Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY SAPAK

Ahyry ogly bolýar

Ahyry ogly bolýar

Ybraýymyň Bibisara öýlenenine köp ýyl bolupdy. Olar Ur şäherindekä owadan uly jaýda ýaşaýardylar. Ýöne indi çadyrda ýaşaýarlar. Bibisara çadyrda ýaşaýanyna gynanmaýardy. Ol Ýehowany gowy görýärdi, hemişe kömek etjegine ynanýardy.

Bibisaranyň çagasy bolmaýardy. Şonuň üçin ol Ybraýyma: «Hyzmatkärim Hajar ikiňiz maňa çaga edip beriň, oňa öz çagam ýaly serederin» diýýär. Şeýdip, Hajaryň ogly bolýar, adyna Ysmaýyl dakýar.

Köp ýyl geçýär, Ybraýym 99, Bibisara bolsa 89 ýaşaýar. Bir gezek olaryň öýüne üç adam gelýär. Ybraýym agajyň aşagynda saçak ýazýar, olar iýip içýär. Bilýäňmi, şol üç adam kim? Olar perişdeler. Perişdeler Ybraýyma: «Indiki ýyl şu wagtlar ogluň bolar» diýýär. Şol wagt Bibisara çadyrdady, olaryň gürrüňini eşidip durdy. Ol içinden: «Meniň ýaly garryja aýalyňam çagasy bolarmy?!» diýip gülýär.

Bir ýyldan perişdeleriň aýdyşy ýaly, Bibisaranyň ogly bolýar. Ybraýym onuň adyna Yshak dakýar. Yshak «gülki» diýmegi aňladýar.

Yshak ulalyp bäş ýaşyna ýetdi. Ysmaýyl Yshagyň üstünden gülýärdi. Bibisara Ysmaýylyň eden işini halamady. Şonuň üçin Ybraýyma: «Hajar bilen Ysmaýyly öýden kow» diýýär. Ybraýymyň olary kowasy gelmedi. Ýöne Ýehowa adamlara Ysmaýyl arkaly däl-de, Yshak arkaly ýagşylyk etjek bolýardy. Şonuň üçinem Ýehowa Yshagy gorady. Ol Ybraýyma: «Bibisaranyň diýenini et, Ysmaýyla özüm kömek ederin» diýýär.

«Bibisara hem iman edendigi üçin... Hudaýyň güýji bilen göwreli boldy, sebäbi ol wada beren Hudaýyň wepalydygyny bilýärdi» (Ýewreýler 11:11).