Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

76-NJY BAP

Fariseýiň öýünde myhmançylykda

Fariseýiň öýünde myhmançylykda

LUKA 11:37—54

  • ISA IKIÝÜZLI FARISEÝLERI ÝAZGARÝAR

Isa Ýahudada wagty bir fariseý ony öýüne myhmançylyga çagyrýar (Luka 11:37, 38). Däbe görä fariseýler nahar iýmezden öň ellerini tirseklerine çenli ýuwýardylar. Emma Isa beýle etmeýär (Matta 15:1, 2). Eliňi tirsegiňe çenli ýuwmak Hudaýyň Kanunyna garşy gelmese-de, Ol muny talap etmeýärdi.

Fariseý Isanyň bu däbe eýermändigine geň galýar. Isa muny duýup: «Fariseýler, siz gap-çanaklaryň daşyny ýuwýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden we erbet höweslerden doludyr. Akylsyzlar! Eýsem, daşyny ýaradan Hudaý içini hem ýaratmadymy näme?» diýýär (Luka 11:39, 40).

Aslynda, nahardan öň eliňi ýuwmak nädogry däldi, ýöne bu dini ikiýüzliligiň alamatydy. Sebäbi däbe eýerip, ellerini tirseklerine çenli ýuwýan fariseýlerdir beýleki adamlar ýüregini erbetlikden arassalamalydylar. Şol sebäpli Isa olara: «Garyplara ýagşylyk edeniňizde, muny ýürekden ediň. Şonda bütinleý arassa bolarsyňyz» diýip maslahat berýär (Luka 11:41). Isa tüýs hakykaty aýtdy! Dogrudan-da, kimdir birine ýagşylyk etmek isleseň, muny göz üçin däl-de, ýürekden etmeli.

Elbetde, bu adamlar ýagşylyk edýärdi. Isa olar hakda şeýle diýýär: «Siz narpyzyň, porsukertiň, başga-da dürli ösümlükleriň ondan bir bölegini berýärsiňiz, ýöne Hudaýyň adalatyndan we söýgüsinden ýüz öwürýärsiňiz! Bu zatlary etmäge borçludyňyz, ýöne başga zatlardan hem ýüz öwürmeli däldiňiz» (Luka 11:42). Hudaýyň Kanunynda adamlardan hasylynyň ondan bir bölegini bermek talap edilýärdi (Kanun taglymaty 14:22). Bu zatlara narpyz, porsukert we nahara atylýan başga-da otlar hem ösümlikler degişlidi. Fariseýler şeýle otlaryň birini-de sypdyrman, ondan bir bölegini berýärdiler. Ýöne olar Kanunyň esasy tabşyrygyny, ýagny adalaty berjaý etmegi we Hudaýyň öňünde pesgöwünli ýöremegi unudýardylar (Mika 6:8).

Isa sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Waý günüňize, fariseýler, sebäbi siz sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy we bazarlarda adamlaryň size salam bermeklerini gowy görýärsiňiz! Waý siziň günüňize, sebäbi siz görünmän galan mazarçylyga meňzeýärsiňiz. Adamlar onuň üstünden ýörese-de, ol barada bilmeýärler!» (Luka 11:43, 44). Dogrudan-da, eger biri şolar ýaly mazara kaklyşaýsa, onda ol adam däbe görä hapa hasaplanýardy. Isa şeýle mysal arkaly daşyndan arassa görünýän fariseýleriň hapadygyny belläp geçýär (Matta 23:27).

Bir kanunçy muny eşidip: «Mugallym, sen bu sözleri aýdyp, bizi-de kemsidýärsiň» diýip, nägile bolýar. Şeýle adamlar başgalara kömek etmegiň wajypdygyna düşünmeýärdiler. Şonuň üçin Isa olara: «Kanunçylar, waý siziň hem günüňize, sebäbi siz adamlara göterip bilmejek ýüklerini berýärsiňiz, özüňiz bolsa oňa barmagyňyzy-da degirmeýärsiňiz! Waý günüňize, sebäbi siz ata-babalaryňyzyň öldüren pygamberleri üçin mazarçylyk gurýarsyňyz» diýýär (Luka 11:45—47).

Isa «ýük» diýende, dilden berlen adatlary we fariseýleriň Kanuny özüçe düşündirişini göz öňünde tutýar. Bu adamlar halkyň ýaşaýşyny ýeňletmek üçin hiç zat etmeýärdiler. Gaýtam, olardan agyr ýüke öwrülen tabşyryklary berjaý etmegi talap edýärdiler. Olaryň ata-babalary Habyldan başlap, Hudaýyň ähli pygamberlerini öldürdiler. Indi bolsa olar ata-babalarynyň eden işlerini gaýtalap, öldürilen pygamberlere hormat goýan bolup, olara mazarlar gurýardylar. Olar hatda Hudaýyň iň beýik Pygamberini-de öldürjek bolýarlar. Isa olara Hudaýyň şu nesilden hasabat sorajakdygyny aýdýar. Bu sözler 38 ýyldan soň, ýagny b. e. 70-nji ýylynda berjaý bolýar.

Isa sözüni dowam edip: «Waý günüňize, eý kanunçylar! Siz bilimiň açaryny alyp, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girmek isleýänlere ýol berýärsiňiz» diýýär (Luka 11:52). Bu adamlar halka Hudaýyň Sözüni öwretmelidiler, emma olar ony ne öwretdiler, ne-de düşündirdiler.

Isanyň sözleri fariseýlere hem-de kanunçylara nähili täsir etdikä? Olaryň gahary gelýär. Isanyň gitjek bolup durandygyny görende bolsa, oňa sorag baryny ýagdyryp başlaýarlar. Ýöne olary soragyň jogaby gyzyklandyrmaýardy. Olar Isany tussag etmäge bahana gözläp, ony sözünde tutjak bolýardylar.