Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY SORAG

Mukaddes Ýazgylar maňa nädip kömek edip biler?

Mukaddes Ýazgylar maňa nädip kömek edip biler?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» (2 Timoteos 3:16). Eger bu sözler dogry bolsa, ondaky maslahatlar saňa gerekli görkezme berip biler.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Deýwid maşynda barýar. Oňa daş-töweregindäki zatlaram, köçeleriň atlaram nätanyş bolup görünýär. Şonda ol azaşandygyny bilip galýar. Deýwid başga ýola sowlan bolmaly.

Eger sen Deýwidiň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Sen şulardan birini saýlap bilersiň:

  1. 1 Birinden soramaly.

  2. 2 Kartadan ýa-da Internetden görmeli.

  3. 3 Ahyrsoňy, barjak ýerime bararyn diýip, ýoluňy dowam etmeli.

Elbetde, üçünji usul saýlamak nädogry bolardy.

Ikinji bolsa birinji usula garanyňda, has dogry. Sebäbi karta-da, Internet-de adama dogry ýoly tapmaga kömek edip bilýär.

Edil şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylar hem saňa kömek edip biler.

Dünýäde giňden ýaýran bu kitap saňa...

  • durmuşdaky kynçylyklara döz gelmäge...

  • özüňi tanap, gowy häsiýetleri öwrenmäge...

  • hakyky bagty tapyp, şatlanyp ýaşamaga kömek eder.

MÖHÜM SORAGLARYŇ JOGABY

Çaga dil açan badyna sorag berip başlaýar.

  • Asman näme üçin gök?

  • Ýyldyzlar nämeden ýasaldy?

Emma ulalanymyzda, bizi has wajyp soraglar biynjalyk edýär.

Mukaddes Ýazgylarda bu soraglara bireýýäm jogap berildi.

Köp adamlar Mukaddes Ýazgylary ertekileriň we rowaýatlaryň ýygyndysy hasaplaýar. Oňa düşünmesi kyn ýa-da könelişen kitapdyr öýdýärler. Dogrudanam, bu şeýlemikä? Belki, adamlar Mukaddes Ýazgylar hakda nädogry zatlary eşidendir?

Meselem, köp adamlar Mukaddes Ýazgylara görä, dünýäniň üstünden Hudaý höküm sürýär diýip pikir edýär. Bu, dogrudanam, şeýlemikä? Ýer ýüzi betbagtçylyklardan, horlukdan, keselçilikden, açlykdan we ölüm-ýitimden doly. Eýsem, söýgüden doly Hudaý şeýle zatlary edermi?

Bu soragyň jogabyny bilesiň gelýärmi? Mukaddes Ýazgylardan dünýäniň üstünden kimiň höküm sürýändigini bilseň, geň galarsyň.

Sen şu broşýurada berilýän maslahatlaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyna üns beren bolsaň gerek. Ýehowanyň Şaýatlary ondaky görkezmeleriň ygtybarlydygyna ynanýarlar. Sebäbi «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek... üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17). Sen bu gadymy, şol sanda döwrebap kitaby öwrenseň, hiç haçan ökünmersiň!