Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BÖLÜM

Isanyň Ýahudadaky gullugy

«Hasyly ýygnamaga işçileri iberer ýaly, hasyl eýesine ýalbaryň». (Luka 10:2)

Isanyň Ýahudadaky gullugy

ŞU BÖLÜMDE:

66-NJY BAP

Çatma baýramynda bolan waka

Isany diňleýän adamlar näme üçin oňa «Sen jynly» diýýärler?

67-NJI BAP

«Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»

Tutuş Sinedrion Isa garşy çyksa-da, onuň bir agzasy Isanyň tarapyny tutýar.

68-NJI BAP

«Hudaýyň Ogly — «dünýä üçin ýagtylykdyr»

Isa «hakykat sizi azat eder» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

69-NJY BAP

Olaryň atasy Ybraýymmy ýa-da Iblis?

Isa Ybraýymyň neslini nädip tanamalydygy we Atasynyň hakykatdan kimdigi hakda gürrüň edýär

70-NJI BAP

Isa dogabitdi kör adamy sagaldýar

Şägirtler adamyň näme üçin kör bolup doglanyny soraýarlar. Ol günä etdimi? Onuň ata-enesi günä etdimi? Isa onuň gözüni açanda, adamlaryň arasynda agzalalyk döreýär.

71-NJI BAP

Fariseýler öň kör bolan adamy soraga tutýarlar

Öň kör bolan adamyň getiren delili sebäpli, fariseýler gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Onuň ata-enesiniň gorkuşy ýaly, fariseýler ony sinagogadan kowýarlar.

72-NJI BAP

Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär

Ýahudada Isa 70 şägirdini Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde iki-ikiden iberýär. Şägirtler adamlara nirede wagyz edýärdi? Sinagogadamy ýa-da adamlaryň öýlerine barýardymy?

73-NJI BAP

Samariýaly ýagşy adam

Isa öwredende, Samariýaly ýagşy adam ýa-da «rehimdar Samariýaly» hakdaky hekaýany nädip ulanýar?

74-NJI BAP

Myhmansöýerlik we doga etmek barada berlen maslahat

Isa Merýem bilen Martanyň öýüne barýar. Ol myhmansöýerlik babatda näme öwredýär? Şeýle-de şägirtlerine doga etmegi nädip öwredýär?

75-NJI BAP

Isa hakyky bagtyň nämedigini düşündirýär

Isa özüni tankytlaýanlara Hudaýyň güýji hakda we onuň Patyşalygynyň «gelip ýetişini» aýdýar. Şeýle-de halka hakyky bagta nädip ýetip bolýandygyny düşündirýär.

76-NJY BAP

Fariseýiň öýünde myhmançylykda

Isa fariseýleriň we kanunçylaryň dini ikiýüzlüligini paş edýär. Olar adamlaryň gerdenine nähili agyr ýük ýüklediler?

77-NJI BAP

Isanyň baýlyk hakda beren maslahaty

Isa uly ammarlary guran baý adam hakda gürrüň berýär. Ol baýlyga kowalaşmagyň howpludygy barada nähili maslahat berýär?

78-NJI BAP

Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly

Isa şägirtleriniň ruhy taýdan aladasyny edýär. Bu babatda hyzmatkäriň roly nähili? Näme üçin taýyn bolmak baradaky maslahata eýermek örän wajyp?

79-NJY BAP

Imansyz ýehudylar heläk bolar

Isa kömek edýän adamlaryna toba etmeseler, heläkçilige uçrajakdyklaryny aýdýar. Isa olary Hudaýyň öňünde edýän işleri hakda oýlanmaga çagyrýar. Olar mundan özlerine sapak edindilermi?

80-NJI BAP

Gowy Çopan we goýun agyllary

Goýunlar bilen çopanyň arasyndaky gatnaşyk Isanyň şägirtlerine bolan garaýşyny gowy suratlandyrýar. Olar Isanyň taglymatlaryna düşünip, oňa eýererlermi?

81-NJI BAP

Haýsy manyda Isa we onuň Atasy bir?

Isany tankytlaýan adamlaryň käbiri ol özüni Hudaýa deňeýär diýip ýazgarýarlar. Isa özüni ýazgarýan adamlary nädip ökdelik bilen paş edýär?