Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY SAPAK

Duza öwrülen aýal

Duza öwrülen aýal

Lut Ybraýymyň inisi. Olar Kenganda ýaşaýardy. Ybraýym bilen Lutuň köp mallary bardy. Indi olara köp ýer gerekdi. Bir gezek Ybraýym Luta şeýle diýdi: «Biz indi bir ýere sygamyzok, aýratyn ýaşamasak bolmaz. Sen bir tarapa gitseň, men beýleki tarapa giderin. Göwnüňe ýaran ýeri saýla». Ybraýym özüne gowy ýer aljak bolmady, gaýtam ilki Luta saýlatdy.

Şonda Lut daş-töweregine seredip, köp otly we suwly ýeri saýlady. Soňra maşgalasy bilen şol ýere göçdi. Ol Sodom şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi.

Sodom bilen Gomorra şäheriniň adamlary erbetdi. Olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin Ýehowanyň olary ýok edesi geldi. Ýöne Lut bilen maşgalasy ölmez ýaly, Hudaý olaryň ýanyna iki perişdesini iberdi. Perişdeler gelip: «Boluň çaltrak, şäherden çykyň, Ýehowa şäheri ýok etjek bolýar» diýdiler.

Lut bolsa çykman, arkaýyn gezip ýördi. Şonda perişdeler Lutuň, aýalynyň we iki gyzynyň elinden tutup şäherden çykardy. Soňra: «Tizräk gaçyň! Yzyňyza seretmäň, ýogsam ölersiňiz» diýdi.

Olar gaçyp, Sogar şäherine ýetdi. Soňra Ýehowa Sodom bilen Gomorranyň üstüne ot ýagdyrdy. Iki şäher hem ýanyp kül boldy. Lutuň aýaly Ýehowa gulak asman, yzyna seretdi. Ol şol bada duza öwrülip, gatap galdy. Şonda Lut bilen iki gyzy oňa gynandy. Ýöne olar yzyna seretmän halas boldy. Lut bilen iki gyzy Ýehowa gulak asandygyna begendi.

«Lutuň aýalyny ýada salyň» (Luka 17:32).