Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI SAPAK

Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady

Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady

Ýakubyň maşgalasyna ysraýyllar diýilýärdi. Köp ýyl geçensoň, Ýakup bilen Ýusup aradan çykdy. Müsüriň öňki patyşasy hem öldi. Onuň ýerine başga biri patyşa boldy. Müsüriň patyşasyna faraon diýilýärdi. Faraon ysraýyllar köpelip, ýerlerini alar öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin ysraýyllara kerpiç ýasatdy we agyr işleri etdirdi. Ysraýyllar şonda-da köpelýärdi. Faraonyň gahary gelip: «Ysraýyllaryň ýaňy doglan ogul bäbeklerini öldüriň» diýdi. Ysraýyllar şonda gaty gorkandyr.

Ýokebet atly aýalyň owadanja ogly bolýar. Ol ogluny müsürlilerden goraýar. Ony sebede salyp, Nil derýasynyň gyrasyna eltýär. Soňra şol ýerdäki gamyşlygyň içinde goýup gaýdýar. Oglanjygyň Merýem atly gyz dogany bardy. Merýem gamyşlygyň golaýyna baryp, sebede seredip durýar.

Şol wagt faraonyň gyzy Nil derýasyna suwa düşmäge gelýär. Görse, gamyşlygyň içinde sebet durdy. Sebediň içinde bäbejik aglap ýatyrdy. Onuň çagajyga ýüregi awaýar. Merýem onuň ýanyna baryp: «Size eneke gerekmi?» diýdi. Olam: «Hawa, bar çagyr» diýdi. Merýem gidip ejesini getirdi. Faraonyň gyzy: «Şu çaga seredip beräý, puluny bererin» diýdi. Ýokebet hem ogluny öýüne alyp gaýtdy.

Oglanjyk ulalansoň, Ýokebet ony faraonyň gyzyna eltip berdi. Faraonyň gyzy onuň adyna Musa dakdy. Ony öz ogly ýaly edip ulaltdy. Musa patyşanyň köşgünde ýaşady, onuň islän zady bardy. Ýöne ol özüniň ysraýyllydygyny bilýärdi. Musa hemişe Ýehowa hakda oýlanýardy. Hudaýy begendirip ýaşasy gelýärdi.

Musa 40 ýaşady. Onuň ysraýyllara kömek edesi gelýärdi. Bir gezek ol müsürli adamyň ysraýyllyny urup durandygyny görýär. Musa müsürlini itekläp goýberýär, ol hem ölýär. Soňra hiç kim görmänkä, ony çägä gömýär. Faraon Musanyň eden işini bilip, ony öldürjek bolýar. Ýöne Musa gorkup, Midýan ýurduna gaçyp gidýär. Ýehowa şol ýurtda hem Musanyň aladasyny edýär.

«Musa iman edendigi üçin ulalanda, faraonyň agtygy hökmünde tanalmak islemedi... Hudaýyň halky bilen görgi görenini gowy gördi» (Ýewreýler 11:24, 25).