Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

100-NJI BAP

Kümüş pul baradaky mysal

Kümüş pul baradaky mysal

LUKA 19:11—28

  • ISANYŇ ON KÜMÜŞ PUL HAKDAKY MYSALY

Isa Iýerusalime barmaly bolsa-da, ol henizem şägirtleri bilen Zakkaýyň öýünde oturan bolmaly. Şägirtleriň pikirine görä, Isanyň ýolbaşçylygy astynda ýakyn gelejekde «Hudaýyň Patyşalygy» höküm sürüp başlar (Luka 19:11). Emma olar ýalňyşýardylar, sebäbi Isanyň ölümi bilen bagly köp zatlara düşünmeýärdiler. Şonuň üçin ol bir mysaly gürrüň berýär. Bu olara Patyşalygyň uzak gelejekde höküm sürüp başlajakdygyna düşünmäge kömek edip bilerdi.

Isa: «Abraýly maşgaladan bir adam patyşalyk ygtyýaryny almak üçin, uzak ýurda gidýär» diýýär (Luka 19:12). Şeýle syýahat uzak wagta çekýän bolmaly. «Abraýly maşgaladan bir adam» Isany aňladýar. Ol «uzak ýurda», ýagny göge gidýär; ol ýerde Atasy oňa patyşalyk ygtyýaryny berer.

«Abraýly maşgaladan» bolan adam başga ýurda gitmezden öň, on guluny çagyryp, hersine bir kümüş pul berýär-de: «Men gaýdyp gelýänçäm, beren pulumy dolanyşyga goýberiň» diýýär (Luka 19:13). Kümüş puluň, ýagny minanyň hümmeti uludy. Daýhan bir mina gazanmak üçin üç aýdan gowrak işlemeli bolýardy.

Şägirtler özleriniň on gul bilen deňeşdirilýändigini aňan bolmaly, sebäbi Isa öň olary hasyl ýygnaýan işçilere meňzedipdi (Matta 9:35—38). Elbetde, Isa olary hasyl ýygymyna ibermekçi däldi. Şägirtler Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjek başga-da şägirtleri ýygnamalydy. Munuň üçin olar bar zatlaryny, ýagny wagtyny, güýjüni, hatda maddy zatlaryny-da ulanmalydylar.

Isa şu mysal arkaly ýene nämäni düşündirjek bolýar? Ol şeýle gürrüň berýär: «Şäheriň ýaşaýjylary ol adamy (abraýly maşgaladan bolan adamy) halamaýardylar, şonuň üçin yzyndan wekilleri iberip: „Biz ol adamyň patyşa bolmagyny islemeýäris“ diýdiler» (Luka 19:14). Şägirtler ýehudylaryň Isany ýigrenýändiklerini, käbiriniň bolsa ony öldürjek bolýandyklaryny bilýärdiler. Isa öldürilip, direlenden we göge galandan soň, ýehudylar şägirtleri yzarlap başlarlar. Şonda olaryň Isa bolan ýigrenji has-da aýan bolar. Hawa, duşmanlar Isanyň Patyşa bolmagyny asla göwnemeýärdiler (Ýahýa 19:15, 16; Resullaryň işleri 4:13—18; 5:40).

«Abraýly maşgaladan» bolan adam «patyşalyk ygtyýaryny» alyp gelýänçä, on gul berlen kümüş pullary nädip ulanarka? Isa muny şeýle gürrüň berýär: «Ol ahyrsoňy patyşalyk ygtyýaryny alyp, yzyna dolanyp geldi-de, gullarynyň näçe pul gazanandyklaryny anyklamak üçin, olary ýanyna çagyrdy. Şonda gullaryň biri gelip: „Agam, seniň beren kümüş puluň 10 esse girdeji getirdi“ diýdi. Ol: „Berekella, ýagşy gul! Az zatda wepalylygyňy subut edeniň üçin, men seni on şäheriň üstünden höküm sürmäge bellärin“ diýdi. Başga bir gul gelip: „Agam, seniň beren kümüş puluň 5 esse girdeji getirdi“ diýdi. Ol bu guluna: „Sen hem bäş şäheriň üstünden höküm sürersiň“ diýdi» (Luka 19:15—19).

Eger şägirtler mysaldaky gullar ýaly şägirt taýýarlamak üçin bar serişdelerini ulansalar, Isanyň olardan razy boljakdygyna ynanyp bilerler. Munuň üçin Isa olary sylaglar. Elbetde, şägirtleriň durmuş ýagdaýy, mümkinçilikleri we ukyplary birmeňzeş däl. «Patyşalyk ygtyýaryny» aljak Isa muňa düşünýär. Ol şägirt taýýarlamak üçin tagalla edýän adamlaryň bereket aljakdygyny aýdýar (Matta 28:19, 20).

Geliň, mysalyň ahyrynda Isanyň nähili pikir aýdýandygyna üns bereliň: «Emma başga bir gul geldi-de: „Agam, ine, seniň kümüş puluň, men ony elýaglygyma düwüp, gizläp sakladym. Men senden gorkdum, sebäbi rehimsiz adamdygyňy bilýärdim; sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýdi. Patyşa oňa: „Eý zalym gul, öz aýdan sözleriň bilen saňa höküm çykararyn. Sen meniň rehimsiz adamdygymy, goýmadyk zadymy alyp, ekmedik ýerimden orýandygymy bilýärdiň, şeýle dälmi? Onda näme üçin pulumy dolanyşyga bermediň? Şonda men gelip, ondan haýyr görerdim“ diýdi. Şeýlelikde, ol ýanynda duranlara: „Onuň elindäki kümüş puluny alyň-da, 10 kümüş puly bar adama beriň“ diýdi» (Luka 19:20—24).

Hojaýynynyň emlägini, ýagny patyşalygynyň baýlygyny artdyrmak üçin tagalla etmedik gul zyýan çekýär. Resullar Isanyň Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürüp başlamagyna garaşýarlar. Eger şägirtler tagalla etmeseler, onda soňky guluň başyna inen zat olaryň hem başyna iner. Patyşalykda olara hiç hili orun berilmez.

Isanyň sözleri wepaly şägirtleri has janypkeş bolmaga höweslendirmelidi. Ol sözüni şeýle jemleýär: «Size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa has köp berler, kimde ýok bolsa, onuň barja zady hem elinden alnar». Şeýle-de Isa «patyşa bolmagyny islemedik duşmanlaryny» ýok etjekdigini aýdýar. Şondan soň ol Iýerusalime barýan ýoluny dowam edýär (Luka 19:26—28).