Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI SAPAK

Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi

Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi

Bir gün How enäniň ýeke özüdi, ýylan gelip onuň bilen gepleşdi. Ol How enä şeýle diýdi: «Hudaý bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» How ene: «Ýok, iýip bilýäris. Diňe birinden iýmeli däl. Ondan iýsek öleris» diýdi. Ýylan bolsa: «Ýok, ölmersiňiz, gaýtam Hudaý ýaly bolarsyňyz» diýdi. Ýylanyň aýdany dogrumy? Ýok, ol ýalan sözledi. How ene-de oňa ynandy. Ol miwä köp seretdi, soňam alyp iýesi geldi. Ilki özi iýdi, soň Adam ata berdi. Adam ata miweden iýse öljegini bilýärdi. Ýöne şonda-da iýdi.

Şol gün Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Miweden näme üçin iýdiňiz?» diýdi. How ene: «Maňa ýylan iýdirdi» diýdi. Adam ata bolsa: «Maňa How ene iýdirdi» diýdi. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň diýenini etmedi. Şonuň üçinem Hudaý olary Erem bagyndan kowdy. Baga girip bilmezler ýaly, gapysynda perişdeler bilen otly gylyç goýdy. Otly gylyç aýlanyp durdy.

How ene bilen ýylan gepleşmedi, sebäbi ýylanlar gepläp bilmeýär. Onuň bilen erbet perişde gepleşdi. Ol How enäni aldamak üçin ýylany gepleýän ýaly etdi. Şol erbet perişdä Şeýtan diýilýär. Ol şu wagtam adamlary aldaýar, erbet işleri etdirýär. Ýehowa ony gelejekde ýok eder.

«Iblis... owal-başdan ganhordy, onda hakykat ýokdur, şonuň üçin hakykat ýolunda durup bilmedi» (Ýahýa 8:44).