Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

82-NJI BAP

Isa Pereýada wagyz edýär

Isa Pereýada wagyz edýär

LUKA 13:22—14:6

  • «DAR GAPYDAN GIRMEK ÜÇIN JAN EDIŇ»

  • ISA IÝERUSALIMDE ÖLDÜRILER

Isa Ýahudada we Iýerusalimde adamlara tälim berip, syrkawlary sagaldýardy. Şeýle-de ol Iordan derýasyndan geçip, Pereýanyň şäherlerinde wagyz edýärdi. Emma tizden ol Iýerusalime gaýdyp barmakçydy.

Pereýada bir adam Isadan: «Agam, halas boljaklar azmy?» diýip soraýar. Bu adam dini ýolbaşçylaryň köp ýa-da sanlyja adamyň halas boljakdygy baradaky çekişmelerinden habarly bolmaly. Isa näçe adamyň halas boljakdygyny däl-de, halas bolmak üçin näme etmelidigini aýdyp: «Dar gapydan girmek üçin jan ediň» diýýär. Hawa, munuň üçin eliňde baryny etmelidi. Sebäbi Isa: «Köpleri girjek bolar, ýöne başarmazlar» diýip düşündirýär (Luka 13:23, 24).

Isa köp tagalla etmegiň wajypdygyny nygtap, şeýle diýýär: «Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşynda durup: „Agam, gapyny açaý“ diýip kakarsyňyz... Emma ol size: „Men sizi tanamaýaryn. Ýanymdan aýrylyň, eý erbet iş edýänler!“ diýer» (Luka 13:25—27).

Görşümiz ýaly, adam gijä galypdyr, görse, gapy eýýäm ýapylyp gulplanypdyr. Megerem, ol özüne amatly wagtda gelen bolmaly. Ol adam amatly bolmasa-da, irräk gelmelidi. Isanyň tälim beren adamlarynyň köpüsi hem şoňa meňzeýär. Olar hakyky seždä yhlas bilen ýapyşyp, ony durmuşynda birinji orunda goýmalydylar. Isanyň wagyz eden adamlarynyň köpüsi bu mümkinçilikden peýdalanmadylar we Hudaýyň gutulyşyny kabul etmediler. Şol sebäpli Isa olara: «Daşyna zyňlandygyňyzy görüp, gözýaş dökersiňiz, alaçsyzlykdan ýaňa dişiňizi gyjarsyňyz» diýýär. Ýöne «gündogardan, günbatardan, demirgazykdan we günortadan», ýagny ähli milletden adamlar gelip, «Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar» (Luka 13:28, 29).

Isa muny şeýle düşündirýär: «Şonda soňkular (meselem, özge milletliler we ezilen ýehudylar) ilkinji, ilkinjiler (Ybraýym pygamberiň neslidigine buýsanýan ýehudy dini ýolbaşçylary) bolsa soňky bolarlar» (Luka 13:30). «Soňky bolar» diýlende, gadyrbilmez adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyna asla girmejekdigini görkezýär.

Şonda käbir fariseýler Isanyň ýanyna gelip, oňa: «Tur-da, bu ýerden git, sebäbi Hirodes seni öldürjek bolýar» diýýärler. Ähtimal, bu gürrüňleri Isanyň şol ýerden gitmegi üçin Hirodes patyşanyň özi ýaýradan bolmaly. Hirodes ýene bir pygamberiň ganyna galmakdan gorkan bolmaly, sebäbi ol suwa çümdürýän Ýahýanyň başyny aldyrdypdy. Emma Isa fariseýlere: «Baryň-da, şol tilkä şeýle diýiň, „Men şu gün hem ertir jynlary kowup çykararyn we syrkawlary sagaldaryn, üçünji gün bolsa işimi tamamlaryn“» diýýär (Luka 13:31, 32). Tilki mekir haýwan hasaplanýar. Isa hem Hirodesa tilki diýmek bilen, onuň mekirdigini görkezjek bolandyr. Ýöne ol Hirodesiň ýa-da başga biriniň hilesine aldanmaz. Ol gökdäki Atasyndan alan tabşyrygyny adamlaryň däl-de, Hudaýyň bellän wagtyna görä amala aşyrar.

Isa Iýerusalime tarap ýola düşýär, sebäbi onuň aýtmagyna görä, «pygamberiň Iýerusalimden başga ýerde öldürilmegi mümkin däldir» (Luka 13:33). Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň şol şäherde öldürilmelidigi barada hiç zat aýdylmaýar. Onda Isa näme üçin özüniň ol ýerde öldüriljekdigi hakda aýdýar? Sebäbi Iýerusalim Ýahudanyň paýtagtydy we bu ýerde 71 adamdan ybarat bolan Sinedrion, ýagny Ýokary kazyýet ýerleşýärdi. Bu kazyýet ýalan pygamberleriň üstünden höküm çykarýardy. Mundan başga-da Iýerusalimde mal gurbanlary berilýärdi. Şonuň üçin Isa özüniň şol şäherde öldüriljekdigini bilýärdi.

Isa: «Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we özüne iberilen adamlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum! Ýöne sen muny islemediň. Ine, Hudaý seniň öýüňi terk edýär» diýip, ah çekýär (Luka 13:34, 35). Bu halk Hudaýyň Ogluny inkär edýändigi üçin, eden işiniň ajy miwesini dadar!

Isa Iýerusalime gaýtmazdan öň fariseýleriň ýolbaşçysy ony Sabat güni öýüne myhmançylyga çagyrýar. Ol ýerde elleri we aýaklary çiş bir adam bardy. Fariseýiň öýüne gelenler Isa näme ederkä diýip, ondan gözüni aýyrman seredýärdiler. Şonda Isa fariseýlerden we Kanuny gowy bilýän adamlardan: «Sabat güni adamy sagaltmak kanuna laýyk gelýärmi ýa-da ýok?» diýip soraýar (Luka 14:3).

Hiç kimden ses-üýn çykmaýar. Isa syrkaw adamy sagaldýar, soňra oturanlara ýüzlenip: «Siziň haýsy biriňiziň ogluňyz ýa-da öküziňiz Sabat güni guýa gaçsa, ony şol bada çykarmarsyňyz?» diýýär (Luka 14:5). Olar ýene-de Isanyň aýdan sözlerine hiç hili jogap berip bilmeýärler.