Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

89-NJY BAP

Isa Pereýada we Ýahuda barýan ýolda tälim berýär

Isa Pereýada we Ýahuda barýan ýolda tälim berýär

LUKA 17:1—10; ÝAHÝA 11:1—16

  • BIRINI BÜDRETMEK AGYR GÜNÄ HASAPLANÝAR

  • BAGYŞLAMAK WE IMANYŇY IŞ ÝÜZÜNDE GÖRKEZMEK

Isa birnäçe wagtdan bäri «Iordanyň beýleki tarapyndaky» Pereýada tälim berýärdi (Ýahýa 10:40). Tizden ol günortada ýerleşýän Iýerusalime gider.

Isa ýeke däldi; onuň ýanynda şägirtleri hem-de salgytçylardyr günäkärlerden ybarat bolan «uly märeke» bardy (Luka 14:25; 15:1). Şeýle-de Isanyň aýdýan we edýän işlerini tankytlaýan fariseýlerdir kanunçylar hem bardy. Olar Isanyň «Ýiten goýun», «Ýiten ogul», «Baý adam we Lazar» hakdaky gürrüň beren hekaýalary barada köp oýlanýardylar (Luka 15:2; 16:14).

Duşmanlaryň tankytlaýjy sözleri we ýaňsylamalary Isanyň ýadyna düşen bolmaly. Şonuň üçin ol şägirtlerine ýüzlenip, Jelilede aýdan käbir maslahatlaryny gaýtalaýar.

Ol: «Adamyň imanynyň gowşamagyna sebäp bolýan zatlar hökman bolar. Ýöne olar kim arkaly bolýan bolsa, şol adamyň dat gününe! ...Özüňize üns beriň. Eger doganyň günä etse, oňa käýe; eger ol toba etse, ony bagyşla. Eger ol günde ýedi gezek saňa garşy günä edip, ýedi gezek hem gelip: „Meni bagyşla“ diýse, sen ony bagyşlamalysyň» diýýär (Luka 17:1—4). Isanyň soňky aýdan sözleri Petrusa ýedi gezek bagyşlamak barada beren soragyny ýatladan bolmaly (Matta 18:21).

Şägirtleri Isanyň beren maslahatyna eýerip bilermikä? Olar Isa ýüzlenip: «Biziň imanymyzy köpelt» diýende, ol: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu agaja: „Köküň bilen sogrul-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar» diýip ynandyrýar (Luka 17:5, 6). Hawa, hatda çigit ýaly iman hem uly işleri bitirip bilýär.

Isa tälim bermegini dowam edýär. Ol resullaryň özlerine bolan dogry garaýşy saklap, pesgöwünli bolmagyň wajypdygy barada şeýle maslahat berýär: «Siziň haýsyňyzyň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän guluňyz bolup-da, ol meýdandan dolanyp gelende, oňa: „Tizräk gel-de, saçak başynda otur“ diýer? Gaýtam, oňa: „Meniň üçin agşamlyk naharyny taýýarla, öňlügiňi dakyn-da, iýip-içýänçäm maňa hyzmat et. Soňra özüň iýip-içip bilersiň“ diýmezmi? Heý-de, ol tabşyran zatlaryny eden guluna minnetdar bolarmy? Şonuň ýaly-da siz hem aýdylan ähli zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý guldurys. Biz diňe etmeli zady etdik“ diýiň» (Luka 17:7—10).

Hudaýyň her bir gullukçysy onuň islegini durmuşynda birinji orunda goýmagyň ähmiýetlidigine düşünmeli. Galyberse-de, Hudaýyň maşgalasynyň agzasy hökmünde oňa sežde etmegiň uly hormatdygyny hem unutmaly däl.

Mümkin, şondan soň Merýem bilen Martanyň iberen habarçysy gapydan giren bolmaly. Olar Lazaryň uýalarydy we Ýahudanyň Betaniýa obasynda ýaşaýardylar. Gelen habarçy: «Halypam, seniň ýakyn dostuň syrkaw ýatyr» diýýär (Ýahýa 11:1—3).

Dostunyň agyr halda ýatandygyny eşitse-de, Isa dady-perýat etmeýär. Ol: «Bu syrkawlyk ölüm bilen gutarmaz, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyrar. Şonda ol arkaly Hudaýyň Ogly hem şöhratlanyp biler» diýýär. Isa ol ýerde iki gün galýar, diňe şondan soň şägirtlerine: «Ýörüň, ýene-de Ýahuda gideliň» diýýär. Olar bolsa: «Mugallym, ýehudylar seni ýaňy-ýakynda daşlajak bolup ýördüler, sen bolsa ýene-de şol ýere gitjek bolýarmyň?» diýýärler (Ýahýa 11:4, 7, 8).

Isa şeýle jogap berýär: «Eýsem, gündiz 12 sagat dowam etmeýärmi näme? Gündiz ýöreýän adam hiç zada büdremez, sebäbi ol dünýäniň ýagtylygyny görýändir. Emma gije ýöreýän adam büdreýändir, sebäbi ol garaňkylykda gezýändir» (Ýahýa 11:9, 10). Bu sözler Hudaýyň Isa beren wagtynyň heniz tamamlanmandygyny görkezýärdi. Muňa garamazdan, Isa galan wagtyny dogry ulanmalydy.

Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dostumyz Lazar uka gitdi, men ony turuzmaga barýaryn». Şägirtler Lazar ýöne bir dynç almak üçin uklap ýatandyr öýdýärler. Şol sebäpli olar: «Halypam, eger ol uka giden bolsa gowulaşar» diýýärler. Şonda Isa: «Lazar öldi... Ýörüň, onuň ýanyna gideliň» diýip, açyk aýdýar (Ýahýa 11:11—15).

Isany Ýahudada öldürmekleri mümkindi. Şonuň üçin Tomas ony goldamak üçin, şägirtlere ýüzlenip: «Ýörüň, onuň bilen gidip, bizem öleliň» diýýär (Ýahýa 11:16).