Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

123-nji bap

Isanyň güýçli hasrat çekip doga edişi

Isanyň güýçli hasrat çekip doga edişi

MATTA 26:30, 36—46; MARKUS 14:26, 32—42; LUKA 22:39—46; ÝAHÝA 18:1

  • ISA GETSEMAN BAGYNDA

  • ONUŇ DERI GAN DAMJALARY BOLUP ÝERE DAMÝAR

Isa wepaly resullary bilen doga edip bolansoň, olar öwgüli aýdymlary aýdyp, Zeýtun dagyna gidýärler (Markus 14:26). Dagyň gündogarynda Getseman bagy ýerleşýärdi. Isa şol ýere köp barýardy.

Olar bagyň zeýtun agaçly owadan ýerine gelende, Isa sekiz resulyny şu ýerde goýup gidýär. Bu baga giren ýeriň bolmaly. Ol resullaryna: «Men gidip doga edýänçäm, şu ýerde oturyň» diýýär. Üç resuly, ýagny Petrusy, Ýakuby we Ýahýany bolsa ýany bilen alyp, bagyň içine girip gidýär. Ol güýçli hasrat çekip başlaýar we olara: «Men örän hasrat çekýärin, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Şu ýerde galyp, meniň bilen bile oýa boluň» diýýär (Matta 26:36—38).

Isa olardan biraz öňe ýöreýär-de, «ýere ýykylyp, doga edip başlaýar». Şeýle kyn ýagdaýda ol Hudaýa näme hakda doga ederkä? Ol: «Atam, mümkin bolsa, bu käsäni menden aýyr. Ýöne meniň isleýşim ýaly däl-de, seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga edýär (Markus 14:35, 36). Bu sözler nämäni aňladýar? Eýsem, ol Halasgär bolmakdan el çekjek bolýarmy? Elbetde, ýok!

Isa gökde ýaşaýarka, rimlileriň adamlary jezalap öldürýändiklerini görýärdi. Häzir ol ynsan bedeninde bolany üçin, adamlaryňky ýaly duýgusy bardy we agyryny duýup bilýärdi. Şonuň üçin ol nädip öldüriljekdigi hakda oýlananda, howsala düşýär. Emma iň erbet ýeri, ol jenaýatçy hökmünde öldürilmelidi. Bu bolsa Atasynyň adyna ysnat getirmegi mümkindi. Hawa, bary-ýogy birnäçe sagatdan ony Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde pürsden asarlar.

Isa doga edip bolansoň, üç resulynyň ýanyna gaýdyp gelýär. Olar bolsa uka gidipdi. Şonda Isa Petrusa: «Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolup bilmediňmi? Synaga düşmez ýaly, oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýýär. Isa resullaryna-da aňsat däldigine düşünýärdi, wagt hem gijigipdi. Şol sebäpli ol: «Ýürek yhlasly bolsa-da, beden ejizdir» diýýär (Matta 26:40, 41).

Soňra Isa ikinji gezek Hudaýa doga edip, ondan «käsäni... aýyrmagy» haýyş edýär. Dolanyp gelende bolsa, üç resulyň synaga düşmez ýaly doga etmegiň deregine, ýene-de uklap ýatandygyny görýär. Isa resullaryna ýüzlenende, olar «näme jogap berjekdiklerini bilmeýärler» (Markus 14:40). Isa bolsa üçünji gezek gidip, dyza çökýär-de, Hudaýa doga edýär.

Isa jenaýatçy kimin öldürilip, Atasynyň adyna biabraýçylyk getirjekdigi hakda oýlanan-da, juda gynanýar. Ýehowa Oglunyň dogasyny eşidip, ony berkitmek üçin şol pursat perişdesini ýollaýar. Hatda şondan soňam Isa Atasyna ýalbarmagyny bes etmeýär, gaýtam, «yhlasly doga etmegini» dowam edýär. Adam duýgy taýdan ejir çekende, gaty ýadaýar. Göz öňüne getiriň, Isanyň gerdenine nähili agyr ýük basylypdyr! Sebäbi gürrüň onuň we iman edýän adamlaryň ebedi ýaşaýşy hakda gidýärdi. Dogrudan-da, onuň «deri gan damjalaryna öwrülip, ýere damýardy» (Luka 22:44).

Isa üçünji gezek resullarynyň ýanyna gelende, olar ýene-de uklap ýatyrdy. Ol: «Siz şeýle wajyp wagtda ýatyp, dynç alýarsyňyz! Ine, Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyryljak sagady golaýlaşdy. Turuň, gideliň. Ine, maňa dönüklik edýän adam golaýlaşýar» diýýär (Matta 26:45, 46).