Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

133-NJI BAP

Isany jaýlaýarlar

Isany jaýlaýarlar

MATTA 27:57—28:2; MARKUS 15:42—16:4; LUKA 23:50—24:3; ÝAHÝA 19:31—20:1

  • ISANYŇ JESEDINI PÜRSDEN DÜŞÜRÝÄRLER

  • ONUŇ JESEDINI JAÝLAMAGA TAÝÝARLAÝARLAR

  • AÝALLAR MAZARYŇ BOŞDUGYNY GÖRÝÄRLER

Häzir nisan aýynyň 14-i anna günüdi. Gün ýaşansoň, 15-nji nisan Sabat güni başlamalydy. Isa eýýäm jan beripdi, onuň ýanyndaky iki garakçy bolsa entek diridi. Kanuna görä, jesedi «agaçdan uzak gije asyp goýman... şol gün jaýlamalydy» (Kanun taglymaty 21:22, 23).

Mundan başga-da anna gününe Taýýarlyk güni diýilýärdi. Şonuň üçin adamlar Sabat güni tamamlanýança garaşmaz ýaly, nahar taýýarlaýardylar we beýleki işlerini edýärdiler. Gün ýaşansoň, goşa ýa-da «beýik» Sabat güni başlamalydy (Ýahýa 19:31). Sebäbi 15-nji nisan ýedi gün dowam edýän Petir baýramynyň ilkinji gününe düşýär. Bu baýramyň ilkinji güni hemişe-de Sabat güni hasaplanýardy (Lewiler 23:5, 6). Bu gezek bolsa ol her hepde bellenýän Sabat, ýagny şenbe gününe gabat gelýär.

Ine, şonuň üçin hem ýehudylar Pilatusdan Isanyň we onuň ýanyndaky iki garakçynyň ölümini tizleşdirmegini talap edýärler. Munuň üçin olaryň aýaklaryny döwmegini soraýarlar. Sebäbi şonda olar aýaklaryna söýenip, dem almak üçin göwresini galdyryp bilmezdiler. Esgerler gelip, iki garakçynyň aýaklaryny döwýärler. Emma Isa eýýäm jan beripdi, şonuň üçin onuň aýaklaryny döwmeýärler. Şeýdip, Zebur 34:20-däki: «Onuň ähli süňklerini saklaýandyr; olaryň biri-de döwülmez» diýen sözler ýerine ýetýär.

Isanyň hakykatdanam ölendigine göz ýetirmek üçin, esgerleriň biri naýza bilen onuň ýüregine golaýrak edip böwrüne sançýar. «Şol bada gan bilen suw akýar» (Ýahýa 19:34). Şonda Ýazgylardaky: «Olar naýza bilen sanjylan adama serederler» diýen başga bir pygamberlik ýerine ýetýär (Zakarýa 12:10).

Şol ýerde Sinedrionyň hormatlanýan agzasy bolan Ýusup atly arimatiýaly «bir baý adam» hem bardy (Matta 27:57). Ol «Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýan», «dogruçyl we ýagşy adamdy». Aslynda, «ol Isanyň şägirdidi, ýöne ýehudy ýolbaşçylaryndan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy». Isany kazyýetde höküm edenlerinde-de, ol goşulmaýar (Luka 23:50; Markus 15:43; Ýahýa 19:38). Ýusup Pilatusyň ýanyna gorkman barýar-da, Isanyň jesedini bermegini haýyş edýär. Pilatus Isanyň ölendigini anyklamak üçin bir esgeri çagyrdýar. Ol Isanyň ölendigini tassyklansoň, Pilatus Ýusubyň haýyşyny bitirýär.

Ýusup arassa, ýokary hilli zygyr mata satyn alýar we Isanyň jesedini pürsden düşürýär. Ol Isanyň jesedini şol mata dolap, jaýlamaga taýýarlaýar. Oňa «Isanyň ýanyna öň gije baran» Nikodim hem kömek edýär (Ýahýa 19:39). Ol agramy takmynan 30 kg bolan bir zada dolangy mirra bilen aloe alyp gelýär. Ýehudylaryň däbi boýunça, Isanyň jesedini ýakymly ysly otlar bilen kepene dolaýarlar.

Ýusubyň gaýanyň içinde oýulyp ýasalan we heniz hiç kimiň jaýlanmadyk mazary bardy. Isanyň jesedini şol ýerde jaýlaýarlar. Soňra mazaryň agzyna bir uly daş goýýarlar. Olar muny howlukmaç edýärler, çünki Sabat güni golaýlaýardy. Magdalaly Merýem we Kiçi diýilýän Ýakubyň ejesi Merýem hem Isanyň jesedini jaýlamaga kömek eden bolmaly. Soňra olar «ýakymly ysly otlary we ýaglary taýýarlamak üçin» öýlerine howlugýarlar, sebäbi bulary Sabat gününden soň hem Isanyň jesedine çalmakçydylar (Luka 23:56).

Ertesi, ýagny Sabat güni uly ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna gelip, şeýle diýýärler: «Bu ýalançy entek dirikä, „Men üç günden soň direlerin“ diýýärdi. Şonuň üçin mazary üçünji güne çenli garawullamagy buýur. Ýogsam, onuň şägirtleri gelip-de, jesedi ogurlap, „Ol direldi!“ diýäýmesinler. Şonda soňky aýdylan ýalan sözler öňküden hem beter bolar». Pilatus olara: «Esgerleri alyp, gidiň-de, mazary isleýşiňiz ýaly goraberiň» diýýär (Matta 27:63—65).

Ýekşenbe güni daň bilen magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we başga-da aýallar ýakymly ysly otlary alyp, Isanyň jaýlanan ýerine gaýdýarlar. Olar bir-birine: «Mazaryň agzyndaky daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärler (Markus 16:3). Görseler, ýer titräpdir, Hudaýyň perişdesi bolsa daşy aýrypdyr. Garawullaram ýokdy, mazaryň içem boşdy!