Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI SAPAK

Ýehowa Ýusuby ýeke goýmady

Ýehowa Ýusuby ýeke goýmady

Ýusup türmede otyrdy. Bir gezek Müsüriň patyşasy, ýagny faraon düýş görýär. Düýşüň manysyny hiç kim düşündirip bilmeýär. Bir hyzmatkär: «Ýusup düýşleriň manysyny düşündirip bilýär» diýdi. Faraonam derrew Ýusuby çagyrdy.

Faraon Ýusuba: «Meniň gören düýşüm nämäni aňladýar? Hany, düşündirip bersene» diýdi. Ýusup onuň düýşüni şeýle düşündirdi: «Müsürde ýedi ýyllap ekinler köp hasyl berer. Ýöne şondan soň ýedi ýyl açlyk bolar. Şonuň üçin akylly adamy baştutan belle. Ol açlyk başlanmanka, köp hasyl ýygnasyn». Faraon Ýusuba: «Seni baştutan belleýärin. Müsürde iň uly kömekçim bolarsyň. Hemmeler saňa gulak asar» diýdi. Ýusup faraonyň düýşüniň manysyny nädip bildi? Oňa Ýehowa kömek etdi.

Şeýdip, Ýusup ýedi ýyllap iýer-içer ýaly zat ýygnady. Soňra Ýusubyň aýdyşy ýaly, hemme ýerde açlyk başlady. Başga ýerde ýaşaýan adamlar hem Müsüre iýmit satyn almaga gelýärdi. Ýakup hem Müsürde iýmitiň köpdügini eşidýär. Şonuň üçin on ogluny iýmit satyn almaga iberýär.

Ýusup doganlaryny derrew tanady. Ýöne doganlary ony tanamady. Olar Ýusubyň ýanyna gelen badyna, dyza çöküp baş egdiler. Ýadyňa düşýän bolsa, Ýusup doganlarynyň baş egjekdigini düýşünde görüpdi. Doganlary öň Ýusuby ýigrenýärdi. Olar häzirem Ýusuby ýigrenýärmi? Ýusubyň muny bilesi gelýärdi. Şonuň üçin: «Siz bize ýamanlyk etmäge gelipsiňiz» diýdi. Olar: «Ýok, ýok, iýmit almaga geldik. Biz kenganly, özümizem 12 dogan. Bir jigimiz-ä öldi, iň kiçimiz bolsa kakamyzyň ýanynda galdy» diýdiler. Ýusup: «Baryň, kiçi jigiňizi getiriň, şonda size ynanaryn» diýdi. Olar hem öýüne gitdi.

Biraz wagt geçensoň, olaryň iýmiti gutardy. Ýakup ýene-de ogullaryny Müsüre iberdi. Olar körpe jigisi Benýamini hem alyp gaýtdylar. Ýusup agalaryny barlamak üçin Benýaminiň horjunyna kümüş käsäni bildirmän saldy. Soňra: «Kümüş käsämi ogurlapsyňyz» diýdi. Olar: «Ýok, ýok, biz ogurlamadyk. Horjunymyzy barlap göräýiň» diýdiler. Şonda hyzmatkärler käsäni Benýaminiň horjunyndan tapdylar. Doganlary Benýamini alyp galarlar öýdüp gorkdular. Şonuň üçin Ýusuba: «Benýamini goýber, biz seniň guluň bolaly» diýip ýalbardylar.

Ýusup agalarynyň düzelendigini gördi. Begenjinden ýaňa aglady. Soňra doganlaryna: «Men iniňiz Ýusup. Kakam dirimi?» diýdi. Doganlary gözüni tegeläp, doňup galdylar. Ýusup: «Meni gul edip satanyňyza gynanmaň. Hudaý sizi halas etmek üçin meni şu ýere iberdi. Çaltrak kakamy getiriň» diýdi.

Olar öýüne gelip, kakasyna ähli zady gürrüň berdiler. Soňra Ýakuby Müsüre alyp gaýtdylar. Birnäçe ýyl geçensoň, Ýakup ahyry ogluny gördi.

«Adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz» (Matta 6:15).