Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

103-NJI BAP

Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar

Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar

MATTA 21:12, 13, 18, 19; MARKUS 11:12—18; LUKA 19:45—48; ÝAHÝA 12:20—27

  • ISA INJIR AGAJYNY NÄLETLEÝÄR WE YBADATHANANY ARASSALAÝAR

  • ISA KÖPLERI HALAS ETMEK ÜÇIN JANYNY GURBAN BERMELIDI

Isa şägirtleri bilen Erihadan gelensoň, Betaniýada üç gün bolýar. Olar nisan aýynyň 10-una duşenbe güni irden Iýerusalime tarap ýola düşýärler. Isa gaty ajygýar. Ol injir agajyny görüp, onuň ýanyna barýar. Eýsem, onda injir barmydy?

Häzir mart aýynyň aýagydy, injir bolsa iýun aýyndan bärde bişmeýär. Emma onuň şahalary eýýäm ýapraklapdy. Şonuň üçin Isa agaçda ir ýetişen injirler bardyr öýden bolmaly. Ýöne ol agaçda hiç hili miwe tapmaýar. Agajyň ýapraklary bolansoň, ol miwe getiren ýaly görünýärdi. Şonda Isa: «Goý, senden gaýdyp hiç kim injir iýmesin» diýýär (Markus 11:14). Agaç şol bada gurap başlaýar, ýöne onuň nämäni aňladýandygy ertesi irden aýan bolýar.

Birnäçe wagtdan Isa şägirtleri bilen Iýerusalime gelýär. Şonda Isa ybadathana barýar, ol bu ýere düýn hem gelip, ony gözden geçiripdi. Bu gün bolsa ol ybadathanany diňe bir gözden geçirmez; onuň etjek işi mundan üç ýyl öň, ýagny b. e. 30-njy ýylynyň Pasha günündäki eden işini ýatladar (Ýahýa 2:14—16). Isa ybadathanadaky «satyjylary we alyjylary kowup başlaýar». Şeýle-de «pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdarýar» (Markus 11:15). Ol hatda hiç kime ybadathananyň içi bilen zat geçirmäge-de rugsat bermeýär. Sebäbi şäheriň beýleki tarapyna barýan adamlar ýoluny gysgaltmak üçin onuň howlusyndan geçýärdiler.

Isa näme üçin ybadathanada pul çalyşýanlara we mal satýanlara garşy aýgytly hereket etdikä? Ol muny şeýle düşündirýär: «Ýazgylarda: „Meniň öýüm ähli milletler üçin doga edilýän ýer bolar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna öwürdiňiz» (Markus 11:17). Isanyň satyjylara garakçy diýmegi ýerliklidi, sebäbi olar gurban bermek üçin mal satyn alýan adamlardan ummasyz pul talap edýärdiler. Isa olaryň edýän işini talaňçylyk bilen deň hasaplaýardy.

Uly ruhanylar, kanunçylar we halkyň abraýly adamlary Isanyň bu eden işi barada eşidip, ony öldürmek üçin has-da aýaga galýarlar. Emma olara päsgel berýän zat bardy. Isany tussag etmek aňsat däldi, sebäbi ony diňlemek üçin ýanyna uly märeke üýşýärdi.

Pasha baýramyna diňe bir ýehudylar däl, eýsem, ýehudy dinine geçen özge milletli adamlar hem gelýärdi. Olaryň arasynda Hudaýa sežde etmek üçin gelen grekler hem bardy. Olar Filipusyň ýanyna baryp, Isany görmek isleýändiklerini aýdýarlar. Ähtimal, olar Filipusyň ady grekçe bolansoň, oňa ýüz tutandyrlar. Filipus olary Isanyň ýanyna eltmegiň ýerliklidigine şübhelenýär, şonuň üçin ol Andreas bilen maslahatlaşýar. Olar iki bolup Isanyň ýanyna barýarlar, ol henizem ybadathanada bolmaly.

Isa özüniň birnäçe günden öldüriljekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ol häzir adamlaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmagyň ýa-da at-abraý gazanmagyň wagty däldigine düşünýärdi. Isa iki resulyna mysal arkaly jogap berip: «Ynsan oglunyň şöhratlanmaly wagty gelip ýetdi. Size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý tohumy topraga düşüp çüýremese, ol ýöne bir däne bolup galýar; ýöne çüýrese, köp hasyl berer» diýýär (Ýahýa 12:23, 24).

Bugdaý tohumy ujypsyz zat ýaly bolup görünýändir, ýöne ony topraga ekseň we ol «çüýrese», kök urup, ösüp başlaýar hem-de bol hasyl berýär. Şonuň ýaly-da Isa ölüminiň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galsa, onuň kämil jany arkaly ençeme wepaly hem-de janaýamaz adamlar ebedi ýaşaýşa gowşar. Şol sebäpli Isa: «Öz janyny söýýän adam ony ýitirer, ýöne bu dünýäde janyny ýigrenýän adam ony ebedi ýaşaýyş üçin halas eder» diýýär (Ýahýa 12:25).

Emma Isa diňe özi barada pikir etmeýärdi. Ol: «Kim meniň gullukçym bolmak islese, goý, yzyma düşsün. Men nirede bolsam, gullukçym hem şol ýerde bolar. Gullukçym bolan adamy Atam hem hormatlar» diýýär (Ýahýa 12:26). Gör, nähili uly sylag! Hawa, Atanyň hormatlan adamlary Isa Mesih bilen Patyşalykda höküm sürer.

Isa ejir çekip, öldüriljekdigi barada oýlanyp: «Men juda hasrat çekýärin, indi näme diýeýin? Atam, meni bu ýagdaýdan halas et» diýýär. Emma ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmakçy bolmaýardy. Ol sözüni dowam edip: «Ýöne men şunuň üçin gelipdim ahyryn» diýýär (Ýahýa 12:27). Hawa, Isa Hudaýyň ähli niýeti bilen razylaşyp, öz janyny gurban bermäge-de taýyndy.