Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI SORAG

Azgyn adamlardan nädip goranmaly?

Azgyn adamlardan nädip goranmaly?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Her ýyl millionlarça adamlar zorlanýar. Şeýle zorluk-süteme, esasan, ýaşlar sezewar bolýar.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Bir adam Anitany tutup, ýere ýykanda, ol nämäniň nämedigine-de düşünip bilmeýär. Anita şeýle gürrüň berýär: «Men ondan sypjak bolup, her zat etdim. Bar güýjüm bilen gygyrjak bolsamam, bogazymdan ses çykmady. Men ony itekläbem, urubam, dyrnaçaklabam gördüm. Birdenem, bar ysgynym gaçdy. Men özüme pyçak sünjülenini duýdum».

Eger sen Anitanyňky ýaly ýagdaýa düşen bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Näçe seresap bolsaňam, esasan-da, gijelerine howply ýagdaýa düşmegiň mümkin. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýaryş ýüwrükleriňki däl... Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr» diýilýär (Wagyz kitaby 9:11).

Anita ýaly ýaşlaryň käbiri nätanyş adamyň elinden ejir çekse, käbirleri goňşusy, hatda maşgala agzalary tarapyndan zorlanýar. Mysal üçin, Natali 10 ýaşyndaka, öýleriniň golaýynda ýaşaýan bir oglan ony zorlaýar. Natali: «Men gaty gorkdum, utanjymdan ýaňa başda hiç kime aýtmadym» diýýär.

ÖZÜŇI GÜNÄKÄRLEME

Anita bolan ýagdaý üçin henizem özüni günäkärleýär. Ol şeýle diýýär: «Şol gije bolan zatlary hiç kellämden çykaryp bilemok. Ol adamdan sypmak üçin köpräk jan etmeli ekenim. Dogrusy, ol maňa pyçak sünjende, gaty gorkup, hiç hili hereket edip bilmedim. Ýöne şonda-da bir zatlar etmeli ekenim».

Natali hem bolan ýagdaý üçin özüni günäkärläp, şeýle diýýär: «Men beýle ynanjaň bolmaly däl ekenim. Enem-atam daşarda gyz jigim ikimize bile oýnamagy tabşyrdy, ýöne men gulak asmadym. Goňşymyzyň bu pursatdan peýdalanyp, maňa zyýan ýetirmegine özümi günäkär saýýaryn. Şol bolan waka maşgalama-da gaty agyr degdi. Olara gaýgy-hasrat çekdirendigim üçin öz-özümi ýigrenýärin. Men bu duýgym bilen kän göreşmeli bolýaryn».

Eger senem Anita bilen Natali ýaly özüňi günäkärleýän bolsaň, şeýle ýagdaýa öz islegiň bilen düşmändigiňi unutma. Käbir adamlar: «Aý, oglan oglan bolýar-da... Onsoňam, gyzyň özünde-de günä bardyr» diýip, şeýle zalymlygyň üýtgeşik bir erbetligi ýok ýaly edip görkezýärler. Ýöne nähili bolaýanda-da, adam zorlamagy aklap bolmaýar. Eger senem şeýle elhenç zalymlykdan ejir çeken bolsaň, muňa sen günäkär däl.

Elbetde, muňa sen günäkär bolmasaň-da, özüňi günäkärlemek duýgusyny ýeňmek kyn bolmagy mümkin. Käbirleri bolan zatlar üçin özüni günäkärläp, her hili ýaramaz pikirler bilen özlerini gynaýarlar. Ýöne muny hiç kime aýtmasaň, ýagdaýy has-da kynlaşdyrarsyň. Seni zorlan adam bolsa mundan peýdalanar. Şonuň üçin aşakda berilýän maslahata eýer.

BOLAN ÝAGDAÝY GÜRRÜŇ BER

Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaýyň nazarynda dogry adam bolan Eýýup pygamber durmuşynda bolan betbagtçylyklardan ýaňa ejir çekip: «Ajy hasratdan geplärin» diýdi (Eýýup 10:1). Senem bolan ýagdaýy gürrüň berseň, paýhasly bolar. Ynamdar adam bilen gürrüňdeş bolup, içiňi dökseň, ýagdaýa dogry garamaga kömek eder we derdiň biraz ýeňlär.

Bolan zatlary içiňde saklap ýörme. Ýüregiňi dökseň, ýüküň ýeňlär

Anita munuň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bir ýakyn jorama içimi dökdüm, ol hem meni ýaşulularyň ýanyna barmaga höweslendirdi. Men onuň beren maslahatyna gulak asandygyma gaty begenýärin. Ýaşulular meniň bilen birnäçe gezek gürrüňdeş bolup, bolan ýagdaýda hiç hili günämiň ýokdugyny düşündirdiler».

Natali hem bolan zatlary ene-atasyna gürrüň berýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Ejem bilen kakam meni ýürekden goldadylar, menem bolan zatlary açyk gürrüň berip bildim. Bu maňa hasratymy ýeňmäge we öňkim ýaly gaharlanyp ýörmezlige kömek etdi».

Şeýle-de Natali Hudaýa doga edip, teselli tapdy. Ol şeýle diýýär: «Hiç kime ýüregimdäkini aýdyp bilmeýän wagtym Hudaý bilen gürleşmek maňa gaty gowy kömek edýär. Sebäbi dogamda ähli zady açyk aýdyp bilýärin. Bu bolsa kalbyma rahatlyk berýär».

Senem derdiňe şypa tapyp bilersiň (Wagyz kitaby 3:3). Jan saglygyňa seretjek bol, ýaramaz pikirler bilen özüňi gynap ýörme, wagtynda dynjyňy al. Esasanam, bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil bagla (2 Korinfliler 1:3, 4).

EGER HALAŞÝAN BOLSAŇ

Eger halaşýan oglanyň seni ýerliksiz hereketlere iterjek bolsa, oňa çürt-kesik: «Edýäniň näme?! Eliňi çek!» diýmäge ýaýdanma. Halaşýan oglanyňy ýitirerin öýdüp gorkma. Eger ol şu zatlar üçin seni taşlasa, diýmek, ol saňa mynasyp däl. Emma akylly-başly oglan saňa-da, eýerýän prinsipleriňe-de hormat goýar.

AHLAKSYZLYGA ITERJEK BOLANLARYNDA...

«Mekdepde okanymda, oglanlar maňa azar berýärdiler, her hili erbet zatlary aýdyp, ahlaksyzlyk etmegi teklip edýärdiler». Koretta

Seniň pikiriňçe, şol oglanlar...

  1. 1 Degişýärdilermi?

  2. 2 Lak atýardylarmy?

  3. 3 Ahlaksyzlyga iterjek bolýardylarmy?

«Bir gezek awtobusda barýarkam, bir oglan meni gujaklap, hapa zatlary aýdyp başlady. Men ony itekläp, „aýryl“ diýenimde, ol maňa edil däli adama sereden ýaly edip seretdi». Kendis

Seniň pikiriňçe, şol oglan...

  1. 1 Degişdimi?

  2. 2 Lak atdymy?

  3. 3 Ahlaksyzlyga iterjek boldymy?

«Geçen ýyl bir oglan meni gowy görýändigini aýtdy. Men „ýok“ diýsemem, ol yzyma düşüp, hiç günüme goýmady. Käwagt ol meniň elimden tutjak bolýardy. Men oňa „bes et“ diýip näçe aýtsam-da, hiç alaç bolmady. Bir gezek aýakgabymyň bagyny daňyp durkam, ol syrtyma elini degirdi». Betani

Seniň pikiriňçe, şol oglan...

  1. 1 Degişýärdimi?

  2. 2 Lak atýardymy?

  3. 3 Ahlaksyzlyga iterjek bolýardymy?

Hemmesiniň hem 3-nji jogaby dogry.

Ahlaksyzlyga itermek lak atmakdan ýa-da degişmekden nämede tapawutlanýar?

Ahlaksyzlyga iterýän adam diňe öz islegini kanagatlandyrmagyň pikirini edýär. Ol «bes et» diýeniňe asla düşünmeýär.

Muňa sowuk-sala garamaly däl. Sebäbi onuň soňy zorluga eltip biler.