Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI SAPAK

Ybraýymyň imany synalýar

Ybraýymyň imany synalýar

Ybraýym ogly Yshaga Ýehowany söýmegi, oňa ynanmagy öwretdi. Yshak ulalyp 25 ýaşady. Bir gün Ýehowa Ybraýyma kyn iş tabşyrdy. Bilýäňmi, nähili iş?

Ýehowa oňa: «Ogluňy al-da, Moriýa ýurdundaky daga git. Şol ýerde ony gurban ber» diýdi. Ybraýym Ýehowanyň näme üçin şeýle diýenine düşünmedi. Ýöne şonda-da gulak asdy.

Ybraýym ir bilen turdy. Ol ogluny we iki hyzmatkärini alyp ýola düşdi. Olar üç günläp ýörediler, soňra dagyň ýanyna bardylar. Ybraýym hyzmatkärlerine: «Yshak bilen gurbanlyk berip gelýänçäk, bärde galyň» diýdi. Şeýdip, olar daga çykdylar. Ybraýymyň elinde pyçak bardy, Yshak bolsa odunlary göterip barýardy. Yshak: «Kaka, gurban berjek malymyz nirede?» diýip sorady. Ybraýym: «Oglum, maly Ýehowa berer» diýdi.

Olar daga çykyp, gurbanlyk ojagyny gurdular we üstüne odunlary goýdular. Ybraýym oglunyň el-aýagyny daňyp, odunlaryň üstünde ýatyrdy.

Soňra Ybraýym eline pyçagyny aldy. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi gökden şeýle diýdi: «Ybraýym, dur, ogluňy öldürme. Sen ýekeje ogluňy gurban berjek bolduň. Indi seniň Hudaýa gulak asýandygyňy bildim». Soňra Ybraýym bir goç gördi, onuň şahy agaja çolaşypdyr. Ol derrew oglunyň el-aýagyny çözüp, goçy Hudaýa gurban berdi.

Şondan soň Ýehowa Ybraýyma dostum diýdi. Bilýäňmi, näme üçin? Ybraýym Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asýardy. Hatda bir zady näme üçin etmelidigine düşünmese-de, Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýärdi.

Ýehowa Ybraýyma: «Men saňa ýagşylyk ederin, çagalaryňy köpelderin» diýdi. Diýmek, ol Ybraýymyň çagalary arkaly gowy adamlara ýagşylyk eder.

«Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýahýa 3:16).