, açyk aýdýar (Luka 11:18—20).

Isanyň diňleýjileri «Hudaýyň güýji» diýen jümläni eşidende, Ysraýylyň taryhynda bolan wakalary ýadyna salan bolmaly. Meselem, Musa pygamber faraonyň köşgünde gudrat görkezende, şol ýerde duran adamlar: «Bu Hudaýyň işi» diýipdiler. Şeýle-de iki sany ýasy daş bölegine ýazylan On tabşyrygy hem «Hudaýyň hut Özi ýazypdy» (Müsürden çykyş 8:19; 31:18). Isa hem şol güýç, ýagny «Hudaýyň güýji» arkaly jynlary kowup çykarýar we syrkawlary sagaldýar. Başgaça aýdanyňda, ol mukaddes ruh, ýagny Hudaýyň hereket edýän güýji arkaly gudratlary görkezýär. Diýmek, Hudaýyň Patyşalygy duşmanlara «gelip ýetdi», sebäbi Hudaýyň bellän Patyşasy Isa olaryň hut ýanynda gudratly işleri edýär.

Isanyň jynlary kowup çykarmagy onuň Şeýtandan has güýçlüdigini görkezýärdi, sebäbi gowy ýaraglanan adamy diňe ondan has güýçli biri gelip, ýeňip bilýändir. Şeýle-de Isa adamdan çykan zalym ruh baradaky mysalyny gaýtalaýar. Eger adam boş ýerini gowy zatlardan doldurmasa, onda zalym ruh ýanyna ýene ýedi sanysyny alyp dolanýandyr, şonda ol adamyň ýagdaýy öňküsinden-de beterleşýär (Matta 12:22, 25—29, 43—45). Edil şu ýagdaý hem ysraýyl halkynyň başyna inýär.

Isany diňläp oturan adamlaryň arasyndan bir aýal: «Seni dünýä indiren we saňa süýt beren aýal, gör, nähili bagtly!» diýip gygyrýar. Ýehudy aýallary pygamberiň, ylaýta-da, Mesihiň ejesi bolmagy arzuw edýärdiler. Şonuň üçin bu aýal Merýemi şeýle mugallymyň ejesi bolandygy üçin iň bagtly aýaldyr öýden bolmaly. Emma Isa ol aýalyň garaýşyny düzedip: «Ýok, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler bagtlydyr!» diýýär-de, hakyky bagtyň açaryny görkezýär (Luka 11:27, 28). Isa hiç haçan Merýem aýratyn hormata mynasyp bolmalydyr diýmändi. Sebäbi hakyky bagt adamyň jynsyna, garyndaşlyk gatnaşygyna ýa-da eden işlerine däl-de, Hudaýa wepalylygyna bagly bolýar.

Isa edil Jeliledäki ýaly gökden alamat talap edýän bu adamlary-da ýazgarýar. Isa olara «Ýunusyň alamatyndan başga alamat görkezilmejekdigini» aýdýar. Ýunus pygamber balygyň içinde üç gün bolupdy we yhlasly wagyz edende, ninewiýalylar toba edipdiler. Şeýdip, ol Isanyň döwürdeşlerine alamat bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Isa: «Ine, bu ýerde bolsa Ýunusdan-da beýik biri bar» diýýär (Luka 11:29—32). Isa Süleýman patyşanyň akyldarlygyny diňlemäge gelen Gündogaryň aýal patyşasyny hem mysal getirýär we soňra özüniň Süleýmandan-da uludygyny aýdýar.

Isa sözüni dowam edip: «Adamlar çyrany ýakanda, ony gizlin ýerde goýmaýarlar ýa-da üstüne sebet ýapmaýarlar... Ony çyradanyň üstüne goýýarlar» diýýär (Luka 11:33). Hawa, Isa bu halka tälim bermegi we olaryň öňünde gudrat görkezmegi ýanyp duran çyranyň üstüne sebet ýapmak bilen deňeşdirjek bolandyr. Sebäbi bu adamlaryň gözi wajyp zada gönükdirilmändi, şonuň üçin hem olar Isanyň näme sebäpden gudrat görkezýändigine düşünmeýärdiler.

Isa ýaňyja lal adamyň içinden jyny kowup çykaryp, ony sagaltdy. Muny gören adamlar Ýehowany şöhratlandyrmalydylar we onuň eden işleri hakda başgalara-da gürrüň bermelidiler. Şol sebäpli Isa töhmet atan adamlaryň hersini göz öňünde tutup: «Seresap bol, sendäki ýagtylyk garaňky bolaýmasyn. Eger bütin bedeniň ýagty bolup, onda hiç hili garaňkylyk bolmasa, ol saňa edil çyra ýaly ýagtylyk berer» diýýär (Luka 11:35, 36).