Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

134-NJI BAP

Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!

Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!

MATTA 28:3—15; MARKUS 16:5—8; LUKA 24:4—12; ÝAHÝA 20:2—18

  • ISA DIRELÝÄR

  • ISANYŇ MAZARYNDA BOLAN WAKALAR

  • OL BIRNÄÇE AÝALA GÖRÜNÝÄR

Aýallar Isanyň mazarynyň boşdugyny görende, gör, nähili haýran galandyrlar! Şonda magdalaly Merýem «Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň», ýagny Ýahýanyň ýanyna ylgap gidýär (Ýahýa 20:2). Emma beýleki aýallar mazaryň ýanynda bir perişdäni, mazaryň içinde bolsa «uzyn ak donly» başga bir perişdäni görýärler (Markus 16:5).

Perişdeleriň biri olara şeýle diýýär: «Gorkmaň, men siziň pürse çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Ol bu ýerde däl. Ol aýdyşy ýaly direldi. Geliň-de, onuň ýatan ýerini görüň. Siz çalt gidiň-de, şägirtlerine onuň direlendigini aýdyň. Ol sizden öň Jelilä barar» (Matta 28:5—7). Aýallar «haýran galyp, gaty gorkýarlar», ylgap gidýärler-de, muny şägirtlere habar berýärler (Markus 16:8).

Onýança, Merýem Petrus bilen Ýahýany tapýar. Ol demini dürsemän: «Halypamyzy mazardan alyp gidipdirler, ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýýär (Ýahýa 20:2). Petrus bilen Ýahýa şol bada mazarçylyga ylgaýar. Ýahýa has gaty ylgansoň, birinji barýar. Ol eglip, mazaryň içine seredende, matalary görýär, ýöne içine girmän, daşynda durýar.

Petrus gelende, ol göni mazaryň içine girýär. Ol Isanyň bedenine dolanan zygyr matany we kellesine dolanan matany görýär. Soňra ol ýere Ýahýa hem girýär we şonda Merýemiň aýdanlaryna ynanýar. Isa öň bu babatda aýdan hem bolsa, olaryň biri-de onuň direlendigine düşünmeýärler (Matta 16:21). Hiç zada akyl ýetirip bilmän, olar öýlerine gaýdýarlar. Merýem bolsa şol ýerde galýar.

Beýleki aýallar Isanyň direlendigini şägirtlere gürrüň bermek üçin ýolda barýardylar. Ylgap barýarkalar, olaryň öňünden Isa çykyp: «Salam!» diýýär. Olar onuň «aýagyna ýykylýarlar-da, tagzym edýärler». Isa olara: «Gorkmaň! Gidiň-de, doganlaryma Jelilä barmalydygyny aýdyň. Olar meni şol ýerde görerler» diýýär (Matta 28:9, 10).

Şol gün ýer titräp, perişdeler peýda bolanda, mazaryň ýanyndaky esgerler «gorkudan ýaňa sandyraşyp, doňup galýarlar». Özlerine gelende bolsa, «şähere baryp, uly ruhanylara ähli bolan zatlary gürrüň berýärler». Ruhanylar halkyň ýaşululary bilen maslahatlaşyp, bolan zatlary hiç kim eşitmez ýaly, esgerlere pul berip: «Onuň şägirtleri gije gelip, uklap ýatyrkak jesedi ogurladylar» diýmeklerini tabşyrýarlar (Matta 28:4, 11, 13).

Rim esgerleri garawulçylyk edende, uklap galsalar, olary ölüme höküm edýärdiler. Şonuň üçin ruhanylar olara: «Eger bu zatlar hökümdaryň gulagyna ýetse, biz oňa ähli zady düşündireris, siz alada etmäň» diýýärler (Matta 28:14). Esgerler puly alyp, ruhanylaryň aýdyşy ýaly edýärler. Şeýdip, Isanyň jesedini ogurlandyklary hakdaky ýalan gürrüň bütin Ýahuda ýaýraýar.

Magdalaly Merýem henizem mazaryň ýanynda hasrat çekip durdy. Ol eglip, mazaryň içine seredende, ak eşikli iki perişdäni görýär! Olaryň biri Isanyň jesediniň baş ujunda, beýlekisi bolsa aýak ujunda otyrdy. Olar: «Sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip soraýarlar. Ol hem: «Biri Halypamyzy alyp gidipdir, ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýip jogap berýär. Merýem yzyna öwrülende, kimdir biriniň durandygyny görýär. Ýaňky adam perişdäniň aýdanlaryny gaýtalap: «Sen... kimi gözleýärsiň?» diýip soraýar. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Sen ony alan bolsaň, nirede goýandygyňy aýdaý-da, men ony alyp gitjek» diýýär (Ýahýa 20:13—15).

Aslynda, Merýem direlen Isa bilen gepleşýärdi, emma ol ony tanamaýar. Isa: «Merýem!» diýende, ol ony tanaýar, sebäbi Isa Merýeme tanyş äheňde ýüzlenýär. Merýem begenip: «Rabbuni! („Mugallym“ diýmegi aňladýar)» diýýär. Ol Isa göge gider öýdüp gorkýardy, şonuň üçin goýbermejek bolup, oňa ýapyşýar. Isa bolsa: «Maňa ýapyşyp durma, sebäbi men heniz Atamyň ýanyna gitmedim. Ýöne bar-da, doganlaryma şeýle diý: „Men Atamyň ýanyna barýaryn, ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“» diýýär (Ýahýa 20:16, 17).

Merýem ylgap gidýär-de, resullaryň we şägirtleriň ýygnanan ýerine barýar. Olara: «Men Halypamyzy gördüm!» diýip, beýleki aýallaryň aýdan sözlerini tassyklaýar (Ýahýa 20:18). Emma olar muny «biderek zat hasaplap» ynanmaýarlar (Luka 24:11).