Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI SAPAK

Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy

Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy

Ýehowa bir bag döretdi, ol örän owadandy. Oňa Erem bagy diýilýär. Ol ýerde köp güller, agaçlar we haýwanlar bardy. Soňra Hudaý toprakdan Adam atany ýaratdy. Hudaý onuň burnuna üfledi welin, ýaşap başlady. Ýehowa Adam atany Erem bagyna getirip: «Ähli haýwanlara at dak» diýdi.

Ýehowa Adam ata: «Agaçlaryň hemmesinden iýiber, ýöne bir agajyň miwesinden iýme, iýseň ölersiň» diýdi.

Şondan soň Ýehowa: «Indi Adam ata kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Ýehowa Adam atany ukladýar. Ol uklap ýatyrka bir gapyrgasyny alyp, ondan aýaly ýaradýar. Onuň adyna How ene diýilýär. Şeýdip, olar maşgala bolýar. Adam ata How enäni görüp begenýär. Ol: «Indi men ýeke däl, Ýehowa gapyrgamdan aýal ýaratdy» diýýär.

Ýehowa Adam ata bilen How enä köp çaga ýasap, ýer ýüzüni adamlardan doldurmagy tabşyrdy. Şeýle-de olar bileje işläp, ýer ýüzüni owadan baga öwürmelidi. Ýöne Ýehowanyň aýdyşy ýaly bolmady. Näme üçin? Muny indiki sapakdan bileris.

«Hudaý ilkibaşda erkegi we aýaly ýaratdy» (Matta 19:4).