Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

99-NJY BAP

Isa iki kör adamy sagaldýar we Zakkaýa kömek edýär

Isa iki kör adamy sagaldýar we Zakkaýa kömek edýär

MATTA 20:29—34; MARKUS 10:46—52; LUKA 18:35—19:10

  • ISA ERIHADA KÖR ADAMLARY SAGALDÝAR

  • SALGYTÇY ZAKKAÝ TOBA EDÝÄR

Isa we onuň ýanyndaky adamlar Eriha şäherine gelýärler. Iýerusalim bilen bu şäheriň arasy takmynan bir günlük ýoldy. Eriha iki şäher hasaplanýardy. Onuň gadymy bölegi rimlileriň täze guran şäherinden 1,6 km uzaklykda ýerleşýärdi. Isa we onuň ýanyndaky märeke Eriha şäheriniň birinden çykyp, beýlekisine golaýlaşyp barýarka, olaryň sesini dilegçilik edip oturan iki kör adam eşidýär. Olaryň biriniň ady Bartimaýdy.

Isanyň geçip barýanyny eşidende, Bartimaý we onuň ýanyndaky ýoldaşy: «Halypam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, gygyryp başlaýar (Matta 20:30). Käbirleri olara käýäp, ýuwaş bolmaklaryny tabşyrýarlar, ýöne olar öňküden-de batly gygyrýarlar. Isa galmagaly eşidende, sakga durýar. Ol gygyrýan adamlary ýanyna getirmegi haýyş edýär. Olar baryp, dilegçiniň birine: «Batyr bol! Tur, ol seni çagyrýar» diýýärler (Markus 10:49). Kör adam tolgunýardy; ol donuny çykaryp, ýerinden turýar-da, Isanyň ýanyna barýar.

Isa: «Siziň üçin näme edeýin?» diýip soraýar. Olar hem: «Halypam, goý, gözlerimiz açylsyn» diýýärler (Matta 20:32, 33). Isanyň nebsi agyryp, olaryň gözlerine elini degirýär-de, birine: «Bar, imanyň seni sagaltdy» diýýär (Markus 10:52). Dilegçilik edýän adamyň ikisi hem görüp başlaýar we Hudaýa alkyş aýdýarlar. Muny gören märeke hem olara goşulyp, Hudaýy şöhratlandyryp başlaýar. Sagalan adamyň ikisi-de Isanyň yzyna düşüp gidýär.

Isa Erihanyň içi bilen geçip barýarka, onuň daşyna birgiden märeke üýşýär. Her kim körleriň gözüni açan adamy göresi gelýärdi. Isanyň daş-töweregini gurşap alan märekeden ýaňa ony görüp bolmaýardy. Olaryň arasynda Zakkaý atly adam bardy. Ol Eriha we onuň golaýyndaky salgytçylaryň ýolbaşçysydy. Onuň boýy gysga bolany üçin hiç zat görüp bilmeýärdi. Şonuň üçin ol öňe ylgap gidýär-de, Isanyň ýörejek ýolundaky bir ýabany injir agajynyň üstüne çykýar. Agajyň ýokarsyndan Zakkaýa hemme zat görünýärdi. Isa agajyň ýanyna baranda, onuň üstünde oturan Zakkaýy görýär. Ol: «Zakkaý, çaltrak aşak düş, sebäbi men şu gün seniň öýüňe barmakçy» diýýär (Luka 19:5). Zakkaý agaçdan düşüp, hormatly adamy myhman almak üçin öýüne ylgaýar.

Märeke bolan zatlary görende, hüňürdäp başlaýar. Olar Isanyň günäkär hökmünde tanalýan adamyň öýüne barmagyny nädogry hasaplaýarlar. Zakkaý baýdy, sebäbi ol salgyt ýygnanda, adamlaryň zadyny zor bilen alýardy.

Isa Zakkaýyň öýüne barýarka, adamlar nägilelik bildirip: «Ol günäkär adamyň öýüne myhmançylyga gitdi» diýişýärler. Emma Isa Zakkaýyň toba edip biljekdigine düşünýärdi. Zakkaý hem onuň tamasyny ödeýär. Ol ýerinden turup: «Halypam, ine, men emlägimiň ýarysyny garyplara paýlaryn, kimiň zadyny elinden zor bilen alan bolsam, oňa dört esse edip gaýtaryp bererin» diýýär (Luka 19:7, 8).

Dogrudan-da, Zakkaý ýürekden toba edýär! Ol kimden näçe salgyt alandygyny ýazan bolmaly, şonuň üçin Hudaýyň kanunyna görä, olara dört esse edip gaýtarjakdygyny söz berýär (Müsürden çykyş 22:1; Lewiler 6:2—5). Şeýle-de ol mal-mülküniň ýarysyny garyp-gasarlara paýlajakdygyny aýdýar.

Zakkaýyň toba edişini görüp, Isa begenýär. Ol: «Şu gün Hudaý bu adamy we onuň öý-içerisini halas etdi, sebäbi ol hem Ybraýymyň ogludyr. Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi» diýýär (Luka 19:9, 10).

Isa ýakynda «Ýiten ogul» baradaky mysaly gürrüň berip, Ýehowany terk eden adamlaryň nähili ýagdaýa düşýändigini beýan edipdi (Luka 15:11—24). Ine, häzir bolsa ýiten, ýöne tapylan adamy gözüň bilen görse bolýar. Dini ýolbaşçylar we olaryň ýaranlary Isadan nägile bolup, Zakkaý ýaly adama üns berendigi üçin ony tankytlaýarlar. Emma Isa şonda-da Ybraýym pygamberiň ýiten ogullaryny gözläp, olara goltgy bermegini bes etmeýär.