Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

113-NJI BAP

Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär

Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär

MATTA 25:14—30

  • ISA TALANTLAR HAKDAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR

Isa dört resuly bilen Zeýtun dagynda otyrka, olara ýene-de bir mysaly gürrüň berýär. Birnäçe gün mundan öň ol Erihada wagty şägirtlerine Patyşalygyň uzak gelejekde höküm sürüp başlajakdygyny görkezýän kümüş hakdaky mysaly gürrüň beripdi. Onuň häzirki aýtjak mysaly-da gelejekde boljak wakalar bilen baglanyşykly. Resullar Isanyň «gelmegi» we dünýäniň soňy barada beren soragyna goşmaça jogap alarlar. Şeýle-de bu mysal olara ynanylan işe yhlasly ýapyşmalydygyny görkezer.

Isa şeýle gürrüň berip başlaýar: «Gökdäki Patyşalygy gullaryny çagyran we olara emlägini ynanyp, başga ýurda giden adama meňzetse bolýar» (Matta 25:14). Isa öň özüni «patyşalyk ygtyýaryny almak üçin» başga ýurda giden adam bilen deňeşdiripdi. Şonuň üçin häzir resullara mysaldaky «adamyň» Isadygyna düşünmek kyn däldi (Luka 19:12).

Ol «adam» başga ýurda gitmezden öň, gullaryna gymmatly emlägini ynanýar. Isa üç ýarym ýyl gulluk eden döwri Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary wagyz etmäge we bu işe şägirtlerini taýýarlamaga bar ünsüni beripdi. Häzir bolsa ol gidip barýar, sebäbi şägirtleriniň öwreden zatlaryny etjekdigine doly ynanýardy (Matta 10:7; Luka 10:1, 8, 9; Ýahýa 4:38 we 14:12-nji aýatlary deňeşdiriň).

Mysaldaky adam emlägini nädip paýlaýar? Isa şeýle gürrüň berýär: «Ol her gulunyň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş talant, beýlekisine iki, üçünjisine bir talant berip, başga ýurda gitdi» (Matta 25:15). Gullar ynanylan emlägi näme ederler? Hojaýynyň bähbidi üçin yhlasly zähmet çekerlermi? Isa bu babatda şeýle diýýär:

«Bäş talant alan gul şol bada gidip, söwda etdi-de, ýene bäş talant gazandy. Iki talant alan gul hem gitdi-de, ýene iki talant gazandy. Emma bir talant alan gul gidip, hojaýynynyň beren puluny ýere gömüp goýdy» (Matta 25:16—18). Hojaýyn dolanyp gelende näme bolar?

Isa gürrüňini dowam edip: «Uzak wagtdan soňra hojaýyny dolanyp geldi we gullaryndan hasabat sorady» diýýär (Matta 25:19). Iki gul «ukybyny göz öňünde tutup», elinde baryny edýär. Olaryň hersi yhlas bilen zähmet çekip, ynanylan emlägi köpeldýär. Bäş talant alan gul ony iki esse köpeldýär; iki talant alan gul hakda-da şeýle diýse bolýar. (Şol döwürde bir talant gazanmak üçin 19 ýyl işlemelidi). Hojaýyn olaryň hersini öwüp: «Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin men seni köp zatlara gözegçilik etmäge belleýärin. Gel-de, hojaýynyň bilen bile şatlan» diýýär (Matta 25:21).

Emma bir talant alan gul başgaça hereket edýär. Isa muny şeýle gürrüň berýär: «Hojaýyn, men seniň talapkär adamdygyňy, ekmedik ýeriňden orup, harman sowurmadyk ýeriňden galla alýandygyňy bilýärin. Şol sebäpli senden gorkup, beren talantyňy gizledim. Ine seniň bir talantyň» (Matta 25:24, 25). Ol hatda puly söwdagärlere-de bermeýär, sebäbi bu näme-de bolsa biraz girdeji berip, hojaýynyň emlägini köpelderdi. Aslyýetine seredeniňde, ol hojaýynyna zyýan ýetirýär.

Şonuň üçin hem oňa «zalym hem ýalta gul» diýilmegi örän ýerliklidi. Onuň elindäki pul alnyp, yhlasly zähmet çeken gula berilýär. Soňra hojaýyn: «Kimde bar bolsa, oňa has köp berler we onuň zady bol bolar. Emma kimde ýok bolsa, onuň barja zady hem elinden alnar» diýýär (Matta 25:26, 29).

Hawa, şägirtlere oýlanara zat kändi, çünki şu mysalyň özi-de köp zatlary düşündirýär. Olar Isanyň özlerine gymmatly zady ynanandygyna, ýagny şägirt taýýarlamak işiniň wajypdygyna göz ýetirýärler. Isa olaryň bu işi örän yhlasly ýerine ýetirjekdigine umyt edýärdi. Mysaldan görnüşi ýaly, her şägirt öz «ukybyny göz öňünde tutup», elinde baryny etmeli. Emma kimdir biri ýaltalyk edip, Hojaýynyň emlägini köpeltmese, Isa ondan razy bolmaz.

Resullar «kimde bar bolsa, oňa has köp berler» diýen sözleri eşidende, gör, nähili begenendirler!