Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

124-nji bap

Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar

Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar

MATTA 26:47—56; MARKUS 14:43—52; LUKA 22:47—53; ÝAHÝA 18:2—12

  • IUDA BAGDA ISANY TUTDURÝAR

  • PETRUS BIR ADAMYŇ GULAGYNY KESÝÄR

  • ISA TUSSAG EDILÝÄR

Wagt bireýýäm ýary gijeden geçipdi. Iuda Isany tutdurar ýaly, ruhanylar oňa 30 kümüş teňňe berjekdiklerini aýdypdylar. Ol uly ruhanylardan, fariseýlerden we beýleki adamlardan ybarat bolan birgiden märeke bilen Isanyň gözlegine çykýar. Olaryň arasynda Rim goşunynyň serkerdesi we onuň esgerleri hem bardy.

Pashalyk nahary wagty Isa Iudany goýberensoň, ol göni uly ruhanylaryň ýanyna giden bolmaly (Ýahýa 13:27). Olar öz sakçylaryny we birtopar esgerleri ýygnaýarlar. Iuda başda olary Isanyň resullary bilen Pashany bellän otagyna elten bolmaly. Häzir bolsa olar Kidron jülgesinden geçip, baga tarap barýarlar. Ýaraglanan bu adamlar ellerine çyra alyp, Isany gözleýärdiler.

Iuda Zeýtun dagyna çykyp barýardy, çünki ol Isany nireden gözlemelidigini bilýärdi. Geçen hepde Isa resullary bilen Betaniýa we Iýerusalimiň aralygynda gatnanda, ol köplenç Getseman bagynda düşleýärdi. Emma häzir gije bolansoň, Isa zeýtun agaçlarynyň arasynda görünmeýän bolmaly. Megerem, esgerlerem Isany öň gören däldirler. Onda olar ony nädip tanarka? Olar Isany tanar ýaly, Iuda yşarat etjekdigi barada söz beripdi. Ol: «Kimi ogşasam, ol siziň gözleýän adamyňyzdyr; şony tussag ediň. Ony alyp gideniňizde, ol gaçmaz ýaly, seresap boluň» diýýär (Markus 14:44).

Märeke baga girende, Iuda resullaryň ýanynda duran Isany görýär. Ol göni Isanyň ýanyna barýar-da: «Salam, Mugallym!» diýip, ony mähirli ogşaýar. Isa ondan: «Sen näme üçin geldiň?» diýip soraýar (Matta 26:49, 50). Soňra beren soragyna özi jogap berip: «Iuda, sen Ynsan ogluny ogşap, oňa dönüklik edýärmiň?» diýýär (Luka 22:48). Isa bu dönüge başga hiç zat diýmeýär!

Isa elleri çyraly adamlaryň ýanyna baryp, olardan: «Siz kimi gözleýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar hem: «Nazaretli Isany» diýip jogap berýärler. Isa: «Men şol» diýip, batyrgaý jogap berýär (Ýahýa 18:4, 5). Esgerler haýran galýarlar; olar näme etjeklerini bilmän, ýere ýykylýarlar.

Gije bolansoň, Isa mümkinçilikden peýdalanyp, gaçyp bilerdi. Emma ol gelen adamlardan kimi gözleýändiklerini ýene bir gezek soraýar. Olar: «Nazaretli Isany» diýip jogap berende, Isa arkaýyn, dowla düşmän: «Men şol diýdim ahyryn. Eger meni gözleýän bolsaňyz, goý, bular gitsin» diýýär. Şeýle kyn ýagdaýda-da ol beren sözünde durup, resullaryň birini-de ýitirmejek bolýar (Ýahýa 6:39; 17:12). Hawa, Isa wepaly resullaryny gorap bildi, ýöne olaryň biri, ýagny Iuda «ýiter we heläk bolar» (Ýahýa 18:7—9). Şeýdip, ol wepaly şägirtlerini goýbermeklerini haýyş edýär.

Esgerler ýerinden turup, Isa tarap gelýärkäler, resullar nämäniň nämedigine şonda düşünýärler. Olar: «Halypam, olary gylyçdan geçirelimi?» diýip soraýarlar (Luka 22:49). Petrus Isanyň jogap bererine-de garaşman, ýanlarynda getiren iki gylyjyň birini alyp, baş ruhanynyň Malhus atly gulunyň sag gulagyny kesýär.

Isa Malhusyň gulagyna elini degirýär-de, ony sagaldýar. Soňra Petrusa ýüzlenip: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýýär. Şeýdip, ol resullaryna wajyp sapak berýär. Isa tussag edilmäge taýyndygyny görkezip: «Eger men şeýle etsem, onda Ýazgylarda aýdylanlar nädip berjaý bolar?» diýýär (Matta 26:52, 54). Şeýle-de ol: «Eýsem, men Atamyň beren käsesinden içmerinmi?» diýýär (Ýahýa 18:11). Hawa, Isa Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin ölmäge-de razydy.

Isa gelen märekä ýüzlenip: «Siz meni tutmak üçin gylyçdyr taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýän wagtym-a meni tussag etmediňiz. Emma pygamberlikde ýazylan zatlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýýär (Matta 26:55, 56).

Esgerler, goşun serkerdesi we ýehudy sakçylary Isany tutup, ony daňýarlar. Resullar muny görüp, gaçyp gidýärler. Emma «bir ýaş ýigit» — ol Markus şägirt bolmaly — märekäniň arasyndan ýöräp, Isanyň yzyna düşüp gidýär (Markus 14:51). Adamlar ony tanap, tussag etjek bolanlarynda, ol egnindäki ýapynjasyny taşlap, gaçyp gidýär.