Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

71-NJI BAP

Fariseýler öň kör bolan adamy soraga tutýarlar

Fariseýler öň kör bolan adamy soraga tutýarlar

ÝAHÝA 9:19—41

  • FARISEÝLERIŇ ÖŇ KÖR BOLAN ADAMY SORAGA TUTUŞY

  • «KÖR» DINI ÝOLBAŞÇYLAR

Dogabitdi kör adamyň gözüniň açylandygyna fariseýleriň ynanasy gelmeýärdi. Şonuň üçinem olar onuň ata-enesini çagyrýarlar. Olar bolsa sinagogadan kowulmakdan gorkýardy, sebäbi fariseýleriň muny etmäge ygtyýary bardy (Ýahýa 9:22). Dogrudan-da, ýerli ýaşaýjylardan aýry ýaşamak bu maşgalanyň maddy we başga-da ýagdaýlaryna täsir edip bilerdi.

Fariseýler olardan: «Bu dogabitdi kör adam siziň ogluňyzmy? Ol nädip indi görüp bilýär?» diýip soraýarlar. Ata-enesi şeýle jogap berýär: «Biz onuň öz oglumyzdygyny we kör bolup doglandygyny bilýäris. Ýöne gözleriniň nädip açylandygyny we ony kimiň açandygyny bilmeýäris». Ogly ata-enesine näme bolandygyny gürrüň beräýen ýagdaýynda-da, olar artykmaç zat aýtman: «Ony özünden soraň. Ol uly adam ahyryn. Goý, özi jogap bersin» diýýärler (Ýahýa 9:19—21).

Şol sebäpli fariseýler ol adamy gaýtadan çagyrýarlar; ony gorkuzjak bolup, hamala Isanyň bir etmişi bar ýaly: «Hudaýyň öňünde dogryňy aýt; biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýýärler. Emma ol soraga göni jogap bermän: «Men onuň günäkärmi ýa günäkär däldigini bilmeýärin. Ýöne bir zady anyk bilýärin: men öň kördüm, indi bolsa görýärin» diýýär (Ýahýa 9:24, 25).

Ýöne fariseýler bu meseläni beýdip goýmakçy däldiler. Olar öň kör bolan adamy ýene-de soraga tutup: «Ol näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýýärler. Ol adam indi özüni biraz ele alypdy, şonuň üçin şeýle jogap berýär: «Men size öň aýdypdym ahyryn, siz bolsa meni diňlemediňiz. Siz muny ýene-de eşitmek isleýärmisiňiz? Eýsem, sizem onuň şägirdi bolasyňyz gelýärmi?» Gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan fariseýler: «Seniň özüň onuň şägirdi, biz welin Musanyň şägirtleri. Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, ýöne ol adamyň kimden ygtyýar alandygyny bilmeýäris» diýýärler (Ýahýa 9:26—29).

Dilegçi fariseýleriň Isa ynanmaýandygyny geň görüp: «Onuň kimden ygtyýar alandygyny bilmeýändigiňize menem geň galýaryn, ol bolsa meniň gözümi açdy» diýýär. Soňra Hudaýyň kimleri eşidip, kimleri makullaýandygyny görkezmek üçin, ynandyryjy delil getirip: «Biz Hudaýyň günäkärleriň dogasyny eşitmeýändigini bilýäris, ýöne kim Hudaýdan gorkup, onuň islegini berjaý etse, ol şeýle adamy diňleýär. Biz şu çaka çenli kimdir biriniň dogabitdi kör adamyň gözüni açandygyny eşitmändik» diýýär. Iň soňunda sözüni jemläp: «Eger ol adam Hudaýdan gelmedik bolsa, hiç zat edip bilmezdi» diýýär (Ýahýa 9:30—33).

Fariseýler aýdara söz tapman, dilegçini kemsidip: «Sen bütinleý günäde doglup-da, bize zat öwretjek bolýarmyň?» diýýärler-de, ony kowup goýberýärler (Ýahýa 9:34).

Isa bolan zatlary eşidende, ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan ogluna iman edýärmiň?» diýip soraýar. Ol: «Agam, menem oňa iman eder ýaly, onuň kimdigini aýtsana?» diýýär. Isa oňa şübhelenmäge hiç hili esas goýman: «Sen ony görüpdiň, aslynda, ol häzir seniň bilen gepleşip dur» diýýär (Ýahýa 9:35—37).

Ol hem: «Halypam, men oňa iman edýärin» diýýär-de, Isanyň öňünde dyza çöküp, oňa hormat goýýandygyny görkezýär. Şonda Isa: «Men görmeýänler görer ýaly, görýänler bolsa kör bolar ýaly, dünýäni höküm etmäge geldim» diýýär (Ýahýa 9:38, 39).

Şol ýerde fariseýler hem bardy, elbetde, olar özleriniň kör däldigini bilýärdiler. Galyberse-de, olar özlerini halka ýol görkezýän adamlar hasaplaýardylar. Şonuň üçin närazylyk bildirip: «Sen bizi-de kördür öýdýärmiň?» diýýärler. Isa olara: «Siz kör bolan bolsadyňyz, günäli bolmazdyňyz. Ýöne siz „Biz görýäris“ diýýärsiňiz. Şonuň üçin hem günäňiz ötülmez» diýýär (Ýahýa 9:40, 41). Eger olar ysraýyl halkynyň mugallymy bolmadyk bolsady, onda Isany Mesih hökmünde kabul etmeýändigini aklap bolardy. Emma Kanuny bilip-de, Isany inkär etmeklik agyr günä hasaplanýardy.