Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI SAPAK

Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar

Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar

Ýehowa Ybraýym bilen Yshagy goraýşy ýaly, Ýakuby hem gorady. Ýakup Haran şäherinde ýaşady. Şol ýerde öýlendi, köp çagalary boldy we baýady.

Bir gün Ýehowa Ýakuba: «Indi öýüňe git» diýýär. Ýakubam maşgalasy bilen öýüne tarap ýola düşýär. Ýolda barýarka: «Doganyň ýetip gelýär, ýanynda 400 adam bar» diýip habar berýärler. Ýakup: «Agam meni hem, çagalarymy hem öldürer» diýip gorkýar. Ol Ýehowa: «Meni doganymyň elinden halas et» diýip doga edýär. Ertesi gün Ýakup doganyna köp goýun, geçi, sygyr, düýe we eşek sowgat iberýär.

Şol gün agşam Ýakubyň ýeke özi otyrdy. Birdenem perişde peýda bolýar, ol Ýakup bilen göreşip başlaýar. Olar daň atýança göreşýärler. Perişde Ýakubyň aýagyny agyrdýar, ýöne ol şonda-da göreşýär. Perişde: «Goýber meni, gideýin» diýýär. Ýakup bolsa: «Ýok, ak pata berýänçäň goýbermerin» diýýär.

Şeýdip, perişde Ýakuba ak pata berýär. Şondan soň Ýakup Ýehowanyň Ysawdan gorajagyna ynandy.

Daň atanda, Ýakup Ysawyň 400 adam bilen gelýänini görýär. Ol doganynyň öňünden çykyp, ýedi gezek baş egýär. Ysaw hem ylgap gelip, inisini gujaklaýar. Olar bir-birini gujaklap aglaşýarlar. Şeýdip, iki dogan ýaraşýar. Ýehowa Ýakubyň dogany bilen ýaraşandygyna begendimi?

Şeýlelikde, hersi öz öýüne gitdi. Ýakubyň 12 ogly bardy. Olar Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Dan, Naftaly, Gad, Aşer, Ysahar, Zebulun, Ýusup we Benýamin. Ýehowa Ýakubyň ogly Ýusup arkaly halkyny halas etdi. Ol hakda indiki sapaklarda aýdylýar.

«Duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. Şonda gökdäki Ataňyzyň perzendi bolarsyňyz» (Matta 5:44, 45).