Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

111-NJI BAP

Resullar alamat hakda soraýar

Resullar alamat hakda soraýar

MATTA 24:3—51; MARKUS 13:3—37; LUKA 21:7—38

  • DÖRT ŞÄGIRT ALAMAT HAKDA SORAÝAR

  • PYGAMBERLIGIŇ I ASYRDA WE ŞONDAN SOŇ ÝERINE ÝETMEGI

  • BIZ HÜŞGÄR BOLMALY

Sişenbe güni öýlän çagydy; 11-nji nisan tamamlanyp gelýärdi. Isanyň ýer ýüzündäki güýçli depginde alyp baran gullugy hem ahyrlap barýardy. Ol gündizine ybadathanada tälim berýärdi, gijesini bolsa şäheriň daşynda ýerleşýän bir öýde geçirýärdi. «Hemmeler ir bilen ybadathana gelip, ony diňlärdi» (Luka 21:37, 38). Häzir ol dört şägirdi, ýagny Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa bilen Zeýtun dagynda otyr.

Bu dört şägirt ýekelikde Isanyň ýanyna gelýär. Onuň «daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» diýip, ybadathana hakda aýdan sözleri olary biynjalyk edýärdi. Emma olary alada goýýan başga zatlaram bardy. Isa: «Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» diýipdi (Luka 12:40). Şeýle-de ol «Ynsan oglunyň aýan boljak güni» hakda hem aýdypdy (Luka 17:30). Bularyň Isanyň ybadathana barada aýdan sözleri bilen nähili baglanyşygy barka? Ine, şu zatlar hem resullary gyzyklandyrýardy. Olar: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar, seniň gelendigiňi we şu dünýäniň soňuny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soraýarlar (Matta 24:3).

Şägirtler ybadathananyň birnäçe ýyldan weýran ediljekdigini göz öňünde tutýan bolmaly. Olar Ynsan oglunyň gelmegi hakda-da soraýarlar. Sebäbi Isanyň «abraýly maşgaladan bir adamyň patyşalyk ygtyýaryny almaga... gidendigi» baradaky mysaly olaryň ýadynda bolmaly (Luka 19:11, 12). Ahyrynda bolsa, «dünýäniň soňy» barada soraýarlar.

Isa olaryň soragyna jikme-jik jogap berende, Iýerusalim bilen ybadathananyň haçan weýran boljakdygyny görkezýän alamat berýär. Emma ol başga-da zatlary gürrüň berýär. Bu alamat soňky günlerde ýaşajak mesihçilere Isanyň «gelendigini» we dünýäniň soňunyň golaýlandygyny bilmäge kömek eder.

Ýyllar geçdigi saýyn, resullar Isanyň pygamberliginiň ýerine ýetişini görerler. Hawa, onuň gürrüň beren zatlarynyň köpüsi şol döwürde amala aşyp başlar. Şeýlelikde, 37 ýyl geçenden soň, b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we onuň ybadathanasy ýok edilmeli bolanda, hüşgärligi elden bermedik mesihçiler gapyl galmazlar. Şonda Isa diňe bir b. e. 70-nji ýylynda boljak wakalar hakda aýtmady. Onda Isanyň Patyşalykda höküm sürüp başlanyny nämeden bilse bolar? Ol resullaryň bu soragyna jogap berýär.

Isa «uruş sesleriniň we uruş baradaky habarlaryň eşidiljekdigi... millet millete, patyşalyk hem patyşalyga garşy çykjakdygy» hakda pygamberlik edýär (Matta 24:6, 7). Şeýle-de ol: «Güýçli ýertitremeler, dürli-dürli ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar» diýýär (Luka 21:11). Ol şägirtlerini: «Adamlar sizi tutarlar, yzarlarlar» diýip duýdurýar (Luka 21:12). Ýalan pygamberler döräp, köpleri aldarlar. Erbet işleriň köpeldigiçe, adamlaryň hem bir-birine bolan söýgüsi sowar. Mundan başga-da ol: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň ahyry geler» diýýär (Matta 24:14).

Isanyň käbir pygamberligi Iýerusalim rimliler tarapyndan weýran edilmezden öň we şol döwür ýerine ýetdi. Ýöne onuň aýdanlary soňky döwürlerde has uly möçberde ýerine ýetmelidi. Eýsem, siz bu ägirt uly pygamberligiň şu günler ýerine ýetişini görýärsiňizmi?

Isanyň «gelmeli» döwründe bolmaly alamata «weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» hem degişlidir (Matta 24:15). B. e. 66-njy ýylynda bu ýigrenji zat «rim goşuny» hökmünde peýda bolýar, sebäbi olar öz butlary, ýagny tuglary bilen gelýärler. Şonda rimliler Iýerusalimi gabap, şäheriň diwarlarynyň aşagyny gazyp başlaýarlar (Luka 21:20). Şeýlelikde, «ýigrenji zat» durmaly däl ýerde, ýagny ýehudylaryň mukaddes hasaplaýan ýerinde durýar.

Isa pygamberligini şeýle sözler bilen dowam edýär: «Şonda şeýle bir agyr muşakgat bolar welin, ol dünýäniň başlangyjyndan tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar». B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalimi derbi-dagyn edýärler. Ýehudylaryň mukaddes şäheriniň we ybadathananyň basylyp alynmagyna, müňlerçe-müňlerçe adamlaryň öldürilmegine, dogrudan-da, agyr muşakgat diýse bolar (Matta 4:5; 24:21). Bu Iýerusalim şäheriniň we ýehudylaryň taryhynda bolan iň pajygaly wakady. Sebäbi şonda ençeme asyr bäri dowam edip gelýän ýehudylaryň guramaçylykly seždesi bes edilýär. Diýmek, bu pygamberlik soňky döwürlerde uly möçberde ýerine ýetende has-da pajygaly bolar.

SOŇKY GÜNLERDE GELEJEGE BOLAN YNAM

Isa özüniň Patyşalykda höküm sürüp başlajak wagty we dünýäniň ahyry baradaky alamat hakda entek hemme zatlary aýtmandy. Ol «ýalan Mesihleriň we ýalan pygamberleriň dörejekdigi» barada duýdurýar. Olar «hatda saýlananlary hem aldajak» bolarlar (Matta 24:24). Emma saýlananlar aldanmaz. Sebäbi ýalan mesihler göze görnüp gelerler, Isa Patyşalykda höküm sürüp başlanda bolsa, muny hiç kim görmez.

Isa dünýäniň ahyrynda başlanjak agyr döwür barada şeýle diýýär: «Gün garalar, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar we gök gudratlary titrär» (Matta 24:29). Resullar bu elhenç sözleriň nädip ýerine ýetjekdigini anyk bilmeseler-de, agyr döwrüň örän gorkunç boljakdygyna düşünýärler.

Bu gorkuly wakalar adamlara nähili täsir ederkä? Isa: «Adamlar ýer ýüzüne injek betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa özüni ýitirerler, çünki gök gudratlary titrär» diýýär (Luka 21:26). Şeýdip, Isa adamzat taryhynda boljak iň gorkuly döwri agzap geçýär.

Emma Isa resullaryna «Ynsan ogly gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat bilen gelende», hemmeleriň ah çekmejekdigini aýdýar (Matta 24:30). Sebäbi ol Hudaýyň öz «saýlanlary üçin, ol günleri gysgaltjakdygy» hakda aýdypdy (Matta 24:22). Şol elhenç günler başlanda, Isanyň şägirtleri muňa nähili garamaly? Isa şeýle ruhlandyryjy sözleri aýdýar: «Bu zatlar başlanda, dikeliň-de, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr» (Luka 21:28).

Eýsem, bu pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşajak şägirtler dünýäniň soňunyň golaýlandygyny nädip bilerler? Isa injir agajyny mysal getirip, şeýle diýýär: «Onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da bularyň baryny göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Size dogrusyny aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, bu zatlaryň ählisi bolar» (Matta 24:32—34).

Diýmek, şägirtler Isanyň aýdan alamatynyň dürli aýratynlyklarynyň ýerine ýetişini görenlerinde, dünýäniň soňunyň golaýlandygyny bilmelidiler. Isa şol üýtgeşik döwürde ýaşajak şägirtlerine şeýle duýduryş berýär:

«Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir. Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Tupandan öň adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini syryp äkidýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar» (Matta 24:36—39). Isa Nuhuň günlerinde bolan bütindünýä Tupanyny mysal getirip, gelejekde-de tutuş dünýä täsir etjek weýrançylygyň boljakdygyny aýdýar.

Zeýtun dagynda Isany diňläp oturan resullar hüşgär bolmagyň möhümdigine mese-mälim düşünen bolsalar gerek. Isa şeýle diýýär: «Özüňize ünsli boluň. Horanlyk, serhoşlyk we ýaşaýşyň aladalary ýüregiňize ýük bolup, şol gün duýdansyz üstüňize abanaýmasyn. Ýogsam, haýwanyň gapana düşüşi ýaly bolarsyňyz. Sebäbi şol gün ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geler. Şonuň üçin oýa boluň, boljak zatlaryň ählisinden gaçyp gutular ýaly we Ynsan oglunyň öňünde durup biler ýaly, elmydama Hudaýa ýalbaryp doga ediň» (Luka 21:34—36).

Görşümiz ýaly, Isa diňe bir şol döwürde boljak zatlary aýtmaýandygyny ýene-de nygtaýar. Sebäbi ol bary-ýogy birnäçe ýyldan boljak we diňe Iýerusalime hem-de ýehudy halkyna täsir etjek zatlar barada pygamberlik etmeýär. Hawa, ol «ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geljek» wakalar barada aýdýardy.

Ol şägirtlerine hüşgär, oýa we tabyn bolmagyň wajypdygyny aýdýar. Ol muny şeýle mysal arkaly düşündirýär: «Bir zady biliň: eger öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljekdigini bilse, oýa bolardy we öýüni talamaga ýol bermezdi. Şonuň üçin siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» (Matta 24:43, 44).

Isa şägirtlerine ýagty gelejege umydyny ýitirmeli däldigini aýdýar. Sebäbi pygamberlik ýerine ýetip başlanda, hüşgär we işini yhlasly ýerine ýetirýän «hyzmatkäriň» ýa-da «guluň» boljakdygyna ynandyrýar. Isanyň häzirki aýtjak mysalyny resullar aňsatlyk bilen göz öňüne getirip bilerler: «Öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin, hojaýynyň bellän wepaly we paýhasly hyzmatkäri kim? Hojaýyny gaýdyp gelende, hyzmatkäriniň aýdylan zatlary edip ýörendigini görse, ol hyzmatkär nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn ony bütin emläginiň üstünden bellär». Eger «gul» zalymlyk edip, başgalara ýowuz daraşsa, onda hojaýyn oňa «agyr jeza berer» (Matta 24:45—51; Luka 12:45, 46-njy aýatlary deňeşdiriň).

Isa bu sözleri aýdanda, gula degişli şägirtler erbet garaýşyny ösdürer diýjek bolmady. Onda şägirtler bu sözlere nähili düşünmeli? Isa şägirtleriniň hüşgär we yhlasly bolmagyny isleýär. Ol muny başga bir mysal arkaly düşündirer.